Gyzlaryma (Gurbannazar Ezizow)

Dört gyzym, dört nury didäm,

Gulak goýuň sözlerime:

Dört ogul deý, dert iner deý

Kuwwat beriň dyzlaryma.




Biriň ýazym, biriň arzym,

Abadym, säherim meniň.

Dört diregim, dört pasylym,

Baryňam baharym meniň.




Dört pasylym, dört diregim,

Gündiz günüm, gije aýym.

Size giň dünýede abraý

Miýesser etsin ylaýym.




Namartlar kä mert ýigde-de

Nahak ýere şyltak atar.

Ýöne welin, gyz halkyna

Olaň sözi has köp ýeter.




Emma, biliň, buýsançlylaň

Utdurany ýokdur heniz.

Lak atylar ýeňleslere,

Hormatlydyr edaly gyz.




Durmuş guruň, ylalaşyň

Ýöne ara düşen söze

Orun berip köňlüňizde

Dyzap durmaň öýüňize.




Ýigit kimin, bir är kimin

Iliň-günüň hoşy boluň.

Adyňyz-abraýyňyz bilen

Bir hataryň başy boluň.




Oguldan ýanyp ýörenler,

Çeke-çeke ahy-zary,

Diýsin sizi ýüze sylyp:

«Wah, gyz dogsa bolmaýarmy!»




Yhlas bilen dileýärin

Ýüze sylyp günüm-aýym.

Size giň dünýede abraý

Miýesser etsin ylaýym!

4 лайков 255 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Kalp doctory
04 янв 2022, 10:33
Shu shahyryng goshgylarny yaman halayan like
одинок
04 янв 2022, 10:37
mnden like
Ötegçi
04 янв 2022, 10:40
Yatdan bilyan bolsamam girip like basyp gecyan şahyrym EZIZOW. yetiryanler we okayanlar sagbolsun
Ejegyz.
04 янв 2022, 10:54
Menem gowy goryan şu şahyry.