Dokuzynjy söhbet: Döredijilik tilsimleri ýa-da şekspirçilik ýolunyň käbir gürrüňleri
DOKUZYNJY SÖHBET: DÖREDIJILIK TILSIMLERI ÝA-DA ŞEKSPIRÇILIK ÝOLUNYŇ GÜRRÜŇLERI
OSMAN ÖDE. Nobatguly, meniň pikirimçe, edebiýatda iki esasy ýol bar: şekspirçilik ýoly hem-de tolstoýçylyk ýoly.
Şekspir genial eserlerini durmuşa kybap ertekileç tymsallaryň, rowaýatlaryň esasynda döredip, edebiýatyň çür başyna çykdy.
Tolstoý halkyň durmuşyny, ruhuny, psihologiýasyny real beýan edip edebiýatyň çür depesine çykdy. Tolstoý Şekspiri ömrüne ykrar etmedi, eger Şekspir onuň döwürdeşi bolan bolsa, ol hem Tolstoýa pitjiň atardy. Sen Şekspiriň ýolundan barýaň: «Gedaý bagşy», «Jemşidiň jamy», «Soltan Sanjar», «Çarhypelek», «Ataşparaz gyzy Sawa peri» we beýleki eserleriň halkyň durmuşyny görkezmän, seniň ylhamyň, seniň fantaziýaň esasynda döreden dünýäň ruhy ösüşini görkezýäň. Eýsem, ýazyjy, dörediji adam öz döwrüniň aýnasy bolmaly dälmi?
NOBATGULY. Meniň akyl ýetirişimçe, ol ýol edebiýatyň hakyky ýoly. Seniň «Üç monjuk», «Ogry depe», «Tapagan» atly eserleriň hem şol ýolda dörän eserler. Ýazyjy öz döwrüniň aýnasy bolmaly diýlen pikire men uýýaryn, ýöne ýazyjy öz döwrüniň, döwürdeşleriniň ýeten akyl, ruh, psihologik derejesiniň aýnasy bolmaly. Jikme-jiklik bilen ýazylan edebiýat halka golaý, halk şeýle edebiýta uly hormat goýýar, emma halkyň durmuşy özgerse, ol edebiýat arhiw materialy bolup galyberýär. Bäş-alty ýylyň içinde ýetmiş ýylda dörän edebiýatyň nä güne düşendiginiň biz gözli şaýady ahyry...
OSMAN ÖDE. Seniň gowy eseriň «Gedaý bagşy». Onuň gysgaça mazmuny şeýle: gadym zamanlar bir meşhur bagşynyň, köşk bagşysynyň ogluny olja edýärler. Bagşy türkmen atynyň aýagynyň ýetýän ýerini agtaryp ogluny tapyp bilmeýär. Ýigrimi bäş ýyl gözleýär. Onuň ogly eýýäm ýigit çykan, başga dilde gepleýär, başga dine uýýar. Bagşy ony öz sazynyň, dutarynyň gudraty bilen tapýar. Sen wakalary näçe ynandyryjy etseň-de, barybir ol erteki. Çünki waka gadym zamanda, ertekileriň dörän döwrüniň yzýany bolup geçýär. Tragediýanyň wakasy belli bir ýurda, belli bir wagta degişli däl. Onsoň ol parasatly erteki ýaly bolup görünýär. Erteki bolsa erteki bolýar.
NOBATGULY. Emma ertekiler ölmeýär. Geçmiş edebi mirasymyzdan şu güne gelip ýeten eserler haýsy? Ertekiler. Bakylyk patasyny alan – ertekiler. Eger meniň «Gedaý bagşy» pýesam erteki bolan bolsa, meniň azabym ýerine düşüpdir.
OSMAN ÖDE. Eger sen ony «Şükür bagşy» ýaly gönüden-göni türkmen taryhynyň bir döwri bilen baglan bolsaň, ol has ajaýyp bolmazmydy?
