Owadanlyk we edep
Owadan gelinler! Siz hakda şu gün
Bir goşgy ýazmagy küýsedi ýürek.
Owadan siz. Ýöne owadanlygñyz
Size ýeñil düşýän däl bolsa gerek.
Akylla-da mydam-
Owadan gerek.
Samsyga-da mydam
Owadan gerek.
Köçeden uz ýöräp bir gelin barýa,
Elinde almaly, käşirli sebet.
Akyllam gaňrylyp, yzyna garýar,
Sam.syklaram diýýär: «Seret-de seretl»
Bir yigit gygyrýar: «Aý, Meret, Meret,
Wah, wah, seret, gara gözlerine seret!»
Elbetde, seretmek gadagan zat däl
Ýöne beýdip geçi ýaly çekremek
Nämäñe gerek!
Hanha bir gapdalda ýene bir kelpeñ
Gyzyldan dişini güjeňlän bolup,
Jikjeren bolup dur. Gelin uýalýar.
Gaşlar aşak inýär misli bir bulut.
Bulut al ýañaga kölege salyp.
Lemmer-lemmer bolup,
ýagjak, ýagjak, ýagjak.
Bolýar-da, saklanýar. Ýagaýañda-da
Ol kelpeñ ne-hä bir ýaganňa degjek,
Ne damanňa degjek.. Gelin düşünýär.
Gyzaran ýañagna eltýär-de elin,
Ýaşyl ýeñi bilen bägül ýüzüni
Ýaprakly üzüm dek
Gizleyär gelin.
..Kioskyň ýanynda saklanýar gelin.
Elinde almaly, käşirli sebet.
Ýene-de beýleden kilçerýär biri:
Eset, Mämmet, onuň saçlaryna seret!
Gelin bir üm bilen,
birje söz bilen
Kösseklap biljekdi kelpeňleň dilin
Emma beýtmedi ol. Beýtmekçem däldi.
Bägül dek paşyrdap barýardy gelin.
Öz iş derdi bilen gümrady gelin.
Soñabaka çykdy ne gülki, ne gep.
..Şeýdip biedeplik diýilýän zady
Käte (geplemän hem!)
Sem edýar Edep.
Kerim Gurbannepesow
Bir goşgy ýazmagy küýsedi ýürek.
Owadan siz. Ýöne owadanlygñyz
Size ýeñil düşýän däl bolsa gerek.
Akylla-da mydam-
Owadan gerek.
Samsyga-da mydam
Owadan gerek.
Köçeden uz ýöräp bir gelin barýa,
Elinde almaly, käşirli sebet.
Akyllam gaňrylyp, yzyna garýar,
Sam.syklaram diýýär: «Seret-de seretl»
Bir yigit gygyrýar: «Aý, Meret, Meret,
Wah, wah, seret, gara gözlerine seret!»
Elbetde, seretmek gadagan zat däl
Ýöne beýdip geçi ýaly çekremek
Nämäñe gerek!
Hanha bir gapdalda ýene bir kelpeñ
Gyzyldan dişini güjeňlän bolup,
Jikjeren bolup dur. Gelin uýalýar.
Gaşlar aşak inýär misli bir bulut.
Bulut al ýañaga kölege salyp.
Lemmer-lemmer bolup,
ýagjak, ýagjak, ýagjak.
Bolýar-da, saklanýar. Ýagaýañda-da
Ol kelpeñ ne-hä bir ýaganňa degjek,
Ne damanňa degjek.. Gelin düşünýär.
Gyzaran ýañagna eltýär-de elin,
Ýaşyl ýeñi bilen bägül ýüzüni
Ýaprakly üzüm dek
Gizleyär gelin.
..Kioskyň ýanynda saklanýar gelin.
Elinde almaly, käşirli sebet.
Ýene-de beýleden kilçerýär biri:
Eset, Mämmet, onuň saçlaryna seret!
Gelin bir üm bilen,
birje söz bilen
Kösseklap biljekdi kelpeňleň dilin
Emma beýtmedi ol. Beýtmekçem däldi.
Bägül dek paşyrdap barýardy gelin.
Öz iş derdi bilen gümrady gelin.
Soñabaka çykdy ne gülki, ne gep.
..Şeýdip biedeplik diýilýän zady
Käte (geplemän hem!)
Sem edýar Edep.
Kerim Gurbannepesow
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.