Roman (bolan waka)

Roman
"Haçan siz göräýmäge mümkin däl zatlary mümkin edersiňiz" ("Ördek ýa-da bürgüt")

Şeýle bir roman ýazasym gelýär. Iň uzyn roman , iň uly roman , iň gowy roman . Özem ol romanda diňe hakykaty ýazmakçy . Başyny bir eýýäm başladym . Hakyky durmuşda bolan wakalardan jemlenen bu kitap hakykaty söýýänler üçin tapylgysyz baýlyk bolup biler . Taryham diňe hakykaty gözleýär . Indi kän samahyllaman hakykaty beýan edeýin . Çagalyk ýyllarymdan başdan başlajak . O ýyllardan ýadyma düşenlerini paýlaşaýyn. "Geçen günüň gowy" diýlişi ýaly ol ýyllar ýüregime ýakymly görünýär.Eýsem näme gamyň ýok , aladaň ýok , iş ýok . Diňe oýnap-ýaýnap wagtyňy geçirseň bolany . Gerek zatlary eneň-ataň alyp berip dur. Ýöne şoňa göräde gynandyryjy ýeri ygtyýaryň we ygtybaryň ene-atanyň ellerinde .Henizem ýatlasam gaharym gelýär . Bir ýönekeý 25 manatlyk dendi üçin men kakama 5-6 aý ýalbaryp şonça wagtlap garaşmaly bolupdym. Ýagny kakama "Bir zat alyp beäý diýsem"Doglan günüňde alyp berjek" diyyardi , we bolany . Şol zat üçin 5-6 ay hatda 1 yyl garaşmaly bolyardym. Çagakamam sony oynamagy gowy görerdim. Juda - juda gowy görerdim Yogsa onun üçin alty aylap garaşarmydym . Sony-nyn nâmedigini indiki çagalar bilmeyan bolmaklary mümkin sebabi indi sonydan gowy telefon bar. Hatda men häzirem sony oýnamagy halaýan . Ol güni hiç ýadymdan çykarman . Men inim Salyhlaryň howlusynda hemişekiler ýaly dostlarym bilen läkileýke oýnap ýördim . Şo wagtam doganym Han gelip :
-Gerçek seni kakam çagyrýar-diýip . Gaharlanyp öýe gaýtmazmyň , Hanyň öňüne düşüp . Gaharlanýanymyň sebäbi kakam mydama çagyranda diňe iş etdirmek üçin çagyrardy. Ýöne şo gezegä şeýle bolmady . Gaharyma suw sepilen ýaly bolaýdy. Öýe gelip görsem gözlerime ynanamok . Öňümde dendi dur. Dendem şol sonynyň bideregi ondanam aşakdakysy .Şonda-da guş bolup uçupdym . Şol wagtlar sonynam hatda iň gowy gara sonynam küýsämokdym . Şol dendem maňa aňry ýany bilen ýeterlikdi. Dünýäni unudyp oýnaýardym. Başyndan galman oýnaýardym . 5-10 sagat hatda uzakly günläp hem ony ýadaman oýnaýardym . 1-2 günden derrew çäklendirmeler girizilip başlandy . Hatda bir işi etdirmek üçin hem "Saňa sony oýnatjak " diýmek ýeterlikdi . Sony oýnatjak bolup bahymrak işlerimi edip bolýardym. Garaz dendimem gaýratly eken maňa 1-2 ýyl çydady . Ondan köp wagt hem çydap biljekdi ýöne ýene-de bir gaharymyň getirýän ýeri ony "Sen indi ulaldyň " diýip ony başga birine berilmegi . Ýagny şunça wagtlap höwes edip zordan bir zat aldyrýaň onam ap-aňsat başga birine berip göýberýärler . Goý olam meniňki ýaly höwes etsin meniňki ýaly garaşsynda . Gynansagam aglanyňam , möňňireniňem peýdasy ýok sebäbi giden zat yzyna gelmeýär . Şonuň üçin ony ýagny çagalygymy yzyna getirilmeginem islämok . Sebäbi indi 6 aýlap kakaňa ýalbarmaly däl . Alynjak zadyňy işläp gazanyp alynyp bolýar . Aldyrmajak bolup dyrjaşsalaram bary bir alýanda.

(dowamy bar)

Gerçeknazar Amannazarow

0 лайков 211 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
noname
20 сен 2022, 20:31
Super mario kan oynapdyk bizem
Gerceknazar
Автор 20 сен 2022, 20:50
danger sen aýtma şu wagtam oýnaýan şol oýny
DonMaxx
21 сен 2022, 00:41
pistoledam bolmaly ordek atylyan??