NOBATGULY. Bolardy! Men ony on dokuzynjy asyrda, ýa on altynjy asyrda hakyky ýanan şahslaryň biri bilen baglap bilerdim, emma onda meniň ideýam bilen ýanaşyk gelýän pikirlerim üçin meni basardylar, türmeden çykarardylar. Meniň bolsa, türmä düşüp özüme «Genidi» diýdirmek maksadym ýok. Görýärmiň, onda SSSR-iň dargamagynyň baş sebäpkäri L.I.Brežnewiň prototipi Muhammet şa otyr ahyry...
OSMAN ÖDE. Dur-la. Şahsy batyrlygyň ornuny hile bilen çalşandygyňy aýdasyň gelmeýär... Onuň üçin men seni köteklemekçi däl. Her kimiň bir hili ýaradylyşy bar. Umuman, SSSR öz gabahat senzurasy bilen edebiýaty bogdy, şonuň üçinem tymsallar bilen täze pikir aýtmak SSSR-de ýaşaýan ýazyjy pahyrlar üçin ýoň boldy. Esasanam, poeziýada hem dramaturgiýada. Kyssada-da şeýle edebiýat kän, Çingiz Aýtmatow durşuna tymsallar bilen täze edebiýata ýol açdy. Emma dörediji adamyň şahsy gahrymançylygy hem gerek ahyry. Şol bir açyş üçin Bruno ölüp gidýär, Galileý başyny gutarýar. Haýsy mamla?
NOBATGULY. Galileý geniý! Ol ýaşaýyş üçin däl, ylym üçin, dünýä üçin zerur. Ol seniň aýdyşyň ýaly, namartlyk edäýende-de, adamzat taryhynda ýyldyz bolup galýar. Emma Bruno öz meýline oda girmedik bolsa, ol galmazdy, çünki Bruno ýaly adam kän, kän...
OSMAN ÖDE. Sen, gaçalak edip, taryhdan hem özüňe oňaýly mysal tapyp otyrsyň! Eger Woznesenskiý, Ýewtuşenko ýaly beýik şahyrlar tymsallar, gaýry edebi pirimler arkaly öz pikirini aýtman, daşary ýurda geçip pikirini ýalaňaç halda aýdanynda, olara bireýýäm Nobel baýragy berlerdi... Emma Iosif Brodskiý şahsy gahrymançylyk görkezip, «Şeriň imperiýasyny» terk edip, şol beýik baýraga eýe boldy...
NOBATGULY. Ol baýragy alanlar dünýäniň iň genial şahyry, ýazyjysy diýen pikirden men daşda! Häzir Magtymguly ýaşap ýörende-de, oňa şol baýragy bermezdiler! Ol günbatarlylaryň baýragy, oňa tamakin hem bolmaly däl, tersine, Gündogar hem şol kysmy abraýly baýragy döretmeli!
OSMAN ÖDE. Barybir, Nobel Nobelligine galar, sebäbi, Gündogar isleseň, islemeseň Günbataryň yzyna düşýär. Günbatar Gündogar üçin ölçeg birligi. Günbataryň ykrar eden ýazyjysy, şahyry, alymy birden keramata, genä öwrüläýýär. Gündogar döredýär, günbatar baha berýär.
NOBATGULY. Hak aýdýaň. Gündogar dogrup ýatyr: Aziýa dogrup ýatyr, Afrika dogrup ýatyr... Gündogar garyp. Garyp ýurtda köp çaga dogrulýar, neşe, arak, beýleki keýpler köpelýär, jelepçilik ösýär, keseller ýurtlary göýdüklige alyp barýar. Taryhyň kanuny şeýle. Şol kanundan çykylmasa, Gündogar ýanyny ýerden göterip bilmez!
OSMAN ÖDE. Gynandyryjy ýagdaý. Tutuş taryh, tutuş siwilizasiýa türkmen topragynda kemala gelip, kämilleşip milletleriň, ýurtlaryň, dinleriň serhetini basyp geçip, dünýä ýaýrady, türkmen bolsa asyrlaryň geçmegi bilen tersin ösdi... Bolýar, hälki pikirimize gaýdyp geleli: SSSR eýýamynda Ý.Şwars, W.Rozow, L.Žuhowiskiý, M.W.Sosnin, G.Gorin ýaly dramaturglar öz pikirlerini dana tymsallaryň, rowaýatlaryň üsti bilen aýtmaga synandylar, şowly eserler hem döretdiler. A.Wampilow, Dudarew dagy bolsa has täze dramaturgiýany arena getirdiler. Haýsydyr bir anekdota çalymdaş durmuş wakasynyň üsti bilen durmuşy açmaga synandylar. Emma SSSR indi ýok, islän pikiriňi isleýşiň ýaly aýt, diýmek, ýokarky awtorlaryň ýaşyryn aýdan pikirleriniň bu gün geregi ýok. Diýmek, ol edebiýat eýýäm düýnki edebiýat! Şeýle dälmi?
