O dünýäden gelen hat
O DÜNÝÄDEN GELEN HAT
Birinji hat.
Eziz doganym Slepen!
Meni, iň bolman öli halymada günüme goýanoklar. "Bes ediň, meni çaltyrak jaýlaň!" diýip gygyraýasyň gelýär. Ýöne men gygyryp bilemok, şonuň üçin hem hiç kim meni eşidenok, men lal-jim.
Men ýalylar morgda köp. Käbirleri yzarlaryndan gelip jaýlarlaryna garaşsa, beýlekiler anatomiki teatra göterilerine, üçinjileri bolsa haçan özlerini tanarlaryna garaşýarlar. Bu ölileriň içinde üç sanysy ünsümi çekdi. Birinji dynuwsyz gülýär, ikinji elmydam aglaýar, üçinji bolsa mydama çuňňur oýda.
Men dynuwsyz gülýäniň ýanyna bardym.
- Bagyşlarsyňyz merhemetli jenap merhum. Aýtsaňyzla siz näme üçin dynuwsyz gülýärsiňiz?
Eziz doganym Slepen, hakykatdan hem haçanda öli gülse gorkunç bolýar gerek? Sen göz öňüňe getirip gör, mysal üçin öli, aýdaly seň garyndaşyň ýa-da dostuň gülmekden ýaňa gözleri ýaşarsa nähili bolar?
Merhum, elleri bilen garnyny tutup ha-ha-haýlap, tow alýan maşyn ýaly gürläp bilmez dereje demigip güldi. Gözlerinden ýaş damjalary syrygdy we seýrek bolsa-da arasynda "Waý, Hudaýjan, indi çydamok, häzir gülmekden ýaňa bar aklymy ýitirýän!" diýip seslenýärdi.
Aklyndan azaşan merhumy göz öňüne getiriň!
Şonda-da gülküsiniň arasyndan ol maňa başdan geçiren wakasyny gürrüň berdi:
- Göräýmäne gülkünç hiç zat ýok ýaly. Ölmezimiň öň ýany agşam aýalym bilen teatra gitdim. Ol: "Teatra gideli! Komediýa! Şatlanarys!" diýip öňden bäri haýyş edýärdi. Menem komediýa iki bilet satyn aldym.
Biz şäher teatryna gitdik we tuty serpilen badyna gülmäne başladyk. Gyzykly pýesa boldy. Şeýle bir gülkünçdi weli, biz tas gülmekden ýaňa jan beripdik. Ýöne bizden başga zalda hiç kimiň gülmeýäni örän geňdi. Tersine, köpüsi aglaýardy. Üçinji hereketiň ortalaryna çenli heziller edip güldük, galanlar bolsa gözýaş döküp agladylar.
Ine-de birden bir tomaşaçy maňa ýüzlenýär:
"Jenap, haýyş edýärin, köşeşiň"
Şu ýerde-de meň aýalym atylyp turdy:
"Näme üçin biz öz pulumyza gülmeli dälmişik? Biz bahasyny töledik ahyry".
"Gülmek üçinem komediýa geldik" diýip, men aýalymy goldadym.
"Nähili komediýa!... Bu drama ahyry!"
Biz: "Komediýa", olar: "Drama" diýip tassyklady.
Bize: "Tentekler!...", biz olara: "Siz tentekler! Komediýada oturyňda hezil edip gülüňdä!" diýip gygyryşdyk.
Emin bolmak üçin afişa gözümi aýladym. Afişa "dramady".
Men ýalňyşlykda drama bilet satyn alypdyryn. Biz bolsak aýalym bilen özümizi gülmäne borçly hasap edýärdik.
Şu ýerde teatr tankytçysy dawamyza goşuldy.
