Iki reňk

Ak zatlarda ýagşylygyň yzy bar
Şony mydam ýagşa ýorýar - bu göwün
Gara bolsa ýamanlygyň ysy bar
Iki reňkiň arasynda - bu ömür

Ak säherde örýäň, göwnüň şadyýan
Ak säherleň saýasynda - bu döwür
Gara gijä ýetýäň, göwnüň ýadaýar
Iki reňkiň arasynda - bu ömür

Ýöne käte ynsanýetem ýalňyşýar
Agyň içindäki garany görmän...
Garanyň içiniň agyny dörmän...
Gözde däl-de, pikirlerde ýalňyş bar
Ak bolmaga dyrjaş, bolmagyn kemter!
Garany gözleme, adamlar sürter!
Gowluk artdyr, şeri kemelt, hemem ýon!
Iki dünýäň üçin diňlegin böwür...
Gerekçilik ýok, bolma sen hamelýon!
Iki reňkiň arasynda - bu ömür...


Ylham GURBANALYÝEW
2 лайков 94 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Telwas
18 июл 2022, 11:42
Ýagşy, ýaman bar bolsa ýagşydyr.
Parahatçylyk, uruş bar bolsa parahatçylykdyr. Ak hem gara bardygy üçin akdyr.
Etmeli zadymyz, şol iki reňkiň nämedigni görmek we üýtgemek.

Ynsanyň ýüregi nähili bolsa, dünýä-de şeýle. Edil duýuşyňyz ýaly.
Dünýädäki ähli sözler we manylar kirlenipdir. Şol sözleri bir tarapdan tämizläp, bir tarapdanam täzeden many bermeli, söýgi bilen ýuwup, ýüregimize salmaly. Ýogsa söýgüsiz kabul edilen her söz, pikir, düşünje “bizi” bulanyk eder we biz “özümiz” bolmarys.

Ynsan pikirlerinde “dowzahynam, jennedinem” döredýär.

Goşgularyňyzdaky pikirler gowy. Ýazyberseňiz kämilleşersiňiz. ÜSTÜNLIK!
Venus
Автор 19 июл 2022, 01:27
Nirvana,
Dogry aýtýaňyz. Minnetdar, sagboluň!