NOBATGULY. Umuman, pikir dogry, biziň ýazýan islendik edebiýatymyz düýnki edebiýat. Ýöne häzirlikçe şol edebiýat biziň SSSR çägindäki galamdaşlarymyzyň ýeten derejesi! A.Wampilow bilen Dudarewiň täze akymy täzeligi bilen ile özüni aldyrdy, emma drama žanrynyň pese gaçmagyna getirdi. A.Wampilowyň ölümini bilýämiň? Ol haýsydyr bir Sibir köllerinde balyk tutup ýörkä gaýyk agdarylýar, görgüli kenara çenli janhowluna ýüzüp bilipdir. Eger ol kenara çenli ýüzmän, suwy boýlap göräýende diri galjak eken. Onuň ýüzüp ýören ýeri boý, saý, ýalpak ýer eken! Giňlige höwes eden adam boýlukdan pida bolýar, çuňluga höwes eden adam darlykdan.
OSMAN ÖDE. Biz hem Wampilow ýaly boý ýerde ýüzüp ýören bolmaly?!
NOBATGULY. Ahmal! Ýokarky pikirimi sada dile geçirsek, köp ýazjak bolýan ýazyjy çuňlugyny ýitirýär, çuň ýazjak bolýan ýazyjy tersine, az ýazyp, özüni açyp bilmeýär. Ortalyk gerek!
OSMAN ÖDE. Ortalyk bolsa edebiýatyň ýigrenýän zady... Beýik imperiýada ýaşadyk, onuň synyşyny gördük. Kolonializmde ýaşadyk, graşsyz bolduk. Müň ýyllyklarda gabat gelýän beýik hadysany görmek bize miýesser etdi. Emma, seret, Solženisyn ömrüni bagyş edip «Gyzyl tigir», «Arhipelag Gulag» eserlerini döretdi. SSSR ýykyldy, ol eserler esasy ähmiýetini ýitirdi. SSSR-i wasp eden ýazyjylaryň hem eserleri öldi. Üstesine-de, ýaňky sanan dramaturglarymyzyň tymsallar arkaly aýdan eserlerem, meniňçe, ähmiýetini ýitirdi. Diýmek, soňky ýetmiş ýylda ýazan awtorlaryň azaby reýgan! Bu fakt! Ýewgeniý Şwarsyň «Aždarha» atly pýesasy bar (ony beýik režissýor Mark Zaharow ekranlaşdyrdy) Staliniň eden-etdiligini häzirki zaman ertekisi kimin gyzykly suratlandyrýar, ahyrynda Aždarhany ýok edýärler. Emma oglanjyklar şol aždarhanyň keşbinden batbörek ýasap eseriň ahyrynda ony ýaňadan arşa göterýärler. Öz wagtynda gaty gymmatly pikirdi, emma ol pikiri şu gün islendik awtor ýeke setirde aýdyp bilýär. Şulardan mysal tutýaň, soňam M.Şolohowyň eserlerine nazar aýlap, çuň edebiýat näme hakynda ýazylan bolsa-da, hakyky çuň edebiýat bolsa, ýaşamagyny dowam etdirýär diýen netijä gelýärsiň. Şonuň ýaly-da «Aýgytly ädim» bilen «Ykbal» hem ýaşasa gerek. A, tersine, iňlis ýazyjysy Jorj Oruelliň «1984» atly eseri bolsa ýaşap ýör, ähmiýetinem ýitirenok, ýogsa awtor SSSR-den daşda, Staliniň deminden daşda 1948-nji ýylda ol romanyny ýazypdyr ahyry. Diýmek, näme hakynda ýazsaň-da wagtyň demi ýetmeýän çuňluga baryp bilseň, eseriň ýaşaýan bolmaly.
