OGRY

Öten agşam obamyzda toý boldy,
Şonda men sataşdym bir täsin ogra.
Özi-de şeýle bir gödek ekeni,
Onda ne ynsap bar, ne-de bir ygrar.

Beýle kişä gabat gelmändim ozal,
Şoňa duşup tapmadym men deregmi.
Ol hut meniň öz gözümiň alnynda
Ogurlady yşkdan doly ýüregmi.

Ýüregmi aldyryp, galdym men ýalňyz,
Gabat garşymda-da şol tanyş ogry.
Ýeke ýürek bilen kanagat etmän,
Göreçleri bilen peýleýär bagry.

Eý-ho, mundan götermesem ökjäni,
Az salymdan boşap galjak bedenim –
Diýip öz ýanymdan düşüp dowula,
Düýn ýalydy toýy taşlap gidenim.

Eýýäm ondan bäri bir gün geçipdir,
Ýüreksiz ýaşadym şol geçen güni.
Indem, gör-le muny, ogr-a ol weli,
Yşkyň zyndanyna saldylar meni.



Baýram ÝUSUBOW
4 лайков 94 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.