Alesdir (hekaýa)
Hekaýa we oň gahrymanlary tutuşlaýyn oýlanyp tapylan we real durmuşdaky gabat gelmeleriň barsy, ýöne bir tötänlik.
Alesdir angliýalydy, ol biziň edaramyzda bir aýa golaý zähmet çekipdi. Ol ýörüte enjamlary montaž edýärdi. Edil biz ýaly irden işe gelýärdi we edil biz ýaly giçlik işden gaýdýardy. Ol öz watanynda wäşidi, ýa-da döwrebap dil bilen aýdaňda komikdi. Ol iňlis dilinde bir zatlar gürrüň berýärdi, meň başlygym bolsa, bize terjime edýärdi. Alesdir özüniň musulmançylygy kabul edendigini aýdypdy. Biziň kärhanamyza, ýewropa ýurtlaryndan köp hünärmenler gelýärdi, ýöne olaryň içinden hiç biri bize Alesdir ýaly ýakynlaşmandy. Dogrysy gelenleriň içinden, ýeketäk angliýaly Alesdirdi. Galanlaryň içinde fransuzlar, polýaklar, germanlar we çehlar hem bardy. Olaryň barsy, seslerini çykarman, öz işlerini edýärdiler, biz olara diňe gaýnan suw berýärdik, başga zat olara gerek däldi. Ýanlary bilen getiren kofýalaryny gaýnan suwa ezip, öz buter-brodlaryny iýýärdiler we uzakly gün diýen ýaly işleýärdiler. Ýöne Alesdir näme üçindir beýle däldi, meň başlygymyň aýtmagyna görä, angliçanlaryň barsy diýen ýaly şolar ýalydy. Olar adamlary gowy görýärler, mydama şadyýan we degişgen.
Alesdir maňlaýy çüwüp Türkmenistana düşeni üçin, biziň ýerlerimizdäki gudratly zatlary göresi gelýärdi. Dogrusy bir zat görmäge isleg bildiren ýeketäk myhman şol boldy. Biz ony "Garagumyň ýüregine" alyp gitdik, daşary ýurtlar ol ýerik "Dowzagyň derwezeleri" diýýän ekenler. Köw-Ata ýerasty kölüne we başga ýerlere aýladyk. Şoňa meňzeş ýerleriň birinden gelýän wagtymyz bolsa, biz öwülýalaryň birine sowuldyk, dileg etmäne. Biz şol wagt 5 sany oglandyk, laýyk bir maşynyň ekipažy. Öwülýa jaý öwülýasydy, ol ýerik diňe jaýsyz kösenýänler gelýärdi. Şol döwür biziň barymyz hem şeýledik. Biziň näme edýänimizi Alesdira biziň başlygymyz terjime edip berdi, dogrysy biziň başlygymyz musulman däldi, ýöne ol hem jaý üçin öz dininden çykmaga kaýyldy. Biziň näme üçin bu ýerik gelenimize düşünip, Alesdiriň gözleri tegelendi.
—Ýörüte sosial gulluklara ýüz tutup görmediňizmi, siziň ýurdyňyzyň syýasy gurluşyna men düşünemok, ýöne resmi taýdan bir çykalga bolmala—Alesdir öz dilinde sorady.
—Ýok, ýüz tutmalaryň hiç biri işlänok. —Biz ýylgyryp jogap berdik, başlygmyz bolsa terjime etdi.
Biz dogrydan hem ähli ýere ýüz tutup görüpdik, häkimlik, öz iş edaramyz we başga ýerler. Iň soňunda Ol Dünýäň derwezelerini kakyp başlapdyk.
—A bu ýatandan haýyşt etseň netije barmy? —Alesdir gabyra barmagyny uzadyp sorady. Elbetde oň sözlerini bize başlygymyz terjime edýärdi.
—Hawa, bir mahal ýogalan adamdan kömek çalt geler, emma gelmeli ýerden hiç mahalam gelmez, —diýip biz jogap berdik.
Alesdir diňe gözlerini tegeledi. Elbetde ol diýseň geň galypdy. Daşary ýurtlyň gözi bilen seretseň ýagdaý diýseň geňdi. Resmi edaralaryň kömeginden beter, merhum ýatandan geljek kömek has hakykata ýakyn görünýärdi.
©Rahman Zulfikarow

8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.