Adam boluň balalarym

ADAM BOLUŇ BALALARYM

Eje garynja bilen kaka garynja bala garynjalaryny daşyna üýşürip, olara garynjalyk dersini berýärlerdi. Kaka garynja dersiniň soňuny şeýle gutardy:
- Balalarym! Durmuşda garynja bolmana synanyşyň! Hiç haçan garynjalykdan daşlaşmaň.
Balalar,
- Näme etsek garynja bolup bileris? Garynja bolmanyň ýoly nämedir?., diýip soradylar.
Kaka garynja,
- Bizi özüňize nusga ediniň we bizden görelde alyň, diýdi. Biz näme edýän bolsak, sizde şeýdiň!
Bala garynjalar, kaka garynja bilen eje garynja seretdiler. Olar näme edýän bolsa, şonyda gaýtaladylar. Tomus iýjeklerini ýygnap, toprak aşagyna çekdiler. Gyşda ýatdylar. Wagty gelende ýumurtgaladylar.
Kaka garynja bilen eje garynja ýene-de balalaryny daşyna üýşürdiler. Kaka garynja olara, - Balalarym! Men indi dünýäni terk edýän. Hemmäňizden razydyryn. Hemmäňiz garynja bolup ýetişdiňiz. Hiç biriňiz garynjalykdan daşlaşmadyňyz. Hakymyz halal bolsun. Alla sizden razy bolsun.
Kaka balyk bilen eje balyk balalaryny daşyna üýşürip, olara balyklyk dersini berýärlerdi. Kaka balyk dersiniň soňuny şeýle gutardy:
- Balalarym! Durmuşda balyk bolmana synanyşyň! Hiç haçan balyklykdan daşlaşmaň.
Balalar,
- Näme etsek balyk bolup bileris? Balyk bolmanyň ýoly nämedir?., diýip soradylar.
Kaka balyk,
- Bizi özüňize nusga ediniň we bizden görelde alyň, diýdi. Ejeňiz we men näme edýän bolsak, sizde şeýdiň!
Bala balyklar, eje balyk we kaka balyga seretdiler, olar näme edýän bolsa, şonyda gaýtaladylar. Deňizde ýüzdüler. Özlerinden kiçileri iýdiler, özlerinden ulalara iým boldular. Ýumurtga taşlap köpeldiler.
Kaka balyk bilen eje balyk, balalaryny daşyna üýşürdiler. Kaka balyk olara, - Balalarym! diýdi. Indi siz ýetişdiňiz. Bizem dünýäni rahatja terk edip bileris. Hemmäňizden razydyrys. Hemmäňiz balyk bolduňyz. Tagallalarymyz puja çykmady. Hakymyz halal bolsun. Alla sizden razy bolsun.
Bala balyklar,
- Biziň üýtgeşik eden zadymyz ýok, sadaja siz näme etseňiz bizde şony gaýtaladyk... diýdiler.
Kaka ördek bilen eje ördek, bala ördeklerini daşyna üýşürdiler we olara ördeklik dersini berýärdiler. Kaka ördek dersiniň soňuny şeýle gutardy:
- Balalarym! Durmuşda ördek bolmana synanyşyň. Hiç haçan ördeklikden daşlaşmaň.
Balalary,
- Näme etsek ördek bolup bileris? Ördek bolmanyň ýoly nämedir?., diýip soradylar.
Kaka ördek,
- Örän aňsat, diýdi. Bizi özüňize nusga ediniň we bizden görelde alyň. Ejeňiz we men näme edýän bolsak, sizde şeýdiň!
Bala ördekler, eje ördek we kaka ördege seretdiler. Olar näme edýän bolsa, şonyda gaýtaladylar. Wak, wak diýip, sesler çykardylar. Suwda ýüzdüler, ýerde ýörediler. Jübütleşdiler. Ýumurtgaladylar, basyrdylar we çaga çykardylar.
Kaka ördek bilen eje ördek, balalaryny ýene-de daşyna üýşürdiler. Kaka ördek olara, - Balalarym! diýdi. Indi siz ýetişdiňiz. Hemmäňiz gowy ördek bolup kemala geldiňiz. Hiç biriňiz ördeklikden daşlaşmadyňyz. Tagallalarymyz puja çykmady. Hakymyz halal bolsun. Alla sizden razy bolsun.
