Ýap-ýaňydy

ÝAP-ÝAÑYDY...

Ýap-ýañydy mahmal howañdan sorup,
"Salam, Baky, salam!" diýip duranym.
Ýap-ýañydy köçelerñe ser salyp,
Meñ ilkinji gezek gadam uranym.
"Salam, Baku, salam!" diýip duranym.

Eýýäm myhmanlygym çykypdyr ýatdan,
Seniñ bilen kemsiz öwrenşipdirin.
Ýakynlyk syzýaryn her duşan zatdan,
Öñden tanyş ýaly her baran ýerim,
Seniñ bilen kemsiz öwrenşipdirin.

Bu gün señ göwsüñde toýdur-şagalañ,
Şahyrlarna alkyş aýdýar halaýyk.
Okalan, okalýan täsin şygyrlañ,
Pel-pelläp asmanda gaýyp ýör, gaýyp.
Şahyrlarna alkyş aýdýar halaýyk.

Guwanyp toýuña hem-de kesbiñe
Aýaklarym degmese-de ýere meñ.
Bir seredýän señ ajaýyp keşbiñe,
Bir-de uçup ýören goşgulara men.
Aýaklarym degmese-de ýere meñ.

Sizi bir-birekden seljermek çetin,
Ýa sen şygra meñzeş, ýa şygyr saña.
Aýdym bilen beslenipsiñ büs-bütin,
Heý-de bir buýsanman bolarmy muña.
Ýa sen şygra meñzeş, ýa şygyr saña.

Şol meñzeşlik bilen galýañ serimde,
Belki, şoñ üçinem ezizsiñ, eziz.
Çünki, şygryñ şalyk sürýän ýerinde
Men özümi myhman duýamok heniz.
Belki, şoñ üçinem ezizsiñ, eziz.

Dostluk sözün eşidýän her duş gelenden
Köne dost dek mährem her bir görenim.
Ýogsam ýap-ýañydy señ köçeleñden
Meñ ilkinji gezek gadam uranym,
"Salam, Baku, salam!" diýip duranym.

Italmaz NURYÝEW
5 лайков 112 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
yusupahmet12
21 июл 2022, 16:48
Rus dilini gowy bilýäniňiz bar bolsa şu goşgyny terjime edäýseňiz gowy bolardy. Sözme~söz terjime bolsa has hem oňat.