Ol: "Siziň ikiňizem hakly" diýdi. Siz pul tölediňizde indem çykdaýjyňyzy haklamak üçin şatlanasyňyz gelýär. Siz muny haçanda bilet satyn alan badyňyza karar berdiňiz. Emma bu göz ýaş dökýän tomaşaçylar hem sahna pul töläp geldiler we olar hem özleriniň çykdaýjylaryny haklaslary gelýär. Olar hem öňünden aglamagy özlerine karar berdiler. Siziň gülmegiňiz, olaryň aglamagy sahnada bolup geçýän zada asla dahyly ýok. Eger-de hiç zat görkezilmedik bolsalar hem, eger tuty goýberilip we çalaja şemala yrgyldan bolsa-da, onda sizä gülmekden ýaňa ýarylara gelerdiňiz, olaram aglamakdan ýaňa gözleriniň ýaşyny süpürerdiler. Näme üçin biziň komediýa goýýan awtorlarymyzyň sahnasynda bolanlar: "Men tentek, üç sagatlap içgysgynç dymyk zalda oturdym" diýýär, a adamdan hyryn-dykyn zalda ýürekgyýyjy dramada görkezilip durka welin gülmekden ýaňa gözleri ýaşdan dolýar? Meň bilesim gelýär, kimdir biri biziň komediýagrafymyzyň goýan sahnasyna, eger-de bilediň puluny oýnuň başlamazyndan öň däl-de, soň tölemeli bolan bolsa gülerdimi!"
- Düşünýäňmi indi men näme üçin gülýän? - gülküsine bogularyrak "Waý, ölýän häzir!" diýip merhum gürrüňini gutardy. Şu adamlar dinduk! Şu wagta çenli şol gülkünç komediýadan saplanyp bilmeýärin. Ha-ha! Hi-hi! Ho-ho!
Soňra men elmydam aglaýan merhum bilen söhbetdeş boldum.
- Maňa düşnükli, siziň näme üçin aglaýanyňyz! - diýip gürrüňe başladym men. - Megerem, ölmeziňiziň öň ýany sizem drama tomaşa edmek isläp, komediýa düşensiňiz...
- Siz bilmediňiz - diýip ol ulydan demini alyp, gözüniň ýaşyny süpürip, burnuny çekip, jogap berdi. - Men ömrümde "Dogry ýol" gazetiniň okyjysydym. Bir gezek ol gazetde "Beýik ýitgi" diýen makalany ýerleşdirdiler, örän möhüm we örän sylanýan kimdir bir atly abraýly adamyň ölümine bagyşlanan. Ömrümde şondan ýürekgyýyjy, gynandyryjy hiç zat okamandym. Her bir sözi gözüňi ýaş siline bogýardy. "Siz baky", "Adamzat sizi we siziň bize eden hyzmatlaryňyzy hiç wagt ýadyndan çykarmaz" diýen ýaly tolgundyryjy jümleler merhumyň şanyna aýdylýardy. Makalany soňuna çenli okap, men gazetiň redaksiýasyna eňdim, ýaňky žurnalisti tapdymda aýtdym oňa:
- Eger-de men, maňa ölümimden soň şeýle epitafiýany bagş etjeklerini bilen bolsam, men şu wagtyň özünde şu ýerde ölmäne razy bolardym.
"Ol hakynda alada etmäň. Beýle jümleleri her kimede düzüp bolar, diňe hemme zat näçe tölejeginize bagly!"
Men oňa näçe islesede, şonçada töledim.
Merhumyň gözi aglamakdan ýaňa çişdi we gyzyldy. Men ony köşeşdirmäne synanyşdym.
- Men nädip aglamaýyn - aýtdy ol, - ine men öldümemda, ýöne ýaňky žurnalist men barada kelam agyz söz ýazmady. Bu örän kemsindiriji....
- Ol merhum kimdi?
- Bilemok - gözýaşlaryny ýuwdunyp merhum jogap berdi - Men oň bilen tanyş däl... Ýöne nekrologyny şeýle duýgulandyryjy ýazypdyrlar...
- Indi näme üçin aglaýaňyz, iňsoň öldüňiz ahyry!
