Ömürjik... /hekaýa

...Hemişekilerinden ir oýandy. Töweregi üçin, ony tanaýanlar üçin geňlikdi. Ol bu gün gerinmedi hem. Toýa, özem öz toýuna taýynlyk görýän ýalydy bolşy. Hemişe bulam-bujar edip turup gidýärdi, a bu gün emaý bilen, usullyk bilen, juda tertiplilik bilen ýorgan-düşegini ýygnady. Indi bir aýdyr, ýatanda gapdalynda saklaýan gülgüne gyz ýaglygyny üýtgeşik bir mähir bilen sypady. Birenaýy ýylgyrdy. Bu ýylgyryşda kän-kän ýatlamalaryň, kän-kän arzuw-hyýallaryň ýatandygyny bilmek üçin oňa azajyk beletlilik ýeterlikdi. Beýleräginde ýatan portfelini eline aldy. Ony açyp, kimdir birleriniň suratlaryny çykardy. Gözüniň alnynda, ine, birnäçe adamyň keşbi dur suratlara siňen. Her suraty eline alanda ýüzünde üp-üýtgeşik duýgular peýda boldy. Hem ýylgyrdy, hem bozuldy. Içinde, ho-ol içiniň bir künjeginde düşündirip bolmaýan titremeler döredi. Galpyldady... Birdenem hasyr-husur suratlary ýygnady-da, adaty däl hereketleri bilen mübtela boldy. Otagyndaky çalam-çaş bolup ýatan eşiklerini tertipläp başlady. Asgyçdan asmalylaryny asdy, epläp goýmalylaryny epledi. Ýöne, näme üçindir, ýuwmalylaryna, ütüklemelilerine üns bermedi. Olary hem edil bolmaly ýerlerindäki ýaly ýerlerde ýerleşdirdi. Eline bir ýazylyp gutarylmadyk ýandepderçäni aldy. Agdaryşdyrdy. Käbir sahypalarda ýylgyrdy, käbir sahypalarynda azajyk gussa batdy. Ony hem emaý bilen ýerinde goýdy-da, portfelindäki suratlara ýene elini uzatdy, özem bialaç... Otagyndaky işlerini tamamladym etdi-de, aşaky gata düşdi, maşgalasyndakylaryň öýde bolanlary bilen salamlaşdy, özem adaty däl duýgy bilen. Öýde dällerine hem gaýybana salam berdi, salam aldy...
Hammama girdi. Ömrüne namaz okamadyk, şonuň üçin täret hem almadyk halyna, bir kemini goýman täret aldy...
Ertirlik naharyny edinmedi. Iň gowy görýän eşiklerini geýdi: iň gowy görýän köýnegini, penjegini geýdi, iň gowy görýän galstugyny dakyndy. Atyr sepindi. Birkemsiz taýyn boldy köpe çykmaga. Çykdy. Ýürekdeşdir öýdýänleriniň ýanyna bardy, adaty gümür-ýamyr etdi. Ýöne hoşlaşanynda welin, üýtgeşik bir duýgular bilen hoşlaşdy. Gün öýle boldy. Hemişeki gelýän naharhanasyna geldi. Ýene, adatdakylar ýaly, nahar iýmedi, kofe içdi, köp içdi. Heziller edip çilim çekdi. Iňrik garaldy. Öýlerine gelip, agşamlyk naharyny iýdi ýakynlarynyň KÄBIRI bilen. Öz otagyna geçdi. Iň bir tämiz eşiklerini geýdi we birnäçe wagtdan bäri peýläp ýören ýerine ugrady...

...Ertesi ony iň bir gowy sözler, ýatlamalar bilen soňky ýoluna ugratdylar. Şeýdibem birnäçe Arzuwlar, Umytlar, Hyýallar eýesiz galdy...



✏Sapa HOMMADOW
11 лайков 223 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
Автор 09 окт 2023, 13:08
Hekaýa ilkinji synanyşygym...
#B.S
09 окт 2023, 13:43
Pegas,
Aÿ tüweleme
ssaparay
09 окт 2023, 15:03
Näme üçindir Ezizi ýatlatdy bu hekaýa.
Azasdym.
09 окт 2023, 17:47
Manyly hem gynacly bolupdyr doredijiliginize ustunlik.
hhGenial
09 окт 2023, 21:16
Gowy ekeni sagbbolun ilkinjisi şeýle gowy bolupdyr tüweleme
Гость
09 окт 2023, 23:20
Bäh... Gowy ýazypsyňa
Гость
09 окт 2023, 23:21
Şuňňaly soňy garaşylmaýan jemleme bilen soňlanýan hekaýalar gyzykly bolýa
Edepli Gödek
10 окт 2023, 04:56
Garaşýan soňlanmam boldy. Ortalaryna ýetemde bildim muň (hekaýaň gahrymany) etjek işini...
"Gowy ýa bet bolupdyr, ajaýyp bolupdyr" diýip teswir ýazmagam gerek däl özi aýdyp dur hekaýaň öz bahasyny.?
Ak-sary
10 окт 2023, 10:59
Bilemok welin.birzat yetenok.baslangyç hekaya-da bolsa hic neneñ dal.ömrüñ bolsun.