“SEN — BARLYKDA GAZANAN BAŞ ÝEŇIŞIM...”

Seň sözleriň aram berdi kalbyma,
Derdini dep etdi dertli göwüniň.
Dünýäm älemlerde ganat ýaýyp ýör,
Meňzeş dünýä tapynanna öwünip.

(Meniň şygra aşyk, poeziýa aşyk
Köňlüm täze yşka rowan göründi...)
Men kalbymda başlatdym bu “söweşi”,
A seniň kalbyňda “dowam” göründi.

Gözlerime uçgun geldi täzeden,
Sözlerime şeker-ballar dolandy.
Asmana ymtylyp uçmakçy bolsam,
Aýagyma elwan güller dolandy.

Zeminem bu bagtdan hantama çünki,
Sen — barlykda gazanan baş ýeňişim.
Şu bagt üçin, geljek üçin, yşk üçin
Saňa baky minnetdar men, _____m!

27.03.2021ý. 01:17


Sapa HOMMADOW
13 лайков 439 просмотров
19комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Kerbaba
20 сен 2022, 18:58
Адынам язып гойбераймели экенинда!?
Pegas
Автор 20 сен 2022, 18:59
kwadrat kelle
Адынам язып гойбераймели экенинда!?

?
#B.S
20 сен 2022, 19:02
Pegas,
Gowy ady bar eken!)
Pegas
Автор 20 сен 2022, 19:05
Khanture
Pegas,
Gowy ady bar eken!)

?
Victus
20 сен 2022, 19:09
Jemleme gowy dusupdir.
Venus
20 сен 2022, 19:21
Ady-da laýyjak:)
ŞYH
20 сен 2022, 19:42
Malades daş
Telwas
20 сен 2022, 19:51
Sen — barlykda gazanan baş ýeňişim.

Atly, atsyz her hili edip paýlaşyp görýäňmi?! :)

Baş ýeňişim- şu ýeňiş sözi başga goşguda başga bir ynsan üçin ulanylypdy. Onsoň bu goşgydaky baş ýeňiş bolan gyz, ol goşgudaky ýeňişe düşünjek bolup kelle agyrdypdy.
Telwas
20 сен 2022, 19:54
Şahyryň bu gyza bir ýüzlenmesi “Dünýädeş” eken.
Ejegyz.
20 сен 2022, 20:12
???
Gerceknazar
20 сен 2022, 20:47
Goşgynyň soňy tapmaça boldy
Gerceknazar
20 сен 2022, 20:48
Bäh ýazylan wagtyň sekundyna çenli ýazypsyňaý halal
ajy
20 сен 2022, 20:59
Toý haçan?
Aksary
20 сен 2022, 21:07
"Ýitir menem tümliginde saclaryñ"

Serdardymy
Gerceknazar
20 сен 2022, 23:59
Birazjyk zehinli bolan ol boşlygy doldyryp bilýär.
Aksary
21 сен 2022, 00:12
Asmana ymtylyp uçmakçy bolsam,
Aýagyma elwan güller dolandy.

Asmana ucjak bolyan gahrymana güller zelel ýetiripdir,ýagny aýagyna çolaşyp uçurmandyrlar,başga tarapdan alsañ hemme ýer güle beslenen....şu iki setir dirimikä!?

Soñky topbagyñ birinji setiri gowy eşdilýa.ol bagtdan zeminiñ hantama bolşy jaýyna düşüpdir.
ajy
21 сен 2022, 00:46
rigel hachanky zat ol)
gepden gija galyañ jora)
Ogulşirin Bayramowa
21 сен 2022, 09:23
???
ffgggggffddd
21 сен 2022, 10:45
diysen tasir galdyrdy Sapa
senagul
21 сен 2022, 22:31
Eneshim bolyamy :)