Saňa duşanyma bahar günäkär!

Saňa duşanyma bahar günäkär!
Uz ýörişläp geldiň, meňzäp bägüle,
Şol gün irden şol duralga barmazdym,
Bilen bolsam düşjegimi nä güne.

Saňa duşanyma bahar günäkär!
Şol ýyl bahar gelipdi has üýtgeşik,
Jadyly säherde jadylap meni,
Kalbyma giripdiň gursagmy deşip.

Saňa duşanyma bahar günäkär!
Senli ýatlamalam gömerden giňdi.
Durnanyň gözünden dury kalbyma
Hijran indi,
Ataş indi,
Ot indi!

Saňa duşanyma bahar günäkär!
Söýdürip dünýäniň naýbaşy gyzyn.
Gymmat wadalarňy arzanja satyp,
Nirelerde ýaşap ýörsüň ýalňyzym.

Saňa duşanyma bahar günäkär!
Günäli gözleriň meni ýyksa-da,
Seni bagyşladym,
Ýöne nämüçin!
Bahar gelse azap berýär Maksada...

Maksat ESENOW.
5 лайков 151 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mümkin
09 авг 2022, 18:43
Gowy.Ikije tankydym bar.Şol bir sözi her setiriñ başynda gaýtalamak tapyndyñ gadyryny gaçyrýar,öz adyñy zol-zol goşguda getirmek uzagyndan bu tilsimiñ adatylaşmagyna getirer we goşga hiç hili oñat goşandy bolmaz.
Saksofonist
Автор 09 авг 2022, 20:48
Mümkin,
Minnetdar, ýöne öz adymy zol-zol goşguda getiremok.
Mümkin
09 авг 2022, 21:15
Öñem bir goşguñyzda Maksadyñ diýip ýazanyñyz ýadyma düşýär özem şolam jemleme bolmaly.
Saksofonist
Автор 09 авг 2022, 22:50
Mümkin,
Meň döredijiligim bilen yzygiderli gyzyklanýanyňyza begenýän, has-da gowy ýazmagym üçin bildirýän tankytlaryňyzam başardygymdan göz öňünde tutaryn.