Soňky ýol. Mazarystan
SOŇKY ÝOL. MAZARYSTAN
Bu gün 2008-nji ýylyň 7-nji apreli. Dogduk obama aýlanmaga çykdym. Elli iki ýyl ozal bu obadan Aşgabada, ýokary okuw jaýynda okamaga gidipdim.
Okuwy tamamlap, paýtagtda işe başladym. Köçelerde gabat gelýän adamlar maňa nätanyş, ýaşuly hökmünde salam berip geçýärler. SSSR döwründe ýagdaý başgaçady. Özümi görmeselerem, telewideniýeden çykyşlaryma seredýärdiler, gazet-žurnallardan eserlerimi, kitaplarymy okaýardylar. Mahal-mahal oba gelemde, töweregimde hyrydar garaýan gözleri görýärdim, uly-kiçi gadyr bilen salamlaşyp geçerdi. Häzir ol adamlary ýer hopan ýaly, asyl tanyş ýüz gabat gelenok. Kileň ýaş-ýeleňler, olar bu barýan adamyň kimdiginden, şu obada doglandygyndan bihabar. 15 ýyl ozal Nyýazowyň meniň adyma, döredijiligime girizen gadaganlygy hakydasy kelte adamlara täsirini ýetiripdir. Ýigrimi bäş ýaşdan aşakdaky ösdürim meniň döredijiligimden asla bihabar. Kitap okamaga ram etmedik nesil ýetişdi.
Şu kitabymyň sahypalarynda beýan edilen oglanlyk döwrümiň yzlaryny görerin öýdüp çykdym. Oba dört tarapa giňäpdir. Kätmen uran, pagta ýygan meýdanlarymy mellek ýer paýlapdyrlar. Geçen ýyllary ýatladaýjak daragtlardan, depelerden, jaýlardan, ýaplardan, güzerlerden nam-nyşan ýok. Täze melleginde işläp ýören adama ýüzlendim:
– Çakyma görä, brigadanyň düşelge tamy şu ýerräkde bolmaly, gapdalynda süýji suwly guýusy bardy.
– Ýalňyşmadyňyz, çak edişiňiz ýaly, şu ýerde, guýy meň mellegimiň edil ortasynda galdy.
Biz ýorunja ekilen mellegiň ortasyna ýetdik. Tekizlenip, ýer bilen deňlenen guýynyň agzyny agaç-ugaç bilen basyrypdyr. Agaçlary ikiýana zyňyşdyrdy. Oglanlyk döwrümiň penjiresi açylýan ýaly boldum, tolgundym, sokur göze meňzeýän gara deşigi gördüm. Kyrk-elli ýyl ozal bu guýynyň başynda bolup geçen wakany göz öňüne getirdigimçe, gussa batdym.
Görogly begiň ölmezinden öňinçä ýumrulan galasy bilen hoşlaşýan pursatyny ýatladym. Oglankam eposyň şu ýerini diňlämde, gözüme ýaş inerdi. Gyrata gülli ýorunja berilýän ahyr pytrapdyr. Toýnakdan, ýaldan galan Gyrat eýersiz, uýansyz entäp ýör. Kyrk ýigidi, dost-ýary bireýýäm ýagty ýalançyny taşlap gitdi…
Men öz günlerimi ýatlaýaryn. Jöwza yssyda daş guýynyň sowuk suwuny içen, bile işläp, bile oturyşan adamlarym nirede? Olaryň köpüsi şu ýerden garalyp görünýän hatar agaçlaryň aňry ýüzündäki Möwlamjan atly mazarystanda ýatyr.
– Inim, sen aňrujy ýagdaýyň bolsa, bu guýyny gömmegin – diýdim.
Hamala, şol guýy gömülmese, kalbymdaky ýatlamalar soňky ösdürimlere galaýjak ýaly. Öwlüýädäki mazarlaryň sähelçe wagtdan ýitip gidişi ýaly, ýatlamalaram adamlar bilen gabra gidýär, adamlaryň hakydasyndan öçýär. Hakyda meselesinde türkmenleriň biagyrylygyny gara tagtanyň ýüzüne ak hek bilen ýazylan ýazgyny öl esginiň süpürişine deňese bolar.