NOBATGULY. Ahmal.
OSMAN ÖDE. Ine, seniň soňky tragediýaň bar, «Pygamberiň pederi» – gaty gowy tema tapypsyň! Eseriň esasynda Muhammet pygamberiň kakasynyň ýaş mahaly gurbanlyk aýdylyşyny suratlandyrýarsyň. Adam öz bagryndan önen perzendini hudaýlara gurban bermeli. Adam öz balasynyň damagyny çalmaly! Pajyga kemi ýok! Eger, bu wakany realistik beýan eden bolsaň, zalyň ýarysy aglap ahyryna çenli görüp hem bilmezdi. Halkyň içinde şeýle rezonans dörederdiň. Sen bolsa muny real beýan etmän, pajygaly wakanyň gyzygyny gaçyrýan bolaýma? Seniň ýitiren zadyň näme, utan zadyň näme?
NOBATGULY. Hawa, galamdaş ýoldaşlarymyň şeý diýeni köp boldy. Dramaturg Ahmet Gurbannepesow bolsa «Men ýazan bolsam, diňe Abdyllanyň gurbanlyk aýdylandan, çapgy agajyna çenli gaty gowy tragediýa ederdim» diýdi.
Meniň üçin tomaşaçyny aglatmak, güldürmek meselesi iň soňky mesele. Men oňa hiç mahal ähmiýet beremok. Öwünmäýin welin, men sýužetsiz, ýöne dört-bäş adamy sahna çykaryp, arak içirip tomaşaçyny islän mahalam agladyp, islän mahalam güldürip bilerin öýdýän.
OSMAN ÖDE. Haý, gatyrak gitdiň öýdýän...
NOBATGULY. Hudaý ömür berse, ýörite şeýle pýesa ýazyp subut edäýerin... Hawa, meniň pikirimçe, tomaşaçyny aglatmak-güldürmek iň soňky derejeli zat. Meniň maksadym saýlap alan pajygamyň üsti bilen tomaşaçynyň dünýäsini başgalamak. Oňa başga pikir aýtmak, oňa başga dürbi bilen durmuşa seretdirmek!
OSMAN ÖDE. Seniň üçin adam tragediýasy ikinji planda-da?
NOBATGULY. Ol seniň üçin birinji planda. Seniň «Albaý», «Möjek kanuny» atly powestleriňde, onlarça hekaýalaryňda adam agysyny baş planda goýýaň. Sen sap, päkize adamlaryň hesretdeşi, dertdeşi. Sen olaryň aglan ýerinde aglaýaň, gynanan ýeriňde gynanýaň, ýüregiň şeýle, şonuň üçinem kyrk ýaşa ýetmän iki ýola infarkt bolduň! Sen Buddanyň durmuşyny bilýäň. Budda pygamberi bolan şazada Goýame köşkde dünýäden bihabar ýaşap ýör. Hatda ol adamyň ölýänindenem bihabar. Ol bir gün garyp adamy görýär, soň kesellini... Ol kesekiniň derdini çekişmek üçin köşgi, owadan gelnini, ýaňy doglan ogluny terk edip gidýär. Ol kesekiniň dertdeşi... A men durmuşa real seredýän. Adam ölýär! Ol ölmeli! Adam garyp galýar! Ol dünýäde kän zat. Uruş bolýar, uruş hem taryhy zerurlyk! Men şol zatlaryň tebigatyna düşünmek isleýän. Sebäbini agtarýan. Ikimiziň ýolumyz başga. Emma seniň hem şu ýoldan döreden eserleriň az däl, a mundan buýana bolsa esasy ýoluň bolsa gerek. Çünki biz indi edebiýatyň düýpgöter täze edebiýat bolmalydygyna göz ýetirdik. Şol täze edebiýaty döretmäge bizde güýjem bar, talantam, esasy zat, mizemez fundamentimiz bar.
