Düýşdäki erteki...

Bir gije ýatyrdym tünüň ýarynda.
M.Pyragy.

Bir gije ýatyrdym tünüň ýarynda,
Düýşler äleminde ertekä düşdüm,
Agtaryp haýsydyr düşnüksiz gyzy,
Zemin perilerniň deňinden geçdim.

Biperwaý geçilýän gyzlar däl olar,
Gözlerin görende doňmasaň hasap!
Şonsuzam howlukmaç, köne dünýäde,
Nirelere barýan beýle alňasap...

Bir elimde bolsa jadyly köwüş,
Alyp barýar eýesiniň ýanyna,
Uly umyt bilen barýaryn menem,
"Duşaryn" diýp bagtym boljak ýaryma.

Eý, üýtgeşik zenan, seni gözleýän,
Düýşde ýetilmejek niçik ildekäň?
Ençe ýurt söküldi, dag, çöl geçildi,
Köwşüň-ä elimde özüň nirdekäň?!

Ahyrynam ýetdim bir gözel baga,
Ýüregim giňedi, daýandy egnim,
Elten köwşüm geýip ýylgyryp duran,
Bir görsem öýdäki garagöz gelnim.

"-Hawa, kimi gözläp gaýdypdyň" diýdi,
"Alňasap bir eliň bir taý köwüşli,
Men dälmi bagt bilen zenanyň?!
Ýa-da
Bagtyň tapyp berjek täsin köwüşmi?"

Oglumyň owazy eşdildi birden:
"Oýan kaka gijä galýaň işiňden".
Oýansamam durun aýňalyp bilmän
Ertekä ýugrulan täsin düýşümden...

Öň-ä huşlarymyň bezegidi ol,
Indi düýşde-de ýör arzyly Senem.
Hikmeti nämekä bu ahwalatyň?
Ýa garrap ejizläp ýörmükäm menem?!

Maksat ESENOW
3 лайков 134 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Kerbaba
02 авг 2022, 14:35
Саксофонист!!! Молодец... лайк ишланок.. ручной гоййан.????? етирип дур!