"Tapyşyk"


“Tapyşyk”

Goşun bölüminden Enäň adyna
Habar geldi: “Ogluň dereksiz ýitdi..!
Ene diýdi: “O nähili dreksiz?
Gidend-ä ol derek tutjak ýigitdi!..”

Ötdi urşuň gutaranna ençe ýyl,
Derek tapylmady oglundan onuň.
Garaşdy ogluna Ene şonça ýyl..
Bir gün ýola saldy bir körpe oglun

Nowbaharyň söweş guran ýerlerne
Hem garaşdy derek bilip gelerne.

Aýlandy inisi gözläp agasyn,
Berýozalaň, sosnalaryň arasyn,
Agasyndan ýaşy uly inisi
Köp ýer gezdi,
Sökdi ili-ulusy

Ýekän-ýekän barlap gubur arasyn,
Idäp
ahyr…
zordan tapdy agasyn –
Doganlyk mazardan tapdy agasyn..
Tapdy…
Indi begensinmi?
Aglasyn?!


Kasym Nurbadow
1 лайков 121 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.