Gyz göwni (hekaýa)
Ol eline alyp gelen düwünçegini hasyr-husur çözmäge oturdy. Düwünçegiň içindäki egin-eşiklerdir şaý-sepleri elläp, birlaý gözden geçirdi. Birdenem tarsa ýerinden turup, işigi içinden ildirdi. Penjiräniň tutularyny ýapyp, daşardan içeri görünmez ýaly etdi. Gözedürtme garaňky bolan içerini ýagtyltmak üçin çyrany ýakdy. Düwünçekden çykaran egin-eşiklerinden geýnibilenini geýnip, şaý-seplerden dakynybilenini dakynyp, boýdan-başa bir gyldan bezenmek bilen gümra bolan gyz ýanaşyk otagdan girilýän işigi içinden ildirmegi unudandyryn hem öýtmedi. Gyz altyn suwy berlen bileziklerdir kökenli ýüzükleri gysymyna gysyp, uz ýöräp, seýkin basyp aýnanyň öňüne bardy. Boýy bilen boýdaş bolup duran aýnada öz keşbine syn etdi. Gül-gülälegiň ysy gelip duran gülgüne keteni köýnek, tolkun atyp ýatan maýsalygy ýadyňa salýan ýalpyldawuk daraýy don, biri-birinden beter bulduraşyp, birenaýy owaz edýän çaprazçaňňalardyr öňapbasylar, çürbaşy tawus ýelekden otagaly gupbadan asylyp, tokmak ýaly gara saçlary uzboýuna yzarlap, ýere ýetmäge owsun atyşyp, düňňürdeşýän düwmeleriň jadyly owazy arzuwçyl gyzyň juwan kalbyny gozgalaňa saldy... Ol özüni Akýabyň ýaýbaň güzeriniň gaýrasyndaky gojaman tuduň saýasyndadyryn öýtdi.
— Wi-iý, bu oglanyň ýetişiklidigini. Sen haçan geldiň bu ýere.
— Häliden durun-a, janym!
— Men seni kän garaşdyrdymmy?
— Men garyp seniň didaryňy birje gezek görmek üçin galan ömrümi garaşyp geçirmäge-de kaýyl-la.
— Mergen oglan mydama öz keýiginiň gözleginde diýsene?! — diýip, gözlerini güldürip, aşygyna nazar aýlady. Ýigit eliniň aýasyny gözlerine kölegeledip durşuna:
— Eý-ho! Keýik, men seni birbada tanamajak boldum. Gözden-dilden goraýanyň özi gorawersin-dä, hernä. Tüweleme, saňa geýen lybasyň gelşip dur. Keýik, dogrymy aýtsam, seniň gül jemalyň, ajap katdy-kamatyň lybasa gelşik berip dur.
— Wi-iý, bu oglanyň aýdýanyny. Juda beýle-de däldir-le.
— Keýik! Sen meniň ýürek aýdymymy birje gezek diňläp görsediň!
Gözelleriň şasy, heý
Barça gyzdan görmegeý.
Öňde-soňda seniň deý
Dünýä gelgeý, gelmegeý.
Ýarymyň waspyn etsem,
Aýdym aýtsam sen hakda.
Arzym aýtsam — diňleseň,
Arman galmaz gursakda.
— Aý, oglan, aýdýanyň näme? Aýdanyňy diňlemejek bolsak, gelermidik şu ýerlere, mergen oglan! Indi özüň diňle, Keýik gyzyň jogabyny!
Neçüýn ýygralyk edýäň,
Halymy duýup, oglan.
Senden öň sözüm diýsem,
Bolmazmy aýp, oglan.
Ýigitleriň içinde
Baryndan beýik oglan.
Mergenligiň çyn bolsa,
Ynha men — Keýik, oglan.
Göwnüň näme diýýänin
Gözlemden bilen, oglan.
Haçan gyssaň mäşäni
Awlygyň bolam, oglan.
Magşuk gyzyň jogabyndan göwni galkynan ýigit şu pursatda göwnüne galyp bolan sözleri dile getirdi.
