Ogrular we eli arassalar


Obalaryñ birinde iñrik garaldygy her kes ogurlyk etmäge çykarmyş.
Olar öýlerine gelende, gutulgysyz ýagdaýda öz öýleriniñem talanandygyny görerlermiş. Biri-birinden ogurlaýandygy üçin hiç kimiñ ýitirýän zady bolmandyr, gaýtam hemmeler peýda gazananmyş.
Her bir zadyñ antonimi bolşy ýaly, bu obada diñe bir adam ýoluny dogry tutup, halal işläp, agşamlaryna işden soñ öýünden çykman dynjyny alarmyş.
Ogrular onuñ öýüne ýakynlaşanda çyranyñ ýanyp duranyny görüp, alaçsyz yzlaryna dolanmaly bolarmyş.
Bu ýagdaý bet pällerine böwet bolýandygy üçin olary gahar-gazaba mündüripdir.
Bir gün şeýle diýenmişler:
"- Ýeri bolýar, señ özüñ-ä ogurlyk edeñok, düşnükli. Ýöne sen biziñ ogurlyk etmegimize päsgel berip, bizi kyn ýagdaýda goýýarsyñ!.."

* * *

Bu özelenişden ýañky halalhonymyzam gije çyrasyny söndürip daşaryk çykmaga başlapdyr. Ine, bir gün gije ýarymdan soñ öýüne gelende, öýüniñ jürüniñ dikilendigini görüpdir.
Wagtyñ geçmegi bilen elindäki-ujundaky bar zady gutarypdyr we obadan çykyp gitmäge mejbur bolupdyr.
Oba bolsa ýetjek derejesine ýetenmiş.
Ogurlykdan baýan halk indi aýlykly ogrulary saklap başlapdyr.
Baý-garyp deñsizligi barha artypdyr.
Baýlar mal-mülküni, baýlygyny goramak üçin dürli howpsuzlyk çärelerini geçirip başlapdyr.
Hatda obada tussaghana hem gurup, öz baýlyklaryny eldegrilmesiz edipdirler.
El ujunda diñe sogan ýaly soýulmaga garaşyp oturan pakyr-pukaralar galypdyr.
Wagtyñ geçmegi bilen garyp gatlaklar hasam garyplaşyp, açlygyndan ölüpdir.
Ölmän galan iki-ýeke bende obany taşlap gidenmiş.

* * *

Talar ýaly adam galmansoñ, dura-bara baýlar we aýlykly ogrular hem garyplaşmaga başlapdyr.
Baýlar öñki düzgüni dolap getirmek üçin birmahal obadan çykyp giden ýañky arassa adamy özlerine baş etmek isläpdirler.
Onuñ ýaşan ýerini tapyp, gapysyny barypdyrlar we ýagdaýy düşündiripdirler.
Ýañky adam şeýle jogap beripdir:
"- Bir adam diñe eli arassadygy üçin gözlenýän bolsa, onda iş işden geçip, suw señrikden aganlygydyr!..."

* * *

Gürrüñ bermek menden, hekaýatdan many çykarmak sizden...

Uğur DÜNDAR.
2 лайков 178 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
05 авг 2022, 15:34
"Biri-birinden ogurlaýandygy üçin hiç kimiñ ýitirýän zady bolmandyr, gaýtam hemmeler peýda gazananmyş."

Hiçkimiň ýitirýän zady ýok bolsa, hiç kimiň gazanýan zady hem ýokdur. Çypdyrma#1
Hiayress
05 авг 2022, 15:37
"Her bir zadyñ antonimi bolşy ýaly, bu obada diñe bir adam ýoluny dogry tutup, halal işläp, agşamlaryna işden soñ öýünden çykman dynjyny alarmyş."

Eger obada her kes ogrylyk edýän bolsa, bu-da ogrylyk edýändir ýa-da bu ol obadan däldir. Çypdyrma#2
Hiayress
05 авг 2022, 15:39
"Ogrular onuñ öýüne ýakynlaşanda çyranyñ ýanyp duranyny görüp, alaçsyz yzlaryna dolanmaly bolarmyş."

Öýüň çyrasynyň ýakyk bolmagy ogurlygy tükedýän bolsa, her kes çyrasyny ýakyp, ogurlyga gitse, ogurlykdan gutuljak ekenler. :)
Hiayress
05 авг 2022, 15:42
"Bu ýagdaý bet pällerine böwet bolýandygy üçin olary gahar-gazaba mündüripdir."

Bir öýi talap bilmezlik bu päliňe böwet salmazlyk dälde, diňe bir öýi ogurlap bilmezlik. Niýetiň ogurlamak bolsa, obada başga öý gutaran däldirä?!
Hiayress
05 авг 2022, 15:58
"Baýlar öñki düzgüni dolap getirmek üçin birmahal obadan çykyp giden ýañky arassa adamy özlerine baş etmek isläpdirler.
Onuñ ýaşan ýerini tapyp, gapysyny barypdyrlar we ýagdaýy düşündiripdirler.
Ýañky adam şeýle jogap beripdir:
"- Bir adam diñe eli arassadygy üçin gözlenýän bolsa, onda iş işden geçip, suw señrikden aganlygydyr!...""


Eli arassa halalhon adam bilen obanyň ogurlykdan tozmagynyň näme dahyly bar?! Ol adamyň özi ogurlyk edenok, beýlekilere ogurlaň ýa-da ogurlamaň diýip ündänok, ýa obanyň aýakda galmagy üçin ogurlygyň öwezini dolanok. Onsoňam Nobatguly aganyň aýdyşy ýaly: "Şer haýryň alnynda dilemez aman", baýlar hem ogurlara zat tapmasalar ýa öz biri-birilerinden ogurlarlar ýa-da goňşy obalardan, ýöne hiç haçan öwrenen endiklerini terk edip dogry ýola gelmezler.
Hiayress
05 авг 2022, 16:03
Umuman gowşak sužetli, sagdam pikirli hekaýajyk. Bu uly hekaýa derek günde altyn ýumurtga guzlaýan towugyň kellesi çapylanok diýseňem boljak eken.
Ahmal
05 авг 2022, 19:26
Ogrydan ogurlamak halaldyr