Stokgolmly goňşymyň balkonynda Güne serilen gadymy türkmen halysy bilen derdinişik söhbeti

STOKGOLMLY GOŇŞYMYŇ BALKONYNDA GÜNE SERILEN GADYMY TÜRKMEN HALYSY BILEN DERDINIŞIK SÖHBETI

Kim seni dokady,
Gör, kim ýuwurdy,
Kim ýumakly iki ýana ýüwürdi?!

Kim keser-synnyňy päki deý çaldy,
Gör, kim seni satdy, kim satyn aldy!

Ýa syrdymy seni meniň törümden
Haýsydyr bir dik oturmyş göründe?!

Yzymda galdyryp dadu-perýadym,
Ötüp dört deňizden, kyrk dört derýadan,

Nädip ýeriň ol ujundan çykdyň sen,
Gör, kimiň töründe dyza çökdüň sen!

Saklap gursagyňda taryhy syry,
Ötürip üstüňden ýüzläp asyry,

Bu gün çykdyň meň öňümden lowurdap,
Arman, indem seň aslyňy ogurlap,

“Parfiýa, Buhar halysy” diýip otyrlar
(Ýesiriň ahmyryn gözden okyrlar).

“Men türkmeniň!” gygyrýar göller, nagyşlar.
Ýöne bu gün türkmen kimi bagyşlar?!

Menimi ýa özünimi, bilemok,
Men bu ýurda höwes edip gelemok.

Aý, on-a, dogrusy, menem diýp bilýän.
Menem seňki ýaly zor bilen gelýän.

Seni keseki güýç ýoluňdan sowdy,
Meni özümiňki it salyp kowdy.

Bu zatlaryň indi bize parhy ýok.
Geçmiş gymmat, gelejegiň nyrhy ýok.

Men dymyp bilemok, sen bolsa gepläp,
Arada hojaýynyň ýygnady epläp.

Hoş, mysapyr ildeş, häzirlikçe bes!
Kim çukurda beýik, kim depede pes.
Kim ýurdunda geda, kim ýat ilde mes.

Şiraly NURMYRADOW

Çeşme: kitapçy
3 лайков 189 просмотров
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
17 июл 2022, 10:34
Saňa minus basamok diņe dizlaýk basýandyryn ;)
#B.S
17 июл 2022, 10:36
Shvetsiya boshpanasi ;)
Ogulşirin Bayramowa
17 июл 2022, 10:36
Hoş, mysapyr ildeş, häzirlikçe bes!
Kim çukurda beýik, kim depede pes.
Kim ýurdunda geda, kim ýat ilde mes


Saul, şahyr!
Hiayress
Автор 17 июл 2022, 10:36
Khanture,
Sen bir Ybraýymyň ýaşyna ýetseňde, täzeden sünnete ýatyrsak seni.
#B.S
17 июл 2022, 10:37
Цитата: Hiayress
Khanture,
Sen bir Ybraýymyň ýaşyna ýetseňde, täzeden sünnete ýatyrsak seni.

maska
Perman Izakow
17 июл 2022, 10:47
"STOKGOLMLY" diymek nameka?!
#B.S
17 июл 2022, 10:52
Цитата: PROLIGA
"STOKGOLMLY" diymek nameka?!

Şwedistan patyşalygynyň paýtagt şäheri Stokgolm.
Pegas
17 июл 2022, 10:53
Цитата: PROLIGA
"STOKGOLMLY" diymek nameka?!

"Şwesiýaň paýtagtynyň ýaşaýjysy" diýmek)
#B.S
17 июл 2022, 10:59
Hiayress,
175 ýaşamdamy? ;)
Perman Izakow
17 июл 2022, 11:06
Khanture! Pegas! Sag bul jogap ucin!
Perman Izakow
17 июл 2022, 11:07
*bolun
Belki
17 июл 2022, 11:22
Goşguñ ideýasy super! Berekella!
“Men türkmeniň!” gygyrýar göller, nagyşlar. - 12 bogun.
Bogna üns berýän adam däl welin,akgynly okalyş ýitipdir şo setirde :(