— Keýik! Eger, garşy bolmasaň, mende şeýle bir teklip bar.
— O nä teklipmiş, aýdyber!
— Menem toýumyzda geýmek üçin taýýarlap goýan eşiklerimi geýeýin. Başyma ak şempa telpek geýip, aýagyma gara ädigimi çekeýin, ak atlazdan tikilen ezýaka köýnegimiň üstünden gyrmyzy donumy geýeýin, bilime tirme guşak guşanyp, seniň bilen bileje durup, ömrümiziň şu pursadyndan ýadygärlik bolar ýaly surata düşeli.
Gyz bu söze allaniçiksi boldy. Gaýra-gaýra çekildi. Soňam gyz buýsanjaňlygyna arkalanyp çürt-kesik:
— Ýog-eý, Hudaý saklasyn! Daş edewersin, il-gün näme diýer?! — diýip, nagt jogap berse-de, berdi welin, öte geçenine ökündi.
— Golaý durasyň gelip, ýüregiň üzülip barsa-da, birbada badymy almaň bar-da, Keýik jan.
— Bolmaz, oglan, aýp bolar. Duluňa geçirýänçäň, diliňe gelenini diýibermeli däldir. Ulugyz halyma beýdip ýörsem, dogan duýsa kiçelmezmi? Duşman duýsa goçalmazmy? Aý, oglan! Onsoňam: "Sabyrly gul dura-bara şat bolar", " Bisabyr gul tiz ýolugar belaga" diýenlerini eşitmänmidiň, aý oglan?!
— Beýdip muşakgat ýagdyryp durma-da, "bolýa" diýäýsene — diýip, ýigit elinden tutmakçy bolanynda, gyz özüni göýä idenekledilip alnyp barylýan ýaly:
— Ýüz berilse, ýüzin düşüberme, bolşuň şu bolsa, gaýdyp şu ýerlerde garamy görmän geçäýseň gerek. Uzadanyň bilen eliň ýetmez, çekil gaýrarak — diýip, tez maral dek tisginende, sarsgyna gozganyp düňňürdeşen düwmeleriň sesine "oýanan" gyz bu wakanyň täsirinden aýňalyp bilmän, esli salym aňk bolup durdy. "Gözüni açyp" görse, bu duran ýeri hälki aýnaň öňi eken...
Gyz bu duşuşygyň öz hyýalynda boluo geçendigini hakydasynda aýlap, özüni dürsedi. Nazaryny bir nokada dikip oturyşyna, öz ýürek urgusyna diň saldy, içini gepletdi: "Be-e, men haçana çenli beýdip seniň bilen hyýalymda gaýybana duşuşyp ýörmeli bolarkam?! Aý oglan, men seniň bilen şeýdip ýekeje gezek duşuşyp gören bolsadym?! Onda men seniň beýdip " badyňy alyp" durmazdym. Boz maral deý bökjekläp, baryp gujagyňa dolardym. Senem meni bagryňa basardyň... Ýok, Hudaý saklawersin, daş edewersin. Men nämeler samrap durun?! Keýik! Sen akylyňa aýlan! Söýgiňe erkiňi aldyryp, däliräp ýören-ä dälsiň-dä hernä? Duýgularyňa erk edip bilmeseň, o nähili bolar? Il içinde ýüzügara bolarsyň. Toba et! "Aýal adam — uýal adam" diýipdirler. Sen ähli gyzdan görmegeý bolşuň ýaly, ähli gyza nusgalyk görelde hem bolmalysyň. Söýmek, gowy görüşmek aýyp däl, ýöne bu ýolda edebiňi saklamazlyk, kanagatsyz bolmak ulugyz üçin hem aýypdyr, hem kemakyllykdyr. Saňa ýalňyşmak bolmaýar. Ho-ol gün işden gelýärkäň, Mergen öňüňden çykyp, "Söz aýdyp" söýgüsini syzdyryp özelenende: "Aý oglan, ýerden ýeke çykan dälsiň-ä. Ataň-eneňi öýümize iber. Ejem-kakamy yrybilseň, men-ä garşy däl" diýip, şol sözleri ýüzüňe "çarh çekip" aýdanyňda injigiň saňňyldap, utanjyňdan ýaňa tas ýere giripdiň. Besdir şol. Beýdip ölüp-öçüp barar ýaly, häli ärsiz galyp barýaňmy? Masgara..."