- Men näme üçin aglamaly dälmiş? Pul töledim, a men hakda bolsa gazetde bir sözem çap bolmady. Intägem "Dogry ýoldaky" şol makala ýadymdan çykanok. Sähel ýatlasamam - özümi gözýaşa siline aldyrýaryn.
Ahyrsoňy oýa batyp oturan üçinji merhumyň ýanyna bardym.
- Bagyşlaň - ýüzlendim men oňa, - men şu ýere gelenim bäri siz nämedir bir zat hakynda oýlanýaňyz. Maňa sizi beýle oýa batyran zadyň nämedigi gyzykly?
- Men özümiň adammy ýa-da däldigimi anyklap bilemok.
- Elbetde siz adam! Muňa nädip şübhelenip bolar ahyryn!
- Men hem şeýledir diýip pikir edýärdim. Ýöne hiç kime subut edip bilmedim. Ine diňläň. Bu ýerde biz näçe gygyrsagam, bagyrsagam, aňyrda adamlar, ýerde, biziň nalalarymyzy eşitmezler we düşünmezler, sebäbi biziň seslerimiz öli, sözlerimiz öli! Diriler ölüleriň diline düşünmeýär. Ýöne ýer ýüzünde dirileriň dirilere düşünmeýän halatlaryda bolýar. Käbirleri gygyrýar, bagyrýar, nala çekýär, ýöne olaryň sesleri dirilere ýetmeýär! Olaryň ýaşaýanlary, ýaşamaýanlary näbelli, olar bizden hiç parh etmeýärler. Bu nälet siňen durmuşda olary adaty günler adam hasabynda-da görmeýärler. Olar bilen haçanda raýatlyk borçlaryny ýerine ýetirmeli bolanlarynda, ilat ýazuwynda, saýlaw kompaniýasynda, salgyt tölemeli bolanda, goşun gullugyna çagyrlanda gyzyklanyp başlaýarlar. Dünýäde özlerine buýsanç bilen "Hawa, men adam..." diýip biljek kişi köpmi eýse? Durmuşymyzda hemme zatlar şertli. Adam bolmak üçin adam ýaly ýaşamaly, özüňi adam ýaly duýmaly. Men nirede bolsam-da maňa hernä "Sen nä adammy?" diýen şekilde garadylar. Men bolsa bu soragy hiç jogaplap bilmedim, sebäbi men ömrümde köp işledim, durmuşymy dolandyrmana çalyşdym we adammy, däldigim hakynda pikirlenmäne bolsa wagtym bolmady. Hudaýa şükür, indi öldim we ömrümde adam bolanlygym ýa-da bolmandygym hakynda näçe islesem pikirlenmäne wagtym bar.
- Munça oýlanmalardan soň, jogabyny tapdyňyzmy?
- Ýok, intäk bu hakynda pikirlenmegimi dowam edýärin. Eger-de men adam bolan bolsam we adam ýaly ýaşan bolsam, onda meň daşymy gurşaýanlar meň sesimi eşiderdiler. Şol bir wagtyň özünde men adam bolmadyk bolsam, onda her dürli borçlary, salgyt tölemek, saýlaw, dürli jogapkärçilikleri ýerine ýetirmegimi talap edmezdiler. Merhumy diňläp özümem oýa batdym. Biz ömrümizde sesimizi başgalara eşitdirip bilmeýän jandarlara degişli. Biziň aýtýan aýdymlarymyz sessiz. Ine şeýleräk eziz doganym Slepen! Meň pikirimçe senem bu haty oka biraz oýlanarsyň. Belki-de sen drama bilet satyn alyp gülmegiň hem ahmal, sebäbi sen sarplan çykdaýjyňy ýerine salýarsyň. Belki-de tanamaýan biri kişiňiň ölümine bagyşlanyp ýazylan gynançly nekrology okap gözüňden ýaşlary akdyrarsyň. Maňa görübilmezçilik edenlere meň ölenligi habar et, goý olar ahyry şatlansynlar.
Bagt we saglyk arzuw edýärin.
Seň doganyň.
Öli Eşek.

9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.