Bala ördekler,
- Biziň üýtgeşik eden zadymyz ýok, sadaja siz näme etseňiz bizde şony gaýtaladyk... diýdiler.
Kaka köpek bilen eje köpek, bala köpeklerini üýşürip, olara köpeklik dersini berýärdiler. Kaka köpek dersiniň soňuny şeýle gutardy:
- Balalarym! Durmuşda köpek bolmana synanyşyň! Hiç haçan köpeklikden daşlaşmaň.
Balalar,
- Näme etsek köpek bolup bileris? Köpek bolmanyň ýollary nämedir?., diýip soradylar.
Kaka köpek,
- Örän aňsat, diýdi. Bizi özüňize nusga ediniň we bizden görelde alyň. Ejeňiz we men näme edýän bolsak, sizde şeýdiň!
Bala köpekler, kaka köpek we eje köpege seretdiler. Olar näme edýän bolsa, şonyda gaýtaladylar. Ürdüler. Garawullyk etdiler. Wepaly boldular. Jübütleşdiler we köpeldiler.
Kaka köpek bilen eje köpek ýene-de balalaryny daşyna üýşürdiler. Kaka köpek olara, - Balalarym, diýdi. Siz indi ýetişdiňiz! Hemmäňiz oňat köpek bolup kemala geldiňiz. Biz dünýäni terk edýäris. Hemmäňizden razydyrys. Hiç wagt köpeklikden daşlaşmadyňyz. Tagallalarymyz puja çykmady. Hakymyz halal bolsun. Alla sizden razy bolsun.
Sygyr, buýwol, kylka, kit, düýe, pil, ýylan, goýun, ýer ýüzünde näçe kaka we eje haýwan bar bolsa, balalaryny özleri ýaly bolmalaryny, munuň üçinem özleri näme edýän bolsa, şonyda gaýtalaklaryny ündediler.
Bala haýwanlarda kaka we eje haýwanlara seredip, olaryň ýoluny dowam etdiler we soňunda oňat haýwan bolup ýetişdiler. Kaka haýwan we eje haýwan dünýäni terk edenlerinde, balalaryndan müň kerem razydyklaryny aýtdylar we haklaryny halal etdiler.
Kaka ynsan bilen eje ynsan, balalarny daşyna üýşürip, olara ynsanlyk dersini berýärdiler. Kaka ynsan, dersiniň soňuny şeýle gutardy:
- Balalarym! Durmuşda ynsan bolmana synanyşyň we hiç haçan ynsanlykdan daşlaşmaň.
Balalar,
- Näme etmelide ynsan bolmaly? Ynsanlygyň, ynsan bolmagyň ýollary nämedir?., diýip soradylar. Kaka ynsan,
- Örän aňsat, diýdi. Bizi özüňize nusga tutunyň we bizden görelde alyň. Ejeňiz we men näme edýän bolsak, sizde şony gaýtalaň.
Balalar kaka ynsan bilen eje ynsana seretdiler, olar näme edýän bolsa, şonyda gaýtaladylar. Olar kakalaryna bir almany iki bölen ýaly meňzediler.
Kaka ynsan bilen eje ynsan, balalaryny ýene-de üýşürdiler. Kaka ynsan olara,
- Utanyň utançsyzlar! diýip azgyryldy. Hiç biriňiz biziň isleýän adamymyz bolup bilmediňiz. Hiç biriňiz adam bolmadyňyz. Hemmäňiz ynsanlykdan daşlaşdyňyz. Indi dünýäni terk edýäris. Çeken azaplarymyz boşa gitdi. Hakymyz haram boldy. Goý, Alla sizi näletlesin.
Balalar geň galdylar,
- Bize näme üçin bet doga edýäňiz? diýdiler. Biz ýalňyş bir zat etdikmi ýogsada?... Size seretdik, sizden görelde aldyk. Siz näme et diýseňiz bizde şony etdik...

Eziz NESIN
3 лайков 152 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
noname
10 авг 2022, 20:35
Şol bir zat gaytalanyp dur