20 ýyl aýlaw
Mekdebi tamamlanymyza 20-ýyl bolanyndan soň biziň klasymyz ilkinji gezek duşuşuk gurnamagy nýet etdi. Oglanlaryň we gyzlaryň barsy diýen ýaly geldi. Dogrysy meň pikirime görä meň klasdaşlarym maňa aýtman özleri duşuşup ýören ýalydy, ýöne görüp otursam beýle däl eken. Biziň "B" klasymyz ömründe birinji gezek ýygnanýardy. 20 ýyldan soň köne tanyşlaryňa başga göz bilen seretmek gyzyklydy. Dogrusy maňa ähli kişilerden beter, Muhammet atly oglan gyzyklydy. Sebäbi Muhammede wagt diýen zat hiç hili täsir etmändi. Ol hemişekileri ýaly sada-dy, geýnişi hem sadady, özüni alyp barşy hem sadady. Sorag bermeseň artykmaç hiç zat gürlänokdy. Klasdaşlaryň içinde Muhammet ählimizden öň namaz okamagy başlapdy, ählimizden öň diýen ýaly öýlendi. Şol döwürler Muhammede biziň gözümiz bilen seredeňde, dünýäň hezilinden galýan samsyjak oglan ýaly bolup görünýärdi. Bu dünýede Muhammede hiç zat gyzykly däldi. Şol oglanyň ýekeje gezek gyza seredeni hem ýadymda ýok. Biz ýaly adamyň gözi bilen seretseň manysyz ýaşap ýören adam ýalydy. Men welin oň tersine, mydama bir zat bilen gyzyklanýan, öz kelläme hemişe täze informasyýa ýükleýän, dini kitaplary köp okaýan, durmuşda bir zada ymtylýan. Meň gözüm bilen seretseň Muhammet ýöne bir ýuwan adamdy. Ýöne wagtyň geçmegi bilen men bir zada berk düşündim. Meň durmuşda gören ähli zatlarym, ähli kellämden geçen kitaplar, başymdan inen betbagytçylyklaryň barsy, meni iň soňunda Muhammet ýaly oglana öwürmeli eken. Men Muhammetden 20 ýyl yza galýan. Men 20 ýyllap bir ýerlerde azaşdym we ine ine dogry ýoly gözläp tapjak bolýan. Belki men Muhammetden köp bilýändirin? Belki maňa dünýäň köp syralary açylandyr? Ýöne ýer ýüzüniň ähli ylymyny bir adamda ýygnasaň hem, şol ylym diňe Hudaýyň bardygyna ynanmaga kömek etmeli. Ýer ýüzüniň ähli kitaplary, diňe Kerimi Kurany okaňda ýeňil kabul eder ýaly hyzmat etmeli. Ýer ýüzüniň çeper edebiýatynyň başga hiç hili bähbidi ýok. Kagyz sahypalardan informasyýana ormaga öwrenşmedik adama, bir bada Kerimi Kurany okamak kyn düşýär. Adam eli bilen ýazylan her bir kitap, islese islemese Kerimi Kurana hyzmat edýär. Iň bolmanda adamlarda okamaga höwes döredýär. Ylym bilen çenden aşa gyzyklanmagyň iň soňky hasyly hem, bu dünýäni Allahyň dolandyrýandygyna 100% göz ýetirmek. Men bir ädimlik ýoly 20 ýyllap geçdim, kimdir biri bolsa bir ädim ätdi we köprüden geçdi. Ýöne zyýany ýok, Magtymguly atamyzyň aýdyşy ýaly ol köprüni 1000 ýyllap geçýänler hem barmyşyn. Ähli ýollar iň soňunda bir ýerik alyp barýar, emma ýollaryň uzynlygy dürli dürli.
(C) Rahman Zülfikarow
(C) Rahman Zülfikarow
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.