O dünýäden gelen hat / Ikinji hat

O DÜNÝÄDEN GELEN HAT.

Ikinji hat.

Eziz doganym Slepen!
Sen bilýäňmi, haçanda biz ýerde ýöreýärkäk, men sadadym. Men geçip islendik ýerde ýatyp bilýärdim. Özüňe berilen zatlara ähmiýetsizlik bildirmek az sanly adamlaryň artykmaçlygydyr.
Ýadyňa düşýärmi, eziz Slepen, biziň kellämizede gelmeýärdi ahyry, aňyrda, ýerde, haýsydir bir zatdan ýüz döndürmegiň mümkindigi!
Men ýadan ýerimde uklap bilýärdim: öýde ýa-da myhmanhanada, düşegimde ýa-da agaç tagtaň üstünde, düzlükde ýa-da baýyrlykda. Hem-de türmede-de. Men nirede gabat gelse ýazyp bilýärdim: kafeda ýa-da öýde, ofis stolynda ýa-da dyzymyň üstünde...
Düşündirip bolmaýan edähetleri bolan adamlar bar. Men bar'da erkekpisint häsiýeti bolan bir gyzy bilýärdim. Bir sapar artykmaçrak içip, ol gözlerini ýaşdan dolduryp maňa: "Men ömürboýy ýekeje zady arzuw etdim, oglanlardan kimdir biriniň maňa gül getirip bermegini! Men köp sowgatlary aldym, pullary, ýöne hiçkim hiç haçan maňa ýekeje gwozdika bolsa-da sowgat getirip bermedi!" diýip boýnuna aldy.
Ýene-de bir adamy bilýärdim, ol kaşaň myhmanhanada ýelekli düşekde gijesini ötürip, ertesi güni düşeginiň oňaýsyzlygy üçin gowy ukysyny alyp bilmändigini aýdyp zeýrenerdi. Mendagyn hindi pukarasy ýaly çüýler çüýlenen agaç tagtasynyň üstünde-de ýatyp bilýärdim ahyry.
Meni hemişe öz gylyklarynyň guly bolan adamlar geň galdyrýardy. Günleriň bir güni men dostum bilen teatrda boldum. Birden hereketleriň arasynda ol maňa:
- Gideli derrew!
- Näme boldy? - gorkdym men.
Görüp otursak oň içi bozulypdyr. Oňa öz öýüne gitmek zerurlygy ýüze çykypdyr, sebäbi ol illeriň hajathanasyny çydap bilmeýär eken. Ine gijäniň ýary biz taksida atylyp barýarys, sebäbi oňa öwrenşikli bolan zadyny bermelidi!...
Hawa, eziz Slepen, biziň dünýä şeýleräk gurnalan, nämeler bolmaýar bu ýerde!
A biz? Biz hiç zady alada etmedik, biz kasmetikada düşünmeýädik, otagada, kwartirada, Allanyň bize ugradan gyzlarynada. Şonuň üçinem men, meni bu gabyra ýatyranlarynda-da garşylyk görkezip durmadym. Ol maňa aşagy salkyn, ýumşak düşek bolup göründi. Men her bir ýalňyzlykdan erkin dem alýaryn...
Meň ýerim o derejede erbet hem däl eken, ýöne diňe aşakdan haýsy hem bolsa gaty bir zat: daş ýa-da agajyň köki meniň arkama çümýärdi.
Men ýerimi üýtgetmek isledim, ýöne aşakdan duýdansyz bir ses:
- Gymyldama!
Men öwrüldim we aşagymda ýene bir ölüniň ýatanyny gördüm.
- A sen nireden çykdyň? - soradym men.
- Saňa näme? Bu ýeri meň gabyrym! - hümürdedi ol.
- O nähili akylym? Bu ýerde meni jaýladylar ahyry.
- A meni iki sagat öňje jaýladylar. Şonuň üçinem karar bermek meň tarapymda.
- Eger şeýle bolsa, onda näme üçin meni bu ýere salanlarynda garşylyk görkezmediň?
- Men nädip gygyryp bilerdim, eger-de men öli bolsam! Meni iňsoň eşitmezdiler. Görüberis, sen nähili gygyrýanyňy, eger-de seň üstüňe ýene birini goýanlarynda.
- Meň üstümede ýene birini goýarlarmy?
- Kim bilýär, belki ikisini goýarlar! Meň aşagymda-da ýatyrlar.
- Bolup bilmez! Näme üçin biziň barymyzy bir gabyra topladylarka?
- Örän aňsat, şu wagt öwlüýädäki ýeri diňe gara bazarda satyn alyp bolýar!
Mazarlar bilen spekulýasi edýän adamlar bar, bir ýeri birnäçe ölä satýarlar. Şonuň üçinem biz bu ýerde biri-birimiziň üstümizde ýatýarys. Şikaýet hem edip bilmeýäs. A biziň ýakynlarymyz bolsa, biziň halymyzdan habarlary ýok. Şonuň üçinem hemme zat düşnükli, görüp otur häzir, öwlüýä bütin şäheri özüne sygdyrar. Dirilere ýer gaýgyka, onsoň kim ölüleriň aladasyny eder öýdýäň!
Zalym ykbal meni yzarlaýardy. Ertesi gün meň üstüme erkek adamy jaýladylar, segsen dört ýaşly ýaşulyny!
Ol: - Bu biziň maşgala mazarymyz, gumuňyzy çekiň şu ýerden - diýip arlaýardy.
Ýerdekägä bizi öý eýeleri kowýarlardy, a ýeriň aşagynda bolsa, maşgala mazarynyň eýeleri. Allah, Allah!
Men seni örän göresim gelýär, eziz Slepen. A sen meni göresiň geldimi? Galata köprüsiniň aşagyndaky pontonlary ýuwýan, altyň şahyň gök-ýaşyl suwlaryna salam aýt... Ýene-de Eminenu meýdançasyna çykýan Enijami arkasynyň aşagyndan geçeniňde meni ýatla. Oň aşagy elmydam salkyn şemallydy. Men diňe şol ýerde özümi erkin duýýardym. Men döşümi salkyn şemala gerip, hereketsiz durýardym.
Haçanda biz dirikäk biz bilmeýärdik, nämäniň erkinlikdigini, ol hakda diňe biz kitaplarda okaýardyk. Ýöne haçanda Enijami arkasynyň aşagynda meň döşümi salkyn şemal sypanda, men pikir edýärdim, erkinlik, belki-de, şuňa çalymdaş salkynlykdyr diýip. Ol ýerde köp aglaýardylar... Ýöne şemal çalt göz ýaşlaryňy siňdirýärdi we hiçkim seniň aglanyňy bilmeýärdi!
Men zalymlara çümýän zäherli iňňäňi öpýärin.
Seň doganyň
Öli Eşek.


Eziz Nesin
1 лайков 144 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Dowsypat
24 июл 2022, 21:59
O dünýäden gelen hat / Ikinji hat

Bäh...Gel diýip gyssap durlarmy?!
Soho
24 июл 2022, 22:15
mbah, yzy barmy?
Hiayress
Автор 24 июл 2022, 23:32
Soho,
Hawa, ýene biri bar. (Ors dilde word fili hem bar gerek diýseň)