Ýerasty geçelgedäki ganhor

- ­Men indi näme etsemkäm daş töwerekde adam gara görnenok...
Kömek ediñ ,kömek ediiiñ...köö... -
Ýerasty geçelgäniň içinden çykan bir nätanyş gyzyň çirkin sesi asfaltdan gelyän Mekany ürküzdi.
Ol bir az dymdy:
­Bu ýerde kim barka diýip oýlandy...


Mekan Uniwersitetda okayardy. Şu gün bolsa ol Botanika bagynda öz söýüşýän gyzy Bahar bilen oturup
duşuşup öýüne gitmegi-de ýatdan çykaryp wagtyñ geçenini bilmedi.
Sagat bolsa gije 23:13.
­''Haýsydyr bir är-­heleýiň arasynda düşünişmezlik bolandyr ''diyip Mekan kän bir üns bermese-de garaňky ýerasty geçelgäniň içindäki ahy-nala gutarar ýerde gutarmady. Soňam içine gireýin-de görüp bir kanagatlanaýyn, ýogsam içimde bir harasat gopýan ýaly diýip Mekan ýerasty geçelgä tarap yöneldi.
Näme üçindir ýerasty geçelgäniñ asty garañky. Mekan muny başda-­da añdy, ''Gowluga däl'' diýdi içinden...
Mekan demini rahatlyk bilen goýberip ýerasty geçelgä girdi we telefonuny çykaryp onuñ ýagtysyny öñüne tutdy. Kórejik ýagtylygy basmarlayan garañkylyk Mekanyñ yürek urgusyny çaltlandyrdy.
Mekan her näçe yzyna çykjak bolsa-da bilesigelijiligi ony yza ýollasy gelmedi.
Mekanyn telefonunyñ yşygy bir sumkany tapdy.
Mekan ony yerden galdyryp ýetişdi.
Şol wagt hem pytyrdap ýanan ak yşyklar daş töwerekdäki gana boyalyp ýatan maslyklar aý-­aýdyñ bolup göründi, bu bolsa Mekanyñ gözlerine has elhenç gorky bilen görnüpdi. Onuñ garşysynda duran gara kožaly, kellesi protowoy gazly, ayaklary hem gara ädikli eli maññally, kimdir biri edil jan alyjy manýaklar ýaly güberilip durdy. Ol edil kinofilimlerdäki gorkunç gahrymanlara meñzeýärdi.
Mekan daş-töwerekdäki maslyklardan adam jesetlerinden göwni geçdi...
;Şu ýerden bir gutulyp, sag-aman yzyma çyksam diýip pikir etdi''.
Onuň aýaklaryny, tutuş süňňüne garşysyndaky duran, töwerekdäki gana boýalyp ýatanlaryň ganyna galan, elhenç ganhor baglap duran ýalydy.
Mekan aljyrady, özüni ýitirdi, elindäki telefonuny gaçyrdy. Bu bolsa Mekanyň ömründe birinji saparky özüni ýitirmesidi.
Onuň aýaklary doňup dur.
Birdenem onuň gözleri ýerde gara gözlerini açyp ýatan Bahara düşdi. Gorky-ürki şol gözlere sataşyp zym-zyýat bolan ýalydy. Mekan şol gözlerden ylham alyp ýaşaýardy. Bu saparam şeýle boldy. Onuň gany depesinde galdy.
Garaňky ýerzeminiň içinden çasly ýaňlanyp giden aýylganç sesi eşiden adam bolmady.
­- Ý­o­o­o­o­o­o­o­ok...
Ses bütin ýerzemini ýaňlandyryp gitdi. Baharyň balkyldap seredýän gara gözlerinde bir az bolsa-da şatlyk bardy, ol ýylgyrdy.
Mekan ganhoruň üstüne tarap ylgady. Ganhora tarap haýbatly topulan Mekanyň garnyndan zarply girip giden maňňalyň ujy bolsa onuň badyny ýatyrdy.
Gara gana bulanan ak eşikden serpilip çykýan gan töwerekdäki çyrşalan ganlara bulaşdy. Mekan demini bir ýere toplap elindäki sumkany gyssagly açdy. Onuň içine elini sokdy. Ganhor mangalyny ýokary galdyrdy. Mekan soňky deminde eline ilen galyň dört burç aýnaly dinini ganhoruň süýr depesinden ähli güýjini jemläp salyp goýberdi.
Parfýumly galyň çüýşeli gap ganhoruň depesinden kerpiç degen ýaly boldy. Iki sany garşydaş ikisi birden ýere ýykyldy. Bahar ysgynsyz göwresi bilen süýşenekledi. Ol Mekanyň halyna sessiz aglady. Doňňara daş bolup ýatan Mekan bolsa sessiz jan berdi. Bahar zordan barmaklary bilen ýeri dyrmalap Mekanyň eline elini berip ýetişdi.
Ol şol ýerde essinden gitdi. Gözlerini ýumdy. Ertesi bolsa özüni hassahanada gördi.
Gijeki gözegçiler ýaňky ýerde gana bulaşyp ýatan ganhory polisiýa işgärlerine tabşyrdylar. Müdimilik zyndanda galmaly bolan Ganhor ençeme bigünälileriň ganyna galypdy.



