Atajan Tagan
Gündelik ýazgylary
"Kyrk ýylda ýazylan kitap" atly gündelik- esseden parçalar
* * *
Allatagala her asyrda bir gezek penjesini talantdan dolduryp, ýeriň ýüzüne sepeläp goýberýän ýaly. Şonuň üçinem mahal-mahal her halkda adaty adamlardan tapawutlanýan bir beýik şahs dünýä inýär. Geçen asyr hakda oýlanýaryn: ýewreýlerde Albert Eýnşteýn, ruslarda Mihail Şolohow, başgyrtlarda Mustaý Karim, ermenilerde Grant Matewosýan, litwalylarda Eduardas Meželaýtis, daglylarda Resul Gamzatow, gyrgyzlarda Çingiz Aýtmatow, türkmenlerde Weli Muhadow.
* * *
Kaka Salyh meniň "Ýekegöz" hekaýamyň ikinji nusgasyny galamly okanyndan soň, şu gün yzyna gaýtardy. Bähbitli bellikler edipdir. Esasanam, ol meniň türkmen dilinde "agsaýan" ýerlerimi ýerlikli "tutupdyr". Ol hekaýanyň telim ýerinde "rusça" , "rusça pikirlenme" diýen ýazgy galdyrypdyr.
Men ömrümde ýeke hekaýany-da rusça ýazmandym. Aslynda, meniň rus dilini bilşim çeper eser ýazmaga dalaş ederden juda pes. Dogry, gazet makalasyny ýa-da edaranyň guraksy resminamalaryny rus dilinde ýazmak elimden gelmänem duranok. Ýöne rus dilini ene dilime zeper ýetirer ýaly derejede aňyma guýlandyr öýtmeýärdim. Elbetde, 30 ýyl gowrak Moskwada ýaşamagym we rus dili edarada işlemegim dilime öz täsirini ýetiren bolarly.
* * *
A.Gurbannepesow, A.Atabaýew üçimiz bir ýere myhmançylyga gitmelidik. Men sagat göni 19-da öz öýümiň gapdalyna köçä çykyp durmalydym.
Belleşilen wagta laýyk üç minut galanda meň öýümiň gapdalynda maşynyny saklan Atamyrat:
- Biziň gelenimizi aýnasyndan görübem durandyr welin, ýene iki ýarym minut geçmese, Atajan Tagan öýünden çykmaz - diýýär.
- O nä beýle? - diýip, Ahmet gyzyklanýar - Ol ulumsy adamam-a däl ýaly.
- Ulumsy däl. Ýöne 30 ýyl Moskwada işläp, ol onuň öwrenen zady. 19-nol-nol diýip gepleşdikmi, göni 19-nol-nolda-da maşynyň gapysyny açar. Ynanmasaň, sagat tutaý.
Men maşynyň gapysyny açanymda:
- Nätdi? - diýip, Atamyrat Ahmede ýüzlendi.
Ahmet sagadyna seretdi:
- Ýok, edil seň aýdyşyň ýaly-ha däl. Sagadyň 7 bolmagyna ýene 12 sekunt bar.
- Onda seň sagadyň 12 sekunt yza galýar - diýip, Atamyrat çykalga tapdy.
* * *
Mahal-mahal özüme ýer tapmaýaryn. "Akmaňlaý" ady bilen başlan hekaýam hem ýöremedi. Elim işe barmansoň, "Kak my pişim" diýen kitaby okap çykdym. Mendäki ýaly ýagdaý uly ýazyjylarda-da bolýar eken. Oňa geň galyp, ertesi Ýan Parandowskiniň "Alhimiýa slowa" diýen kitabyny okadym. Onuň belligine görä, Gýugo, Balzak ýaly beýikleriňem tutuş bir hepde stol başynda oturyp, ýekeje sahypa ýazmadyk mahallary-da bolupdyr.
* * *
Ýuriý Oleşanyň "Setir ýazylmaýan gün bolmasyn" kitabyny 15 ýyldan soň gaýtadan okadym. Göräÿmäge üýtgeşik zat hem ýok ýaly. Emma kitaby okap gutarjakdygyña gynanýarsyň. Hudaý beren talantly adam näme hakda ýazsa-da, täsin bolup çykaýýar. Şol kitaby hem soňky aýlarda W.Zakrutkiniň "O neuwýadaýemom" , W.Kaweriniň "Weçerniý zwon" eserini okap okyjyny akyl satmak bilen däl-de, diňe sadalyk bilen özüňe çekip bolandygyna ýene bir gezek göz ýetirdim.
* * *
Döredijilik adamlarynda her hili geň gylyklar bolýar. Maksim Gorkiniň ýazmagyna görä, dünýäniň uly ýazyjylarynyň biri Emil Zolýa stol başyna geçende, özüni oturgyjyna ýüp bilen mäkäm daňyp işleýär eken.
* * *
Şekspir, Tolstoý - dünýäde iň meşhur söz ussatlary, ýöne olaryň hersiniň öz döredijilik ýoly bar. Her kimiňki özüne makul. Tolstoý Şekspiriň eserlerini halamandyr. Ol öz pikirini açyk ýazypdyr: "Şekspir akylly adam däl. Ol dramaturgam däl-de, oýnatgy ündewçileriň diline düşensoň, adygyp giden boş awtor". Lew Tolstoý örän esasly tutalgalara daýanýar. Onuň nygtamagyna görä, Şekspiriň "Otellosy" köneden gelýän italýan nowellasyndan, "Gamleti" öňden bar materialdan, "Korol Lir" ozal çap bolan " Korol Lir" dramasyndan göçürilen bolmaly. Otello, Lir, Gamlet, Dezdemona ýaly gahrymanlary ýatlap, ol obrazlaryň haýsydyr bir eserden alnandygyny nygtaýar. Tolstoý howaýy sözler bilen däl-de, öz genilik talanty biken tankytlanda, Şekspiriň tarapyny çalar ýaly ýapyşalga goýmaýar, dramaturgyň gahrymanlarynyň hemmesiniňem diliniň birmeňzeşdigini, awtoryň baglanyşmaly wagta-da parh goýman, diňe boş sözlere, manysyz samramalara üns berendigini eserlerden mysallar getirmek bilen tekrarlaýar.
Şeýle beýik şahs tarapyndan, onda-da, kanunalaýyk tankyt edilenden soňam Şekspiriň pýesalarynyň, iň bolmanda, Tolstoýyñ öz Watanynda-da sahnadan düşmän ýörşüne haýran galaýmaly. Ýa-da ol beýik Tolstoýyňam urgularyna çydap bilýän eserleriñ awtory Şekspiriň beýikliginiň subutnamasymyka?

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.