Gyzlaryma

Dört gyzym, dört nury didäm,
Gulak goyuň sözlerime:
Dört ogul deý, dert iner deý
Kuwwat beriň dyzlaryma.

Biriň ýazym, biriň arzym,
Abadym, saherim meniň.
Dört diregim, dört pasylym,
Baryňam baharym meniň.

Dört pasylym, dört diregim,
Gündiz günüm, gije aýym.
Size giň dünýede abraý
Miýesser etsin ylaýym.

Namartlar kä mert ýigde-de
Nähak ýere şyltak atar.
Yöne welin, gyz halkyna
Olaň sözi has köp ýeter

Emma, biliň, buýsançlylaň
Utdurany ýokdur heniz.
Lak atylar ýeňleslere,
Hormatlydyr edaly gyz.

Ýigit kimin, bir är kimin
Iliň-günüň hoşy boluň.
Adyňyz-abraýyňyz bilen
Bir hataryň başy boluň.

Oguldan ýanyp yörenler,
Çeke-çeke ahy-zary,
Diýsin sizi ýüze sylyp:
«Wah, gyz dogsa bolmaýarmy!»


Yhlas bilen dileýärin
Ýüze sylyp günüm-aýym.
Size giň dunyede abraý
Miýesser etsin ylaýym!


GURBANNAZAR EZIZOW
10 лайков 622 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
27 май 2022, 08:41
Berekella ýetireniňize sagbol like.
Hiayress
27 май 2022, 08:55
"Gyzlaryma" Gurbannazar Ezizowyň Krasnowodskda (häzirki Türkmenbaşyda) ölmezinden öň iň soňky okan goşgusy bolmaly.
Pegas
27 май 2022, 09:35
Hiayress
"Gyzlaryma" Gurbannazar Ezizowyň Krasnowodskda (häzirki Türkmenbaşyda) ölmezinden öň iň soňky okan goşgusy bolmaly.

Krasnowodskä baryp ýetmediler olar...
Telwas
27 май 2022, 09:50
Gurbannazar agaň owadan gyzlary bar. Suratlaryny görüpdim.
Hiayress
27 май 2022, 10:56
Pegas,
Tersine Krasnowodskydan yzyna gelýärkäler. Gazanjygyň deňindäki postda atylýarlar dälmi nä?!
Perman Izakow
27 май 2022, 12:14
Mendenem like
Ejegyz.
27 май 2022, 16:37
+++