Mellegiň eýesi meniň gussamy dargatmagyň aladasy bilen:
– Maksadym-a gömmezlik – diýdi. – Guýy gazýanlary çagyrjak, içini arçasalar, agzyna beton gurşaw etsek, derde ýarar bu guýy, suwam içmezçe däl, mal-hala bolanda-da bolýar-a.
Bu etsemler edil şu pursat onuň serine gelendir öýtdüm, onuň höwesjeň görünjek bolmasy maňa ýaramady.
Täze mellek ýerleriniň arasyndan çekilen köçeler meniň oglanlyk döwrümdäki obalaryň köçelerini ýatlatdy. Gyşda batga, tomusda tozana çümersiň. XX asyryň ýetmişinji ýyllarynda obamyzyň köçelerine asfalt düşäpdirler. Häzir ondanam oňly zat galmandyr, galanja ýerlerem gemrik-ýumruk. Şol ýyllarda hojalyklaryň salan anjaýyn kerpiç tamlary tutuş könelipdir, başa inen agyr zamanyň zarbyny keseden synlap oturmaly. Obanyň tozgunlygy öňi bilen köçelerden başlanýar.
“Karskoý bag” gurapdyr ýeke agaç galmandyr. Onuň ýerinden ýigrimi bäş ýyl ozal orta mekdebiň kaşaň jaýyny salypdylar. Oňa meniň okan ýediýyllyk mekdebimiň “11-nji” diýen belgisi miras galypdyr. Bagyň köçe tarapyndan ellinji ýyllarda salnan ýazky klub topragyň zeýine çydaman ýumrulypdy. Onuň ýerinden gyşky klubyň görnükli jaýy bina edilipdi, gelen-gideniň gözüne ilýärdi, her ýyl ýedi müň tonna ýüpek pagta öndürýän kolhozyň kuwwatyndan degerli bir nyşandy. Tomaşa zalynyň diwarlaryny türkmen şahyrlarynyň onusynyň iki metr ölçegdäki portreti bezäpdi. Klub ot aldy, ýarym salkynda küle öwrüldi, şondan soň obadan bereket göterildi.
Mekdebiň töweregine aýlandym. Käýerde keliň saçy ýaly birki düýp agaç şor ýeriň duzundan ezýet çekip, göýdük çaga kimin ösüp bilmän otyr. Topragyň ýüzi pos sepilen ýaly ýakymsyz görünýär.Ýapjagazlar, peller suwdan doly, siňmän sadyr bolup ýatyr. Adamlar zeýi entegem az görýän ýaly, ýogsa topragyň poslap ýatmazlygy üçin bir alaç tapardylar. Ýa-da mekdep jaýynyň kem-kemden ýumruljakdygyna bolan ynam olaryň biweçligini aklap biljek delile öwürläýdimikä? Bu ýagdaýyň gutulgysyzlygy olary ýakymly arkaýynlyga, biperwaýlyga, dowam edýän tozgunlyga dahylsyzlyk keseline uçradaýdymyka? Bu problemanyň oňyn çözgüdi üçin döwletiň önjeýli kömeginiň zerurdygy belli zat, ýöne her adamyň, her hojalygyň bitirmeli işleri-de bar. Şu zerurlyga düşünilişi nähili?
Oglankak traktorçy Durdugyň mellegindäki bagy dessanlardaky Erem bagyna meňzederdik. Men bu hakda kitabyň başky babynda ýazypdym. Häzir şol bagyň bolan ýerini synlap, ýene gussa batýaryn. Gurany sebäpli çapylan agaçlaryň jomurtak töňňeleri garalyşyp, adam tenine düşen ýaranyň yzlaryny ýatladýar. Toprak merhumyň bedeni ýaly jansyz ýatyr, bereketden nyşan galmandyr.
– Näme sebäbe beýle bolýar? – diýip, janygýaryn.
– Ýapdan suw gelenok – diýýärler.
Oba aýlanyp gelenim üçin, bu sebäbiň garşysyna delilim bar. Şol ýap obanyň orta gürpüne çenli dolup akýar. Guran mellek, guran agaç ýok, näme üçin siziň tarapyňyz gözgyny ýagdaýda diýýärin.
Taýýar bahanany aýdyp arkaýynlaşýarlar: obanyň arçyny, miraba ýaby gazdyranok.
– Özüňiz ýygnanyşyp gazaýaňyzda bolanokmy, mellek siziňki ahyry!
