Wagt bilen gelin

..Şol diýip
Ýüz ýigit düşüpdi yşka,
Gyz bolsa birine beripdi göwün.
Toýda
Tutuş oba gülüpdi... Ýöne
Togsan dokuz ýigit
Aglapdam şo gün...

Şeýdip oba gyzy bolupdy gelin...
...Gelinlik has beter artdyrdy görkün.
Goşa egni göýä terezi kimin
Üstünde deň saklap gözellik ýükün,

Görk bilen Akyly ölçeýän ýaly
Des-deň bolup durdy (Kän-kän eginler
Taý getirip bilmän şol iki ýüki,
Ýeňil tarapyna bökýar kä günler).

Ýaşyl ketenili dim-dik eginler,
Keteniň üstünden gögerçin gyňaç –
Şowurdap işikden toýa geçende,
Eneler diýerdi: «Şuň ýaly agaç,
Gök ýaprakly agaç, saýaly agaç
Meniň balama-da salsyn-da saýa!»
Ol bolsa ýuwaşja ýylgyrýandyr-da,
Uz basyp barýandyr
Toý tutýan jaýa.

«Öwülýän-ow»... diýip gark bolmaz oýa.
Gümradyr öz küýi, öz işi bilen.
(Oň bilen müň kişi gümradyr welin,
Ol gümradyr diňe
Bir kişi bilen...)

Biri iliň-günüň alkyşy bilen
Garramajak bolsa, şol sona gelin
Garramaly däldi. Emma elli güýz
Oňa elli ýerden urupdyr elin.

Kakypdyr ýapragyn, döküpdir gülün.
Diňe gözlerinden çen etdim gelni.
...Seniň häsiýetiňe belet men, Wagt,
Ýöne Senden bir zat sorasym geldi:

Teý bolmanda,
Käte,
Şuň ýaly gelni
Gorap bileňokmy ýel-guzdan, posdan?
Näme üçin Saňa Gözellik bolsun,
Ha Bedroýlyk bolsun – hemmesi des-deň?

– Des-deň däldir!
(Güňlenç seslendi Wagt):
Men hem Gözelligiň aşygy, ogul.
Ýöne... borjum şeýle...
Wagtyň gözünden
Ýere tütäp gaçdy bir tokga nogul.
Ýalançy nogulmy?
Ýa çynçy nogul?
Çynçy! Ýalançy zat tütärmi eýsem.
...Sen hem-ä talaýaň,
hemem lowlaýaň...
Jellatmyň, şahyrmyň –
Aýtsana, kim Sen?

Kerim Gurbannepesow
4 лайков 143 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
23 июл 2022, 11:57
Kerim aga goşgusynda sužeti üýtgeşik alyp gidýär, göräýmäne ýönekeýje zat ýaly bolsa-da çuňlaşdyryp tasa getirýär.