OSMAN ÖDE. Arak içmegiň aňyrsy – belyý gorýaçka, akylyňdan azaşmaga alyp barýar, tirýek – ölüme, aşa yşkbazlyk, aýalbazlyk – gomoseksualizme. Hakykaty gözlemek – ýa-ha terkidünýälige, ýa-da Hudaý gözlegine alyp barýar. Hudaý gözleýjiligem geçmişde Nesimini, Mansur Hallajy «Men hudaý!» diýmäge alyp barypdyr. Sen nireden çykaryn öýdýäň?
NOBATGULY. Biz diý! Hakykat bizde. Allatagala tebigatyň açaryny adama bedipdir, adamyň açaryny – tebigata. Biz özümize tebigatyň syrlaryna akyl ýetirmek arkaly akyl ýetirip bileris, tebigat hem adamyň syrlaryna akyl ýetirmek arkaly özüne akyl ýetirip biler. Bu bolsa tükenmez proses!
■ Eserdäki podtekst
OSMAN ÖDE. Her döwürde näletlenýän, söýülýän ýazyjylar, şahyrlar bolýar. Ýöne wagtyň hakykat atly elegi kimiň kimdigini aýyl-saýyl edýär. Düýnki näletlenilýän şahyryň bu gün arşa göterilýär, söýülen şahyryň hem aryşdan ýere sokulýan pursatlary bolýar. Ine, Paýzy Orazow bilen Annasoltan Kekilowa öz döwründe töhmeti gabyr edinmeli boldular. Bu gün şol töhmet olardan aýryldy, eserleri halka ýetirildi. Görlüp oturylsa, olaryň bar günäleri käbir pikirleri batyrgaý aýdanlygy eken.
Sowet gurluşy ýazyjy-şahyrlary podtekstde bukulmaly etdi. Podtekst iň gowy gaçybatalga boldy. Ýazyjylar, şahyrlar podtekstli gürläp, durmuşa bolan närazylyklaryny ýazdylar. Indi görüp otursam, Nobatguly, podtekst biziň häsiýetlerimize-de geçip ugrapdyr.
Poeziýada göçme manyly goşgular ir döräp ugrady, prozada soňrak.
NOBATGULY. Prozada Agageldiniň «Goja» hekaýasy podtekstli edebiýatymyzyň başyny başladymyka diýýärin. Osman Öde, Ahmet Halmyrat, Aman Goşa, Kömek Kuly... A poeziýada Guldurdy Sähetdurdyýew. Belki, başga-da bardyr, dogrusy, men hemme ýazyjyny okamok, ýa okasamam, edil şonuň ýaly eserine gabat gelen däldirin. Men gowy görüşýänlerimiň zadyny okaýaryn, bar kişini okar ýaly men edebi tankytçy däl.
OSMAN ÖDE. Men türkmen halk aýdymlaryny diňlänimde, türkmen halkynyň gadymda gaty kuwwatly döwlet bolandygyna, aýdymynyň, sungatynyň, edebiýatynyň bijaý ösendigine ynanýaryn. Biziň halk aýdymlarymyz edebiýatyň iň saýlama goşgularyna döredilipdir. Indi bolsa tersine, ýylmanak-ýylmanak, manydan daş, akyldan boş goşgulara kompozitorlarymyz aýdym döredýär. Şonuň üçinem beýle aýdymlar sähelçe möwsüm ýandak ody ýaly labyrdaýar-da, birdenem öçüp gidýär.
NOBATGULY. Kompozitorlar gowy saz ýazýar, ýöne olaň ýaramaz goşga gowy sazy ýabşyrmasy gül ýaly gyz ýetişdirip, onam bir bezemen, emma, akmak ýigide äre beren ýaly bolýar... Bizde klassyky aýdymlaryň döreýşi barada rowaýat ýazyp ýören ençe kişi bar. Olar galaba aýdymlaryň döreýşini geçen asyra, geçen asyrda-da öz tiredeş bagşysyna, tiredeş bagşysynyň-da garyndaşragyna ýöňkäp: «Pylan aýdym, şeýle döräpdir» diýip, rowaýat ýasaýarlar ýok ýerden. Meniň pikirimçe, biziň aýdymlarymyz, hiç bolmanda, Seljuklar imperiýasy bilen ýaşyt dörän, doglan aýdymlar bolsa gerek. Dogry, her döwürde bagşylarymyz olara öz döwrüniň beýik goşgularyny salan bolmagy ahmal.
