Durmuş hakykatlary (romandan bölek)
Durmuş hakykatlary (romandan bölek)
"Ýazjagyňy ýaz Gerçek,
Ýazjak haçana çenli?"
Näme ýazjagymam bilemok welin ýazmanam durup bilemok , şular ýaly akja kagyz elime düşse. Bu kitabyň aýratynlygy munda diňe hakykat ýazylýar . Hakykaty halamaýanlar kändir welin ahyr soňy hakykat Güneş kimin parlaýýar. Ony gizlejek bolýanlar aslynda ony paş edýärler. Sebäbi Güni gizläp bolýarmy? Bu kitapda hakyky öz durmuşymda bolan wakalary beýan etdim we Enşalla beýan ederin. Ilki bilen özüm barada gysgajyk durup geçeýin. Adym Gerçeknazar , atamyň ady Amannazar. Häzir men 26 ýaşymda . Ýaşaýan ýerim Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň , Isbirden obasy. Häzirlikçe şu mahlumatlar ýeterlikmikä diýýän . Galan maglumatlary kitabyň içinden okabermeli.
* * *
Roman
"Durmuş uzyn romandyr,
Näçe ýazsaň ýazyber"
Şeýle bir roman ýazasym gelýär . Iň uzyn,iň uly,iň gowy roman . Özem ol romanda diňe hakykaty ýazmakçy. Başyny bireýýäm başladym. Hakyky durmuşda bolan wakalardan jemlenen bu kitap hakykaty söýýänler üçin tapylgusyz baýlyk bolup biler. Taryham diňe hakykaty gözleýän. Indi sözi kän uzaltman hakykaty beýan edeýin.
Çagalyk ýyllarymdan başdan başlajak . O ýyllarymdan ýadyma düşenlerini paýlaşybereýin."Geçen günüň gowy" diýlişi ýaly o ýyllar göwnüňe gowy görünýär . Eýsem näme gamyň ýok,aladaň ýok,iş ýok.Diňe oýnap-ýaýnap wagtyňy geçirseň bolany. Gerek zatlary eneň-ataň alyp berip dur. Ýöne şoňa göräde gynandyryjy ýeri ygtyýaryň we ygtybaryň ene-atanyň ellerinde.
Çagalygymdaky iň ýakymly , iň süýji pursatlarymyň biri hem Şirin bilen geçiren pursatlarym . Ilki-ilkiler üns bersemem soňabaka meniň oňa muhapbetim artypdy,söýgim oýanypdy . Men hakykatdan hem ony päk çaga ýüregimden päk söýgi bilen söýýärdim. Olam maňa kem baha garamaýardy.Olam meni söýýän ýalydy . Sebäbi men olara myhmançylyga barsamam , olar bize myhmançylyga gelselerde biri-birimizi ýitirip tapan ýaly bileje degişýärdik,oýnaýardyk,ýaýnaýardyk.
(dowamy bar )
Gerçeknazar Amannazarow.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.