ÖÝE BARÝAN

Goltugymda torbam, kellämde obam,
Serediň, adamlar, men öýe barýan.
Doganym, gardaşym, ýakynym, käbäm
Göterip ýadymda men öýe barýan.

Perron. Iteleşik. Käýinýär daýza,
Käbämi ýatlaýan darykman gaýta.
Ýylgyrýan hem öýe barýan.

Küpedeş uz gelin näz edip baksa,
Ýassykdaşym, galdyr başyň, sen hakda
Oýlanýan hem öýe barýan.

Ýol kesýär otuz bäş-kyrk ýaşly adam,
Şol ýaşlarda dünýä çalşypdy kakam,
Meňzedýän hem öýe barýan.

Ilki otly, soňam awtobus haýal,
Her ädimde düşýär erkekmi-aýal.
Howlugýan, men öýe barýan.

* * *

Ahyr dabanlarym topragy basýar,
Bu ýerde üýtgeşik zemin hem asman.

Ýok, size üýtgeşik, özüme öňki,
Bar zatda yzym bar, hemme zat meňki.

Birem üýtgemändir üýtgeşik ýerler,
Şol oba, şol derýa, şol gök kepderler...

Siňip gidýän şol üýtgewsiz durmuşa,
Bir görsem, men gapymyzda du:rmuşym.

Reňki soýlan gapy açylýar çala,
Mähriban ynsanlam topulýar maňa.

Topulýar barysy, birisi galman,
Ýöne bäş sanyjak barysy, arman.

Tapmarsyň olara million içre taý
Hem binalar içre şeýle mährem jaý.

Ýok, biri topulmaz, görmedik bolar,
Ah, türkmeniň däbi, ah, sen gündogar...

Demläp döküşdirer demli çäýnegi,
Asla seň ýüzüňe bakmazam göni.

Söýgi gizlenmeli, bu — köne adat,
Söýgi gizlenmeli. Hany adalat?

Ganda endik hökmün ýöredýär ýene,
Ýalbarýan ýüz ýyllap batmajak Güne.

Gijeler suwa düş söýgiň howruna,
Hijran tagam berer wysal döwrüne.

Hormat-sylag bilen töre geçýärin,
A men bosagada durun obamyň.

Ilersi, gaýrasy gaýzygan sähra,
Ortada ýylan deý towlanýar Murgap.
Obaň guw sürüsi goşa kenara
Gonupdy bir pasyl dynç almak isläp...



Baýram AKATOW
7 лайков 223 просмотров
10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Saksofonist
11 авг 2022, 22:39
Ýok, biri topulmaz, görmedik bolar,
Ah, türkmeniň däbi, ah, sen gündogar...

Demläp döküşdirer demli çäýnegi,
Asla seň ýüzüňe bakmazam göni.

Söýgi gizlenmeli, bu — köne adat,
Söýgi gizlenmeli. Hany adalat?

Şular ýaly setirleri öndürýän ýürekleriň howry poeziýa teşne köňülleri hemişe ýyladyp dursun
Aksary
11 авг 2022, 22:59
"Men pendide üşeýän" :)

Ezber goşgulañ awtorydyr Baýram Akatow
Aýnur
11 авг 2022, 23:02
Gazetde birki gezek duş geldim (asylam gazet okamokdymam 1 ýyldan bäri) 2017ý çap edilen gazet .. Seýitnazar Seýdi adyndaky Mugallymçylyk Inistitutynyň talyby Sapamyrat Hommadow diýýä şol sizmi?
Pegas
Автор 11 авг 2022, 23:06
Mona Songz
Gazetde birki gezek duş geldim (asylam gazet okamokdymam 1 ýyldan bäri) 2017ý çap edilen gazet .. Seýitnazar Seýdi adyndaky Mugallymçylyk Inistitutynyň talyby Sapamyrat Hommadow diýýä şol sizmi?

Hawa.
Aksary
11 авг 2022, 23:06
Mona Songz,
Ol soragyñ kime degişlidi?
Aýnur
11 авг 2022, 23:24
Aksary
Mona Songz,
Ol soragyñ kime degişlidi?

Mowzugyň eýesine! Elbetde Pegasa
Aksary
11 авг 2022, 23:45
Mona Songz,
Ok
arzyhal123
12 авг 2022, 00:07
Goşgy ajayyp sps
Ahmal
12 авг 2022, 05:59
Filosofiya poeziya daldir. Emma hakyk poeziya filosofiya bolup biler....
Gosga like
Güljemal
13 авг 2022, 03:29
Gowy goşgy. Şu goşgyny her gezek okamda bir pursaty ýatladýar...