@Jeksparro
2 лайков 203 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Dowsypat
29 мар 2023, 19:20
Ol edil kinofilimlerdäki gorkunç gahrymanlara meñzeýärdi.

Şeýlemi?!Men bolsa ony edil egni gara kožaly, kellesi protowoy gazly, ayaklary hem gara ädikli eli maññally, kimdir birine mezetdim.

Baharyň balkyldap seredýän gara gözlerinde bir az bolsa-da şatlyk bardy, ol ýylgyrdy.

Dogrudyr,manýaga duşmak ýaly bagt her kimede nesip edip duranokda.

Mekan ganhoruň üstüne tarap ylgady.

Ine,tapylgysyz geroý.
My life
29 мар 2023, 21:01
Dowsypat.,
Gülkim tutdy teswiriñize ?
Dowsypat
29 мар 2023, 21:18
Dowsypat.,
Gülkim tutdy teswiriñize ?

Aşgabada barsam ýerasty geçelgeçden geçmez ýaly boldum.
Dowsypat
29 мар 2023, 21:19
Mekan hindi bolanda ölmezdi.
Dowsypat
29 мар 2023, 21:23
Onuň aýaklary doňup dur.
Birdenem onuň gözleri ýerde gara gözlerini açyp ýatan Bahara düşdi. Gorky-ürki şol gözlere sataşyp zym-zyýat bolan ýalydy. Mekan şol gözlerden ylham alyp ýaşaýardy. Bu saparam şeýle boldy. Onuň gany depesinde galdy.
Garaňky ýerzeminiň içinden çasly ýaňlanyp giden aýylganç sesi eşiden adam bolmady.
- Ý­o­o­o­o­o­o­o­ok...
Ses bütin ýerzemini ýaňlandyryp gitdi.

Başyny hindiçeläp başlapdyr.Soňy bolmandyrda.
Jeksparro
Автор 30 мар 2023, 23:47
Dowsypat.
Onuň aýaklary doňup dur.
Birdenem onuň gözleri ýerde gara gözlerini açyp ýatan Bahara düşdi. Gorky-ürki şol gözlere sataşyp zym-zyýat bolan ýalydy. Mekan şol gözlerden ylham alyp ýaşaýardy. Bu saparam şeýle boldy. Onuň gany depesinde galdy.
Garaňky ýerzeminiň içinden çasly ýaňlanyp giden aýylganç sesi eşiden adam bolmady.
- Ý­o­o­o­o­o­o­o­ok...
Ses bütin ýerzemini ýaňlandyryp gitdi.

Başyny hindiçeläp başlapdyr.Soňy bolmandyrda.


Wagtyňy okap, şunça bellige sarp edeniň üçin Taňryýalkasyn...