OBADA
Bu ýerde has eziz güne bäs edip,
Lowurdap ýatmasy ýaşyl otlaryň,
Şemal işen ýallaryny tasadyp,
Uzaklardan kişňemesi atlaryň.
Aýaklarny ýaba sokan gamyşlaň,
Ses-selemsiz saňňyldysy näme üçin?
Oraga ugraýar ümüş-tamyşda,
Papagyny çümre geýen paýtunçy.
Basym garaldar ol dünýäň gohundan.
Suwuň ýaşyl perilerniň bagtyny.
Gamyş irden mal oty bor ahyrda,
Galanyny tüýdük eder agtygy.
Gökde şol tüýdügiň owazyn eşden,
Aglap geçer ala ýazyň durnasy.
Ýakýa meni çisňemesi ýagyşlaň,
Hem baglaryň diňşirgenip durmasy.
Enem, sen şu mahal ukuda dälsiň,
Öýe ýetip barýan, aýagym batga.
Eýläk-beýläk hellewleýär mejalsyz,
Mellegmizde serhoş kimin garantga.
Ine, oba, zat ýok göwnümi ýykýan,
Daşda galdy "gitme" diýip ýalbaran.
Käte öýsüz itler öňümden çykýar...
Daň säher çaglar selpeşip ýören..
Ýöne gussalarym gidenok sa:bap,
Humar bolan gara başym säm meniň.
Sende çirim etmän geçipdir obam,
Gijäm meniň...
Hoş gal, obam, gökde güne bäs edip,
Lowurdap ýatmasy ýaşyl otlaryň.
Çagyr meni ýallaryňy tasadyp,
Uzaklardan kişňemesi atlaryň...
Şähribossan Geldimämmedowa.
Lowurdap ýatmasy ýaşyl otlaryň,
Şemal işen ýallaryny tasadyp,
Uzaklardan kişňemesi atlaryň.
Aýaklarny ýaba sokan gamyşlaň,
Ses-selemsiz saňňyldysy näme üçin?
Oraga ugraýar ümüş-tamyşda,
Papagyny çümre geýen paýtunçy.
Basym garaldar ol dünýäň gohundan.
Suwuň ýaşyl perilerniň bagtyny.
Gamyş irden mal oty bor ahyrda,
Galanyny tüýdük eder agtygy.
Gökde şol tüýdügiň owazyn eşden,
Aglap geçer ala ýazyň durnasy.
Ýakýa meni çisňemesi ýagyşlaň,
Hem baglaryň diňşirgenip durmasy.
Enem, sen şu mahal ukuda dälsiň,
Öýe ýetip barýan, aýagym batga.
Eýläk-beýläk hellewleýär mejalsyz,
Mellegmizde serhoş kimin garantga.
Ine, oba, zat ýok göwnümi ýykýan,
Daşda galdy "gitme" diýip ýalbaran.
Käte öýsüz itler öňümden çykýar...
Daň säher çaglar selpeşip ýören..
Ýöne gussalarym gidenok sa:bap,
Humar bolan gara başym säm meniň.
Sende çirim etmän geçipdir obam,
Gijäm meniň...
Hoş gal, obam, gökde güne bäs edip,
Lowurdap ýatmasy ýaşyl otlaryň.
Çagyr meni ýallaryňy tasadyp,
Uzaklardan kişňemesi atlaryň...
Şähribossan Geldimämmedowa.
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.