Bu gün seni ýatladym

Bu gün seni ýatladym, öň seni ýatlamda ýüzümde ýylgyryş emele gelan bolsa, indi seni ýatlasam gözümden gözýaş syrygýa. Senli ýatlamalar indi maňa ezýet. Seretsene bu gün meň öňümde seň bilen eden maýyp arzuwlam ýatyr. Ola söýgi hakda arzuw eken men indi geljegim hakda arzuw etmägede gorkýan. Sebäbi indiki arzuwlarymynam saralyp solup gitmeginden gorkýan. Sen gideliň bäri köp wagt geçdi ýöne men seni ola ýüregim eken entek aňymdanam çykaramok ahyry. Seň bilen geçiren günlerim köne renki solan surat ýaly göz öňümde janlanýar. Men welin ol ýatlamalary düýbünden aýyrasym gelýä. Her gezek telefony elime alamda elim menden birugsat sen belgine aýlaýa, zordan saklanýan jan etmekden. Düşünýän aglamak hiç zada çözgüt däl ýöne sen ýadyma düşende gözýaşlam birugsat dökülýä, şel açan arzuwlam zaryn- zaryn aglaýa. Sen gidelin bäri öňki reňkli dünýäm garaldy, adamlardan uzaklaşdym, birwagt dyngysyz gülýän gözlem indi dyngysyz aglaýa. Gel düşündirsene, gitmegin sebabi nämedi? Günäkär men bolsam düzedeýin, görä sensiz ne günlere düşdim. Düşün men däl ýüregim söýdi seni. Inni welin şol päkize söýgim nämedir bir zada günäkär ýaly egni gysyk halda köçän gyrasynda gözýaşdan awy ýasap otyr ýöne ol öz päk söýgisiniň awysynam ile dözmän ýene özi içýä. Sen welin şol päk söýgini äsgerman, üstünden gülüp, depeläp ýeke goýyp gitdin, söýgim sen bilen gitdi ýüregimem ýöne haýyş edýän ynamymy bir yzyna getirip git. Başga zady welin gaýtarsanam almaýan, men olary birwagt sana berdim amanat zat bolsa maňa gerek däl.

Amangeldiýewa Aýna
0 лайков 166 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Удачливая
25 июл 2022, 20:23
Çyn yurekden soyen adam hiç wagt unutmayarmysh. ♡
ýüreksözi
Автор 25 июл 2022, 21:57
Удачливая,
edil özi