Geň görme

Bolup ýörşüm, solup ýörşüm geň görme,
Ýagdaýyma agyrmasyn nebsiňem.
Ýaralarňy bitir diýen ýyllaryň,
Başarmady hasratymy egsibem.

Duýmadyk bol, öçmedigni henizler,
Birmahalky ýakyp giden alowyň.
Belki bizem bagtly borduk has öňräk,
Dartan bolsak duýgularyň jylawyn.

Ody alnan göreçlemiň içinden,
Şatlyk gözläp galyp durma azara.
Islesemem, indi ejiz ellermiň
Ysgyny ýok saňa tarap uzara.

Boýun aldym gutaranny bar zadyň,
Öňkim ýaly arzuwçyl däl indi men.
Aklym ýetdi, meňzemeýä bu durmuş
Soňy bagtly kinolarna hindileň.

M.Mätgurbanow
1 лайков 109 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
yusupahmet12
16 июл 2022, 01:49
Gowy goshgy. Ince guygylaryñ tasiri duyulyar.