OSMAN ÖDE. Sen käte täze pikir oklasaň-da, ony türkmen şahyry däl-de, haýsydyr bir ispan, britan, arap ýa-da ors şahyry aýdan ýaly bolup dur. Ýa bu şeýle-de bolmalymy?
NOBATGULY. Milli däl diýjek bolýamyň? Osman, pikiriň milleti, wagty, döwri, dünýä inmeli territoriýasy bolmaýar. Emma islendik täze pikiriň milli ruhy, döwrüniň ýürek urgusy, territorial keşmeri hökman bolaýmalydyr, ýogsa onuň probirkada kemala getirilen çagadan, inkubator towgundan parhy bolmaz. A bi tragediýa.
Men beýleki şahyrlaryň nädýänliginden bihabar, ýöne, özüm-ä bir täze pikir tapsam, täze bir pikir gelse, ur-tut goşgy etmekden saklanýaryn. Ol pikiri ele alyp, her bir tarapyndan baryp görýärin. Ol pikiri aýdanyňda jüpüne düşer ýaly detallary agtarýaryn. (Bu zatlar duýgy goşgularyna degişli däl). Pikir tapmak hiç zat, ony aýtmakda iş bar. Meniň bellikler depderçämde ýedi ýyllap ýazmaga tapylyp goýlan pikirlerim bar, emma, ýazyp bilmän ýyllap gezýän wagtym bolýar.
Pikiri täze detallaryň, täze meňzetmeleriň, täzeçe çeperçilik serişdeleriniň üsti bilen beýan etmäge synanmaly. Ýönekeý bir mysal: meniň bütin döredijiligimde bilbil sözem gelýän däldir, onuň güle aşyklygam. Lenç edilen zatdan gaça durmaly. Owadan, hernäçe owadanam bolanda o loly bilen ogşaşmaly däl-de, horoşoja-da bolsa täzeje, ogşalmadyk gyz bilen ogşaşmaly.
Eger, meniň bir, iki, on goşgym haýsydyr bir ispan şahyry ýazan ýaly bolup duranda, ol meniň betbagtlygym bolardy. Pikirlerimiň aglabasynyň delligi, türkmene nätanyşlygy – meniň pikirleniş sistemam, usulym.
Käbir şahyrlary bilýän: agşam ors şahyrynyň goşgusyny okasa, goşgusy rus şahyrynyňka meňzeş, ispan şahyryny okasa, goşgusyndanam ispan şahyrynyň ysy gelip dur. Beýle şahyryň özi bolmaýar, ol çagalaryň suratly kagyzy beýleki kagyza basyp geçirişi ýaly ýönekeý geçiriji bolup galyberýär.
OSMAN ÖDE. «Şahyrlyk ýangyndan döreýär» diýýärler, seniň eliňe galam aldyran ýangyn näme bolmaly?
NOBATGULY. Yşk oduna uçramadyk kişi poeziýanyň nämedigine göz ýetirip bilmez! Yşky köýmedik kişi – talantlydygyna garamazdan, şahyr bolup bilmez! Beýik filosof bolar, Hudaý bolar, emma söýgüsi köýmedik, ýene bir ýola nagdynlap aýdýaryn, şahyr bolup bilmez! Dogry, bizde söýgiň nämedigini bilmän, uly şahyr bolup ýörenler az däl, emma olaryň şahyrlygy wagtlaýyn.
OSMAN ÖDE. Saňa üýtgeşik bir mümkinçilik açylsa, «Nobatguly, ynha, saňa ýigrimi ýaş, ýaşan ömrüňi täzeden başla» diýilse, gitjek ýoluň nireden, üýtgetjek zatlaryň nämeden ybarat bolardy?