Içgepletmeler şu ýere ýetende, hälki içinden ildirmän galan işik açylyp, onuň aňyrsynda ejesiniň durandygyny gördi. Ol gyzynyň bolup durşuna haýran galyp, agzyny açyp aňalyp, ýoňsuz salym durdy, soňam ýakasyna tüýkürip:
— Toba, estapyrylla! A gy-yz, bolup durşuň dagy näteňet? Nä hyýala münüp ýörsüň, sypaty gurmuş? Ýagşy-da bir gelşigiňe gelipsiň-dä, bir kemiňem şody-da. Munça bolanyna görä, şo mysalaň bilen obaň içinden okkessirme-de geçip gel! Şeýdip, metgi-masgara bolup köçä çykyp özüňi ile tanadaýmasaň, il seniň kimdigiňi tanaýanam däldir... Wa-ah, men azaby reýganyň muňa: "Eýle bolmagyn, beýle bolmagyn" diýip gulagyndan-gulpagyndan çekipler, bagrymdan syzdyryplar aýdanlarym, sargan sargytlarym bu ütülip ölmüşiň gulagynyň ýele ýanyndanam geçmän oguşýa?! Wa-ah, belanyň körügi munuň kakasynda-la. Aýny bolmasa: "Meniň gyzym pylandyr, meniň gyzym pismidandyr" diýen bolup, hil bir gyzy bar ýaly, elmydama gapdalymdan çykyp, bu eýgörmüşiň arkasyny alýar.
— Eje! Deň-duş gyzlar bilen şunuň ýaly geýip, üýşüp surata düşmeşek etdiler. Surata düşmänkäm, öýde bir gezek geýnip göräýeýin diýdim-dä. Näme aýby bar munuň?
— Wa-ah, ja-an gyzym! O egniňdäkiler käbir elinden işgelmez, parh bilmezleriň prokada alyp geýýän ortak soýkalary ahyry. Muny senden ozal kimleriň geýip, kimleriň çykaranyny, haýsy erkegiň sypap, haýsy nämähremiň mähriniň siňendigini sen näbilýäň? Nädip endamyňa rowa göreniňe men haýran! Käşgä özüňe biçilip, özüň tikinip geýen bolsaň, başga gep. Elleriňi aýy çeýnemiş, kakaň beri işden gelsin bakaly! Ýagşyja ýüzüňden sypar ýaly ederin.
— Geýilmänler geçse bolmaýarmy şu artyp galan?! Ja-an eje! Men kakamyň gözüne nädip görnerin?!
Eneli-gyzyň arasyndaky bu gürrüňi tötänden ýanaşyk otagdan düýpki öz otagyna geçip barýarka eşiden Aşyr mugallym gyzynyň ejesine özelenipler ýalbarmasyna dözmän, olaryň gürrüňine goşulanyny özi-de duýmady.
— A-haw, enesi! Boldy et indi. Besdir. Gyzyň öz eden hatasyna bireýýäm düşünipdir. Indikisine sapak bolar. Hudaýa şükür, Keýik jan elinden iş gelmän duran gyz däl. Ýa tapar-tapmazam däl. Bir aýtdyň bes. Indi özi biçinerem, tikinerem, geýerem. Beýdip ol görgülini dar gysaja gabap, gyssap durma! Gapyny daşyndan ýap-da, aladaň bilen bol!
— Nagyşlary dagy näteňet, it otlan ýaly, her ýerden bir sanjylan. Utanmadyňmy, bisyrat, uýalmadyňmy? Men seni kepek iýdiribem-ä ulaltmadym!
— Bolýar eje, indi gaýtalamaryn.
