«GARAGYŇ AKSYN!..»

«GARAGYŇ AKSYN!..»

Adamlara,
Aýdymlara ynanyp,
Ýüregmi aýamda göterip gezdim.
Ýagşylyga maýsa bolup yranyp,
Ýamanlyga welin gaýa deý dözdüm.

Gara çynym bilen uýdum päklige,
Sadalyga uýdum.
Güp gitdim gepe...
Ýaşadym gol bermän ýeketäklige,
«Ýaşasyn gözellik!..
Gitdikmi, şepe?..»

Dost öňüne atdym ünjä gidende,

Gyz ýaýdananda öňüne atdym.
Nämüçindir
Her sapar «jig-g» edende:
«Taňrym, bu nämekä?» —
Pikire batdym.

Ýazyk, günä...
Öz-özünden ötülýä
Erkgala deý boşap galan gursakda...
Men ýüregmi güjeňlänme ökünýän,
Has pugtarak gizlemeli pursatda.

Men ony taplamak isledim diňe
Gorap dilden-gözden üstün ýapmadym.
Ýöne...
Ahyr bir gün bakamda siňe,
Ýekeje-de abat ýerin tapmadym.

(Gyýym-gyýym gyýylypdyr jigerim,
Dilim-dilim dilinipdir jigerim.
Bu görünýän gara-gara tegmiller —
Aldanan,
Azaşan,
Ýalňyşan... ýerim.

Öz çägiňden çykmak şeýle bir aňsat,
Yzyňa dolanmak çaklaşyňdan kyn...
«Mundan çepe gitseň — keramat aňtap —
Gaýdyp geleriňden gelmeziň ýakyn...»

Käte ýat illere nesibäm çekdi,
Käte saklatmady gözümiň ýaşy...
...Çykaranym bir näzijek ýürekdi,
A yzyna saldym bir tokga daşy...
7 лайков 224 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
Автор 06 авг 2022, 12:45
GUTULGYSYZLYK

Şunça ýyl garaşdym. Gözledim. Tapdym.
Ýüregme saldym-da, içinden ýapdym...

«Tapdym!» diýip, göge zyňan telpegim
Yzyna gaçýança ýitjegňi bilsem,
Zöhre ýyldyzym diýip guwanyp ýörkäm,
Ömrüzaýam bolup batjagňy bilsem,
Jarka urup ykbalymyň gapysyn,
Petlesin goparyp gitjegňi bilsem,
Kepderi deý egne gonan bagtymyň
Keýp edip ganatyn ütjegňi bilsem,
Enemden-atamdan, gizlän syrymy
Bazara çykaryp satjagňy bilsem,
Boz maral deý süýnüp giden söýgimiň
Yzyndan ok bolup ýetjegňi bilsem...

Şu zatlary bilen bolsam öňünden —
Geçip gidip bilermidim deňiňden?
Hiayress
Автор 06 авг 2022, 12:45
AK GOŞGY

Göçgünli aýdymlaň gyryldy sesi.
Düşdi sazlaň buýra-buýra saçlary.
Gurak protokola döndi goşgular.
Süýt deý çogan gülkiň döküldi dişi.
Otly geçip gitdi
Hiç ýerde durman.
Durna uçdy
Aýtman nirä gidýänin...
Iki bolup garşylapdyk bir bagty.
Indem iki sany betbagtlygy
Aýry-aýrylykda ugratjak bolýas.
Gyzgyn pyşyrdydan erän gulaklar
Zar boldy ýekeje mylaýym söze.
Seni aýasynda göteren eller
Bir gap otluçöpi bilenok saklap,
Tikeniň awusyn duýmadyk aýak
Gyrtyjyň üstünden ýöräp bilenok.
Meni öýe salyp bilmedik ýürek
Indi öýden daş çykaryp bilenok.
Bolanok.

Şiraly NURMYRADOW
OrazMuhammet Aşyrow
06 авг 2022, 18:18
Italaýan aşhanasynda bişen tagamlar ýaly, täsin goşgular.


Beren wagtynd abat ýüregi yzyna alanda kerpiç bolmasyny haladym))
Margarita
06 авг 2022, 19:41
Öňem okapdym bu goşgulary. Täsirli goşgular özüne çekýär. Duşundan geçip bolmaýar.
"Ak goşgy"-nyň jemlemesinde aýdylşy ýaly, "Bolanok" :)
Minnetdar, Hiaress!