Goşgular/Altyngözel Annamämmedowa
Beýiklik
Watan — maňa berlen ikinji ömür,
Ýaşap ýörün ýetjek bolup gadyrna —
Doga edip, baky sarsmazlygyna,
Togap edip, beýik-pesli adyrna.
Ornunda hiç zady goýup bolmajak,
Goýnunda mynasyp orun tapanym.
Bilip bolmaz, birden ýitirsem ýadym...
Seni ýadymdan däl, kalpdan taparyn.
Seň adyň dilime gelýär-de durýar,
Ýap boýunda ygşyldanda gamyşlar...
Çagalyk hiç ýatdan çykarylmaýar,
Ýatlamalar özün saňa bagyşlar.
Seň goýnuňda ömrüm ýerine geldi,
Seň goýnuňda pikirlemde eýikdim.
«Göwnüm bir zatlar-a isleýär diýlen»
Sensiň, Watan!
Süňňi doly beýiklik!
Men «Watan» diýýärin
Şulaň jemine
Gözläp oturjak däl meňzetmeleri,
Tapjagam däl täsin sazlamalary.
Sazlama dälmidir şularyň özi —
Adamlaň goýnuňda ýaşan şekilli
ýaşamagy.
Gyşlap, ýazlamalary.
Dawa-jenjelleri düýbünden unda,
Bagta sary ýyllaň ümzügi munda.
Erkinlik şemaly uran demine —
Men «Watan» diýýärin şulaň jemine.
Garaşsyzlyk şöhrat goşan adyna,
Bitaraplyk — üstünlige badalga.
Ýyllar serpaýlydyr şygara görä,
«Bagt» sözi hemmä deňlik adalga.
Dost-doganlyk ýörelgeleri berkän,
Myrada ýetilýär dökülse der kän.
Şöhratly menzilleň ýeten deňine —
Men «Watan» diýýärin şulaň jemine.
Bir gün seň goýnuňdan göçülse ba:ka,
Behişde barylar, çykyp behiştden.
Sende saklar ynsan özün bet işden,
Bakmaz dünýäň dawasyna, şerine —
Men «Watan» diýýärin şulaň jemine.
***
Ýürek gam-gussadan bir dil açmady,
Sessiz gaýtalaýan yşkyň senasyn.
Ne ýakan oduňa bile bişişdiň,
Ne-de meň başyma bolduň pena sen.
Ömre yşkyň ezýetini gatdyryp,
Ýetdim şu günlere degilmän deme.
Sataşanym, soň bolsa tutaşanym,
Kalbymda ýaşaýaň diňe sen, diňe.
Ýaňy bolup geçen ýaly zatlary,
Ýatlasaň däl, ýatlamasaň ýetikdir.
Seni söýüp kör bolmandyr gözlerim,
Paýhas elegimiň gözi bitipdir.
Söýgimi aýap sakla!
Duýgularym gören ýaly başyna,
Gezdim derdim özgelerden ýaşyra,
Awy däl-de, bal gat yşkyň aşyna,
Adymy gursagyň çuňuna dak-da,
Söýgimi aýap sakla!
Tötänlik däl — duýgularmyň şärigi,
Wah, söý meni, söýüşiň deý käriňi,
Idäp dur käteler umydygäriňi,
Jaňa ýetişmeseň, sms at-da,
Söýgimi aýap sakla!
Pikirlen, gülmese gözlem bakaňda,
Belki, söýgiň ejizdir meň çakymdan,
Sözleň bilen dillerimi sakyndyr,
Dert däl, demiň bilen kalbymy ýak-da,
Söýgimi aýap sakla!
Bilseň, aramyzda bolmasyn hiçlik,
Gündiz ýanymda bol, ýadymda — giçlik,
Bilýäňmi, täsirin geçirýän işlik —
onuň täsirini kalbyňa sap-da —
SÖÝGIMI aýap sakla!
Watan — maňa berlen ikinji ömür,
Ýaşap ýörün ýetjek bolup gadyrna —
Doga edip, baky sarsmazlygyna,
Togap edip, beýik-pesli adyrna.
Ornunda hiç zady goýup bolmajak,
Goýnunda mynasyp orun tapanym.
Bilip bolmaz, birden ýitirsem ýadym...
Seni ýadymdan däl, kalpdan taparyn.
Seň adyň dilime gelýär-de durýar,
Ýap boýunda ygşyldanda gamyşlar...
Çagalyk hiç ýatdan çykarylmaýar,
Ýatlamalar özün saňa bagyşlar.
Seň goýnuňda ömrüm ýerine geldi,
Seň goýnuňda pikirlemde eýikdim.
«Göwnüm bir zatlar-a isleýär diýlen»
Sensiň, Watan!
Süňňi doly beýiklik!
Men «Watan» diýýärin
Şulaň jemine
Gözläp oturjak däl meňzetmeleri,
Tapjagam däl täsin sazlamalary.
Sazlama dälmidir şularyň özi —
Adamlaň goýnuňda ýaşan şekilli
ýaşamagy.
Gyşlap, ýazlamalary.
Dawa-jenjelleri düýbünden unda,
Bagta sary ýyllaň ümzügi munda.
Erkinlik şemaly uran demine —
Men «Watan» diýýärin şulaň jemine.
Garaşsyzlyk şöhrat goşan adyna,
Bitaraplyk — üstünlige badalga.
Ýyllar serpaýlydyr şygara görä,
«Bagt» sözi hemmä deňlik adalga.
Dost-doganlyk ýörelgeleri berkän,
Myrada ýetilýär dökülse der kän.
Şöhratly menzilleň ýeten deňine —
Men «Watan» diýýärin şulaň jemine.
Bir gün seň goýnuňdan göçülse ba:ka,
Behişde barylar, çykyp behiştden.
Sende saklar ynsan özün bet işden,
Bakmaz dünýäň dawasyna, şerine —
Men «Watan» diýýärin şulaň jemine.
***
Ýürek gam-gussadan bir dil açmady,
Sessiz gaýtalaýan yşkyň senasyn.
Ne ýakan oduňa bile bişişdiň,
Ne-de meň başyma bolduň pena sen.
Ömre yşkyň ezýetini gatdyryp,
Ýetdim şu günlere degilmän deme.
Sataşanym, soň bolsa tutaşanym,
Kalbymda ýaşaýaň diňe sen, diňe.
Ýaňy bolup geçen ýaly zatlary,
Ýatlasaň däl, ýatlamasaň ýetikdir.
Seni söýüp kör bolmandyr gözlerim,
Paýhas elegimiň gözi bitipdir.
Söýgimi aýap sakla!
Duýgularym gören ýaly başyna,
Gezdim derdim özgelerden ýaşyra,
Awy däl-de, bal gat yşkyň aşyna,
Adymy gursagyň çuňuna dak-da,
Söýgimi aýap sakla!
Tötänlik däl — duýgularmyň şärigi,
Wah, söý meni, söýüşiň deý käriňi,
Idäp dur käteler umydygäriňi,
Jaňa ýetişmeseň, sms at-da,
Söýgimi aýap sakla!
Pikirlen, gülmese gözlem bakaňda,
Belki, söýgiň ejizdir meň çakymdan,
Sözleň bilen dillerimi sakyndyr,
Dert däl, demiň bilen kalbymy ýak-da,
Söýgimi aýap sakla!
Bilseň, aramyzda bolmasyn hiçlik,
Gündiz ýanymda bol, ýadymda — giçlik,
Bilýäňmi, täsirin geçirýän işlik —
onuň täsirini kalbyňa sap-da —
SÖÝGIMI aýap sakla!
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.