Gyzynyň saklanybilmän möňňürip goýberenini gören ene birneme gowşady.
— Masgara bolmajak bolsaň, işigi içinden ildirip çalşyrynarlar — diýdi-de, işigi bat bilen daşyndan ýapdy.
Keýik ejesi gidensoň, işigi içinden mäkäm ildirip, egnindäkileri ýeke-ýekeden aýyrmaga durdy. Eşigini çalşyrynyp, düwünçegi öňküsi ýaly edip düwinçä birneme köşeşdi. Ol öňündäki düwünçegiň üstüne ellerini goýup, "gol gowşuryp" oturyşyna ýap-ýaňyja bolup geçen ahwalaty täzeden aňynda aýlamaga hyýallandy. Şol demde niredendir bir ýerden "zompa çykan" Mergen onuň gapdaljygynda peýda boldy:
— Keýik! Sen hatda gaharlanan wagtyňam, aglan wagtyňam şeýlebir owadan, şeýlebir owadan! Şeýle-de bolsa, men seni gaşyň çytyk halda däl-de, gül-gül açylyp, enaýyja ýylgyryp duran pursadyňda göresim gelýär, Keýik! Sen gam çekme, men hökman ejemi size ibererin. Seniň ýaly gyzy kemala getiren aýal bihal aýal bolmaly däl. Ejelerimiz bize dogry düşünerler. Biz birek-biregi tüýs ýürekden gowy görýäris ahyry. Enşalla, biz bagtly bolarys!
— Agzyňdan Alla jan eşidip, perişdeler "Omyn" diýsin, Mergen! Aý oglan, bu düwünçegi şu günüň özünde alan ýerime elinje eltip gaýdaryn. Indiki bazar güni öz dokan halylarymdan birki sanysyny satdyryp pullanaryn. Gerekli matalary, şaý-sepleri Akbazardan silkip-silkip saýlap alaryn. Elime alan işimi şeýlebir sünnälärin, göreniň gözi ganmaz ýaly ederin. Seni-de gözden salmaryn. Görkli gaýmalar gaýap, başyňa jambörük tikerin. Ýakasyna ýaraşykly nagyşlaryň naýbaşysyny nagyşlap, ak atlazdan ezýaka köýnek tikerin. Gyrmyzy don bilen gyýma jalbaryňy hem özüm tikerin. Sen diňe başyňa geýjek telpegiň bilen aýagyňa geýjek ädigiňi özüň geýip alsaň bolany. Aý oglan, Mergen! Sen meniň bäş-üç sany halymy satdyranym üçin, halylarym azalar öýtme! Öz ellerim bilen dokan halylarym öýüňe ikigat düşesegem ýeter. Üçünji gat edip seniň oturjak ýeriňe düşemek üçin niýetläp dokan halymy sen görsediň! Oňa salan nagyşlarymy hiç gyza göçürtmän, pynhan saklap otyryn. Eşidýäňmi, oglan! Ýaňky bolan wakada ejemiň aýdanam, kakamyň aýdanam dogry! Olaryň aýdanlaryndan çyksam, gözümiň ýagşylyk ýüzüni görmejegine aklym ýetip dur. Senem ataň-eneň aýdanlary bilen bolgun, oglan, bolýarmy?! Ata-enesini ynjydan kişi o dünýe, bu dünýe ýalkanmazmyş. Sen bu zatlary nikartlap aýtmanymda-da bilýänsiň-le. Göwnümdäkini saňa aýtman, kime aýdaýyn, aý oglan, Mergen!
Gyzyň göwünýüwürtmeleri şu ýere ýetende, ýanaşyk otagdan girilýän gapy çalaja tyrkyldap, basdaş jigisi Owlagyň sesi eşidildi:
— Keýik! Gapyny aç, ýöne özüň daş çykma!
— Hä, näme bar?
— Gapyny aç, onsoň aýdaýyn.