NOBATGULY. Dünýä täzeden gel diýseler, gelmezdim, walla, gelmezdim. Emma ýigrimi ýaşdan başla diýilse, özem şu döwürde diýilse, elbetde, men bütinleý başgaça ýaşamaga synanardym, emma jem barybir şu günküräk ýaly bolardy. Sebäp, şahyr nireden başlasa-da, onuň barmaly ýekeje ýeri bar! O.Genriniň şahyryň ölümi barada bir hekaýasy bar. Üç hekaýadan ybarat şol hekaýada şahyry gudrat bilen her hekaýada bir hili başlangyçdan başladýarlar, üçüsem şahyryň ölümi bilen tamam bolýar. Bu soraga gysga jogap bermek mümkin däl, söhbet gaty uzaga çekendigi üçin bir rowaýat getireýin: bir gözi şal bilen daňlan eşek uzak gün harman döwüp, agşam agylyna barýar, şonda oňa düýe:
– Gatytoýnak, nirlere gidip geldiň, gören-eşideniňden habar ber – diýen.
– Dünýäni aýlanyp çykdym, görer ýaly zat ýok – diýip, eşek jogap beripdir.
Men: «Şahyr bolup dünýä ineniňden, Amerikada it bolup dünýä inseň has gowy boljak!» diýýärin. Içki sesim: «Seni it edip jahana indermek kyn däl, ýöne ol seni Koreýada inderer gümany bar» diýýär.
Men: «Şahyr bolup dünýä ineniňden, öküz bolup dünýä inseň gowy» diýýärin, içki sesim: «Ispaniýadamy? Öküzleri syhlap, keýp edip öldürilýän ýurtda» diýýär. Men bu zatlary gülmegiň hatyrasyna aýdamok. Şahyr öz döwrüniň sesi, gözi, gulagy bolman biler, emma şahyr öz döwrüniň ýaradar ýüregi bolmasa – ondan şahyr bolmaz!
OSMAN ÖDE. Adam özüne mydama ideal dost gözleýär. Dostundan kän zady tama edýär, tamasy çykmasa, öýkeleýär. Dogrusy, dostlaryndan hemişe göwün diýeniň çykyp duranok. Biz dostlarymyzdan, birek-birekden çakdan aşa köp zada garaşýan bolmaly?
NOBATGULY. Dostdan diňe dostluga garaşmalydyr. Ynha, jana-jan dostumyz Guldurdy baýy alaly. Men ondan zada tamakin bolsam, onda meniň öz mertebämi peseltdigim bolar, eger, ol «zadym kän» diýip, maňa beriberse, ýene meniň mertebäm peseler. Berlen zady, baý-u-garyp berendigine garamazdan, ir-u-giç gaýtarmaly! Gaýtaryp bilmejek zadyňy almaly däl. Dostuňkam bolsa.
OSMAN ÖDE. Eýse, sahylyk gerek dälmi gurply kişä?
NOBATGULY. Sahylyk zerur, çünki birnäçe adam ryzkyny Alladan dilemeýär, «Pylany bir kömek etse, pylany pylan zat berse» diýip, bendeden umydygär bolýar, şolaryň haýyşyny kanagatlandyrmak üçin, Taňry baý adamlara has köp ryzk berýär. Sahy baýlar Bendeden umydygär garyplara zat paýlaýan Allanyň eli – Sahy baýlardyr.
OSMAN ÖDE. Soňky döwürde ideal çüpreşýärmi ýa göwnümemi?
NOBATGULY. Meger, Alladan gaýry ideal zat ýokdur. Şu mahala çenli bizi ideal salgymyna kän kowalaşdyrdylar. Meger, bu dünýäde kämil zat ýokdur, kämil däl zatdan bolsa ideal bolmaýar. Şu zatlara akylymyz ýeteni üçin, belki, ideal çüpreşýändir, ol şeýle bolmalydyr.
OSMAN ÖDE. Adamda, meniň pikirimçe, bir ideal bar, ol hem özüň. Her kim özüne ideal. Özüň özüňi ynjytmaýaň. Dostuňa aýdyp bolmýan zady özüňe arkaýyn aýdyp bolýar. Dostuňa aýdan syryň il gezip ýüzüňe şarpyk bolup urlaýmagam daşda däl. Dostuň üçin ruhy, maddy, fiziki şarpyk köp datdyňmy?
