Gyzlaryma.........

Gyzlaryma
Dört gyzym, dört nury didäm,
Gulak goýuň sözlerime:
Dört ogul deý, dert iner deý
Kuwwat beriň dyzlaryma.

Biriň ýazym, biriň arzym,
Abadym, säherim meniň.
Dört diregim, dört pasylym,
Baryňam baharym meniň.
Dört pasylym, dört diregim,

Gündiz günüm, gije aýym.
Size giň dünýede abraý
Miýesser etsin ylaýym.
Namartlar kä mert ýigde-de
Nahak ýere şyltak atar.
Ýöne welin, gyz halkyna
Olaň sözi has köp ýeter.

Emma, biliň, buýsançlylaň
Utdurany ýokdur heniz.
Lak atylar ýeňleslere,
Hormatlydyr edaly gyz.
Durmuş guruň, ylalaşyň

Ýöne ara düşen söze
Orun berip köňlüňizde
Dyzap durmaň öýüňize.
Ýigit kimin, bir är kimin
Iliň-günüň hoşy boluň.
Adyňyz-abraýyňyz bilen
Bir hataryň başy boluň.

Oguldan ýanyp ýörenler,
Çeke-çeke ahy-zary,
Diýsin sizi ýüze sylyp:
«Wah, gyz dogsa bolmaýarmy!»
Yhlas bilen dileýärin
Ýüze sylyp günüm-aýym.
Size giň dünýede abraý
Miýesser etsin ylaýym!
* * *
Bu neneňsi geň gylyk?
Nirden gelip ýolukdy?
Ondan gaçyp nirede,
Nä deşige sümmeli?
Ine, agşam nätanyş
Meniň gapymy kakdy,
Göwnüme, şoň kisesi
Kesgir mawy gamaly.

Ýel şuwlaýar daşarda,
Gelip urýar penjirä,
Misli kepen gunduz gar —
Ýerde ýatar niçezar,
Heý, gün bormy mundanam,
Ýürek düşüpdir penjä,
Şol gazaply gara penje
Ezýär ony, mynçgaýar.

Çyrany söndürsem birden
Goýy tümüň içinden
Gaplap alýar daşymy
Egri-bugry geň ýüzler.
Aýdyň ahyr, haçana çen,
Haçana çen, haçana çen,
Maňa bakyp iýjek meni,
Görülmedik wagşy gözler?
Bu nämäniň alamaty
Ýadawlykmy ýa jezamy?

Ol gözler nä gözleýär,
Näme olaň maksady.
Çekip çydar ýaly däl,
Bu düşnüksiz yzany.
Halasgärim, diregim,
Basymrak daň atsady

Çeşme:G.Ezizow
2 лайков 117 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
kone natanysh
15 окт 2021, 21:54
Shahyryn in sonky okan goshgysy bolmaly "Gyzlaryma"
Döwlet Şöhradow
15 окт 2021, 22:03
Howa, laýk+
Mr.JUMBA3
15 окт 2021, 22:15
kone natanysh,
serpay bolaymasyn
kone natanysh
15 окт 2021, 22:17
Mr.JUMBA3,
"Serpay" in sonky yazan goshgysy diyip bilyan.