Gapy açylandan, içerik kürsäp giren Owlak gören-eşidenlerini aýtmaga howlukdy:
— Ho-ol, ilerki köçede ýaşaýan uzy-yn oglan bar-a, kimdir-ä şol oglanyň ady? Hä, indi ýadyma düşdi, Mergen. Ana, şol oglanyň ejesi bilen kakasy bize seniň üçin gudaçylyga geldiler.
Bu hoş habary eşiden Keýigiň göwni guş bolup uçdy. Begenjinden Owlagy bagryna basyp, göterip daşyndan pyrlaberesi geldi. Birdenem: "Hi-iý, toba!" diýip, özüni ele aldy. Gaşyny bürüşdirip, syr bildirmezlige çalyşdy. Hiç zatdan habarsyz kişi bolan bolup:
— Näme gürrüň edýänlerini assyrynlyk bilen diňleseň bolmaýarmy? — diýdi.
— Gapy diňlemekden Hudaý saklasyn! Olary çaý-çörek eltenimde eşidenlerimem ýeterlik-le. Many-many gep tapyp oturyşlaryna seretseň-ä, olar entek-entekler turarly däl. Bir ýyly söz eşitmedik bolsalar, olar bireýýäm turup giderdiler. Çakym çak bolsa, sen ýene öňkiň ýaly kesirligiňi edip, bir depen ýeriňi depip durmasaň, biziňkiler-ä olar bilen guda bolmaga garşy däl ýaly.
— Bolaýypdyr-da. Bir kemimem şol göhertdi-dä. Obada iň uzyn oglany özlerine giýew edinip näme oňa güzer boýlatmakçymykalar?!
— Ýakaňy tut, toba et! Beýdip her gelenden bir kem tapan bolup, geleni yzyna gaýtardyp oturyşyňa, bir belanyň üstünden baraýma! Beýdip, geleni kowduryp otursaň, ahyry bir gün bir berebekgeýe duçar bolarsyň. "Är dannan daga çykar, il dannan düze çykar" diýipdirler. Şol oglanyň saýhally ýöreýşi-de bir ýigide degýär. Gollary gujurly, "Baran işin bitiren, giden ýerinden getiren" diýilýänlerden şol oglan.
— Beýle akyllysyrap, şol ziňňirt uzyn pyýadany öwüp arşa çykarýaň welin, sen öz öňüň açylaryna howlugýan bolaýma?! Onsoňam, getirýän habaryň şu bolsa, garaňy saýla şu ýerden basym!
Keýigiň häsiýetine ozaldan belet Owlak onuň aýdanlaryny göwnüne-de alman:
— Biziň-kä, näme, doganlyk maslahatymyzy bermek. Diýenimizi diňlemeseň, bileniňden galma — diýip, hüňürdäp otagdan çykmak bilen boldy.
Owlak giden badyna, Keýik işigi jarkyldadyp ýapdy-da, içinden ildirdi. Kalby begençden püre-pür bolan gyz neden "Ur-ra" diýip gygyrypdy. Iki eli bilen agzyny mäkäm tutup durşuna, ýene aýnanyň öňüne bardy. Boýy bilen des-deň bolup duran aýnanyň ýüzüniň ýarysynda özi durup, beýleki ýarpy ýüzünde Mergene durar ýaly ýer goýup, göýä ýanynda Mergen bar ýaly gül-gül açylyp, müň dürli näz bilen oňa habar gatdy.
— Aý oglan, Mergen! Seniň öz Keýigiňe eýe çykjagyň çynyň-ow! Goý, seniň aýdanyň bolsun! Meniňem gara çynym, oglan! Dileglerimi duşuran Alla jandan aýlanaýyn! — diýdi-de, penjiräniň öňüne bardy. Tutynyň çetjagazyny çalaja galdyryp, daşaryk seretdi.
Gudaçylyga gelen ýerlerinden aýaklary ýeňil gopup, ökjeleri ýere degmän barýan geljekki gaýynlaryny gören gyz olaryň yzyndan: "Oň bolsun!" diýip, çalaja pyşyrdady.
Atajan Muhammetgurbanow.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.