NOBATGULY. Edebiýat meýdanynda ençeme ululy-kiçili toparlanyşyklar bar. Menem, ýekegezer ördek däl. Şolaň birine degişli. Şol sebäplem diňe belli bir adamlar bilen tirkeşýär diýlip zyýan edilen ýeri köp, tersine, tirkeşýänlerimiň peýda eden ýerem az däl. Heýbe-heýräk!
OSMAN ÖDE. Bä, sen haýsy toparlanyşyga degişli?.
Käte-käte göwnümiň galýandygyna garamazdan, şatlygyma şatlanyp, hasratyma gyýylýan arkadag dostlarymyň bardygyna çäksiz begenýän. «Şol dostlarym bolmadyk bolsa, aljak galam bolmazdy» diýip, pikir edýärin. Sende-de doganlaşan dostlaryň bardygyny bilýärin, olaryň sen hakdaky alada-yhlaslaryna guwanýaryn. Şolar hakda gürrüň beräýseň. Özem gürrüňi Nurmämmetden başla. Göräýmäge häsiýetleriňizde onçakly meňzeşlig-ä ýok.
NOBATGULY. Nurmämmet ikimizi, megerem, durmuş kynçylygy dostlaşdyrandyr. Ikimiz klasdaş, köp zat babatda pikirdeş. Nurmämmetde mertlik, beýik adamkärçilik, dogruçyllyk ýaly gowy häsiýetler jemlenen. Obamyzda Aşyr Söýeg diýip gaty parasatly adam bardy, şol käte Nurmämmediň eden işine göwni ýetende: «Häý, Hudaýguly hanyň ogly-da!» diýip, buýsanjaň ýylgyrardy. Nurmämmet kiçijikkä kakasynyň inisine ogullyk berilýär. Ol adam bolsa uçursyz güýçli mollady, Egrijäniň (Murgap derýasynyň bir ady) boýunda onuň orny aýratyndy. Şeýlelikde, ol kakalygy Çary agadan dini terbiýäni hem kemsiz alan oglan. Nurmämmediň bilýän rowaýatlaryny Ümür Esen ýaly intipis edip ýören kişi bolaýmasa, bilmese gerek. Kiçijik obadan beýle köp bilýän, häsiýetli, mert ýigit her bir ýaş şahyra duşup durmaýar. Umuman, men obadaşlarymy gaty gowy görýärin, obada Amannazar Söýünhan, Sapar Söýeg, Şamyrat Mämmet... ýaly gowy dostlarym bar. Meniň üçin gaty köp işler eden Sary daýymy men gaty hormatlaýaryn. Ol şindem meniň üçin kökenek.
OSMAN ÖDE. Mundan bäş-alty ýyl ozal dünýä baky gelen ýalydyk, ýöne, şum ajal aramyza girip ýürek beren dostlarymyzdan aýyrdy. Ajal aýraçylygy müdimi bolýar. Men bizi ruhy sarsgyn bilen eňter-pelegimizi öwrüp giden dostlarymyz barada aýdýaryn.
NOBATGULY. Ajalyňam her hilisi bolýar. «Wäh» diýlen ýalysyndan Allaň özi sowsun. Saýlaw Myradow hem Akmyrat Şir ýogalanda men gaty uly ruhy ejire sezewar boldum. Şonda-da bir zada göz ýetirdim: ýürekden birini halys gowy görmeli däl! Emma Saýlawam, Akmyradam ýürekden gowy görmez ýaly ýigitlermidi? Ahmet Bekmyradow ýogalanda bolsa, men, birhili, dünýeden gaty nadyl boldum: neressäniň özi ýetim, «agam», «inim» diýip aglajagy ýok halyna, ene-ata ýok halyna, çagalaryny hem ýetim goýduryp, balary ýaly işden gaýry zady bilmedik ýigidi alyp gidibermek bolarmy?! Men dünýäniň adalatsyzdygyna, men dünýäniň panylygyna akyl ýetirýärdim, ýöne şol gezek dünýäniň ýüreginiň-de ýokdugyna göz ýetirdim.
Nobatguly REJEBOW, Osman ÖDE

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.