OGRY

Öten agşam obamyzda toý boldy,
Şonda men sataşdym bir täsin ogra.
Özi-de şeýle bir gödek ekeni,
Onda ne ynsap bar, ne-de bir ygrar.

Beýle kişä gabat gelmändim ozal,
Şoňa duşup tapmadym men deregmi.
Ol hut meniň öz gözümiň alnynda
Ogurlady yşkdan doly ýüregmi.

Ýüregmi aldyryp, galdym men ýalňyz,
Gabat garşymda-da şol tanyş ogry.
Ýeke ýürek bilen kanagat etmän,
Göreçleri bilen peýleýär bagry.

Eý-ho, mundan götermesem ökjäni,
Az salymdan boşap galjak bedenim –
Diýip öz ýanymdan düşüp dowula,
Düýn ýalydy toýy taşlap gidenim.

Eýýäm ondan bäri bir gün geçipdir,
Ýüreksiz ýaşadym şol geçen güni.
Indem gör-le muny, ogra ol weli,
Yşkyň zyndanyna saldylar meni.


Baýram ÝUSUBOW
8 лайков 215 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ötegçi
22 июн 2022, 08:08
Jemleme gowy bolupdyr. "Öten agşam obamyzda toý boldy, 
Şonda men sataşdym bir täsin ogra" şu ýerini okap bloga girmakam: "beýle namesini ogurlatdykanaýt" diyipdirin :))
Öwreniji
22 июн 2022, 09:07
??????
Massimus
22 июн 2022, 09:54
Haý, ogry, ogry...
My life
22 июн 2022, 15:03
Gyzykly goshgy eken. Mal garasyny ogurlandyrlar oytdum.)))
Kerbaba
22 июн 2022, 16:20
,,Огрынын"озуни огурлаймалы экен..(: atly