Kiçi inilerimden ýigrimi iki ýaşly Muhammet:
– Bolýar, ýöne adamlaryň agzy birigenok – diýdi.
– Berekella, ine, şeý diýsene!
Muhammet dowam etdi:
-– Biri beýlekisiniň aýdanyna gulak asanok. Öz-ä etjek däl, ediläýse-de iki paý suw aljak, mellegini öňürti suwarjak. Biz ýaly nalajedeýin ýog-a! Biziň işimizi görýän – jähennemçilik!
Jähennemçilik umytsyzlygy döredýär, umytsyzlyk adamyň ýaşaýşa höwesini ysmaz edip taşlaýar. Söwet döwrüniň kolhozlaryndan galan ortalyk emläge talaň salyndy. Geçen asyryň togsanynjy ýyllarynyň ortasynda emeldarlaryň başlan galtamançylygyna deňäp boljak ahwalaty tapmak başartmasa gerek. Kolhozlaryň ýatyrylyp , olaryň ornunda daýhan birleşikleriniň döredilýändigi hakynda Nyýazowyň permany çykdy. Ana, şonda alan-aldylygyň jaňy kakyldy diýse bolar. Ogurlamagyň, para almagyň ýeser usuly tapyldy. Kolhozyň mallary, ýerleri, enjamlary kärendesine berlip başlandy. Muny oba hojalygynda bazar ykdysadyýetine geçmegiň möhüm basgançagy hökmünde mahabatlandyrdylar. Üleşikde esasy paý emeldarlaryň haýryna boldy. “Üleşdirene – üç gaz, beg ogluna bezbeltek, iki tata bir ördek” diýlenini etdiler. Ýolbaşçylar bäşläp, onlap alan mellekleriniň daşyndan on, ýigrimi, elli gektar ýeri kärende diýip, öz hojalyklaryna berkitdiler, onda-da iň gowy ýerleri! Daýhan Kolhoz maly, easasan, emeldarlaryň, olaryň garyndaşlarynyň, ülpetleriniň emlägine öwrüldi.
Biziň obamyzdaky sagylýan ýedi ýüz sygyrdan indi derek tapjak gümanyň ýok. Kärendesine paý alanlaryň köpüsi ölüp gitdi, yzynda galanlar ”biz ol zatlardan bihabar” diýýärler, sypmagyň ýoluny agtarýarlar. Prokuratura, polisiýa işgärleri hasapdan çykarylmadyk köne sanawlary wagtal-wagtal galdyryp, eger alnan emläk döwlete gaýtarylyp berilmese, jenaýat işiniň açyjakdygy bilen haýbat atýarlar, ýene para-peşgeş alyp, köşeşen bolýarlar. Kärende paýlanan her üç sygryň birini para hökmünde holtumyna ildiren emeldarlar birmahal işden kowuldylar ýa-da türmä düşdüler. Soňra bäş-alty tapgyr emeldar gelip geçdi. Her gelen galan emlägi dargatmagy iş edindi. Kolhozyň hasabyndaky ammarlar, düşelgeler, mal ýataklary, garažlar, çagalar baglary ýykyldy, gurluşyk materialy hökmünde satylyp, kisä uruldy.
Obanyň ortasyndaky maşyn-traktor parkynyň ýedi-sekiz gektar meýdany tutup ýatan ulgamyny synladym. Bu ulgam ýetmişinji ýyllarda kolhozyň kuwwatly mahalynda salnypdy, onuň içinde awtomatlaşdyrylan ussahanalar, göteriji kranlar, her hili stanoklar işleýärdi. Galtaman emeldarlar ony dargadyp, kiselerine girjek puly hasaplap ýörkäler, ýokardan görkezme gelipdir. Ony “Oba hyzmat” diýip açylan edara bermeli edilipdir. Agzy ganly möjekler boş ýalmandyrlar. Haýsy edara berilse-de, ol ýerde-de ýuwdarha azlyk edenok. Bu ulgamyň ezeneginiň galjagyna ynam edýän ýok. Penjireleriniň aýnalary döwlüpdir, diwarlaryň ýumrulan ýerleri galdyrylman ýatyr. Garaz, munuň hem ýumrulyp, kerpiçleriniň, agaçlarynyň satyljak mahaly daşda däl diýdiler.

11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.