Bayrondan

Ýatlama

Gutardy! Hemmesin düýşümde görýän,
Geljegiň Güneşi öçdi bireýýäm.
Bagtly günler geçip gidensoň deňden,
Gyşyň sowuk ýellerinde titreýän.

Durmuşyň manysy bolupdyr tamam,
Söýgi, Ynam, Şatlyk — bary hoşlaşyk,
Maňa bir galan zat — diňe ýatlamam,
Onam gidenlere bilsemdim goşup.


Aýralyk

Gözýaş bilen ümsümlikde,
Çat açypdy göwünler,
Hem-de ikimiz şo pursat
Aýra düşdük ömürlik.

Ýaňaklaň duw ak bolup,
Posaňdanam sowukdy.
Sagatlar gynanjyny
Bildirmäge howlukdy.

Säheriň çyg damjasy —
Maňlaýymyň derleri.
Ah, näme duýýanymy,
Şu wagt bir bilsediň.

Puç bolan wadalaryň,
Unudylar çalaja.
Seniň masgaralygyň,
Paýlaşýarys bileje.

Adyň seniň gulagma,
Örän ýakymsyz bir jaň.
Titräberýän, nämüçin,
Beýle mährem bolduňkaň?

Eger içgin aýdaýsam,
Uzak gussa çekerin.
Seni tanaýanymy,
Iller bilenok eken.

Gizlinlikde duşuşyp,
Sessiz dilindi jiger.
Akylyň seni aldap,
Ýüregiň undup biler.

Nädip şunça ýyldan soň,
Ykbal duşuran güni.
Ezýet çekmän, gynanman,
Garşylarkam men seni?!

Iňlis dilinden terjime eden: Bägül ATAÝEWA.

Çeşme: Biznes Reklama 18iýul2022
2 лайков 117 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ötegçi
Автор 18 июл 2022, 08:59
Remembrance

«Tis done!» — I saw it in my dreams,
No more with Hope the future beams
My days of happiness are few:
Chill’d by Misfortune’s wintry blast
My dawn of Life is evercast
Love, Hope, and Joy alike adieu
Would I could add Remembrance?
Ötegçi
Автор 18 июл 2022, 09:00
When we two parted

When we two parted
In silence and tears
Half broken hearted
To sever for years

Pale grew thy cheek and cold
Colder thy kiss
Tryly that hour foretold
Sorrow to this

The Dew of the morning
Sunk chill on my brow
I felt like the warning
Of what I feel now

Thy vows are all broken
And light is thy fame
I hear thy name spoken
And share in its shame

Thy name thee before me
A knell to mine ear
A shudder comes o’er me
Why wert thou so dear?

They know not I knew thee
Who knew thee too well
Long, long shall I rul thee
Too deeply to tell

In secret we met
In silence I grieve
That thy heart could forget
Thy spirit deceive

If I should meet thee
After Lory years
How should I greet thee
With silence and tears?