ENE GUŞ

Güneşli günlerde bagymyzda gezim etmegi halaýardym. Ülje agaçlary gülläpdi. Ol agaçlar beýleki agaçlaryň ýaşyl ýapraklarynyň arasynda edil bezelen gelin ýaly bolup görünýärdi.

Guşlaryň höwürtgeläp, jüýje çykarýan aýlarydy. Bagymyzyň demirgazyk burçundaky ülje agaçlarynyň birinde guşlaryň biri özüne höwürtge ýasanypdyr. Ene guş ýumurtgalaryny basyryp, esli oturandan soň, ýumurtgalardan iki sany gyzyletene jüýjejik çykdy.

Ene guş olar üçin uzakly gün mör-möjek, çekirtge çöplärdi.

Şol gün howa günortana çenli maýyl boldy, Gün asmanda ýalbyrap durdy. Öýleden soňra weli, asmanyň ýüzüni bulutlar gaplap aldy. Ýyldyrym çakyp, gök gübürdisiniň iniňi düýrükdirýän sesi çar ýana ýaň salýardy. Ene guş bolsa, entegem bu jelegaýda görnenokdy.

Ýagyş iri-iri damjalar bilen ýuwaş-ýuwaşdan damjyklap başlady. Derrew öýe girdim, penjiräniň öňüne baryp, daş-töwerege ser salmaga başladym. Jüýjejikler kimin ene guşuň gelerine howlugýardym.

Guşuň gelmeýşine janym ýanýardy. Görgüli jüýjejikler şu wagt höwürtgelerinde näme edýärkäler?

Her näme-de bolsa, ene guş ýagyş o diýen gatalmanka dolandy hem-de jüýjejiklerini ganatlarynyň astyna aldy. Men uludan dem aldym, ýüregim ynjalypdy, begenjimiň çägi ýokdy. Indi, bagymyz mazaly suw içer ýaly, ýagyşyň hasam köp ýagaryny diläýsemem boljakdy.

Isleýşim ýaly hem boldy. Ýeriň ýüzündäki ähli çukurlar suwdan dolupdy.

Ýagyş diňenden soň merdiwany alyp, derrew höwürtgeli agaja tarap ylgadym. Ýeňiljek şemal öwüsýärdi. Assa-ýuwaş merdiwandan ýokaryk çykdym. Görsem ene guşuň ganatlary ýaýylypdyr, jüýjejikler bolsa, onuň aşagynda jüýk-jüýk bolşup ses çykarýardylar.

Emma, gynansagam, ene guş güýçli ýagan ýagyşyň zoruna tap getirip bilmän ölen eken. Jüýjelerine seretdim, eneleriniň jansyz ganatlarynyň aşagyndan kellelerini çykaryp, iýer ýaly zada garaşýardylar.

Olaryň bolşuny görüp aglaman zordan saklandym. Merdiwandan düşdüm-de dessine ejemiň ýanyna ylgadym. Ony boýnundan gujaklap, gören zatlarymy gürrüň berdim.

Ejem:

– Gördüňmi, balam?! – diýdi, “Eneler balalaryny halas etmek üçin gerek ýerinde öz şirin janlaryny bermäge-de kaýyldyrlar”.

Ejemiň bu öwüdini hiç unutmadym. Şol günden soň oňa bolan söýgim hasam artdy.

(Feýýaz Saglam)
0 лайков 78 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.