Kűýseg

Gussalarym çykyp biçak çygyrdan,
Gara saçlar kem-kem agaryp barýar.
Barlygyñda başymda durupdyñ merdem,
Däde- sensiz dűnýe daralyp barýar.

Howsala basyp dur ejiz kalbyma,
Dönip bu gűn arzuwlarym salgyma,
Ykbal dözýä hasratlary ogluña,
Däde-sensiz dűnýe daralyp barýar.

Ejiz göwnim tapmady hiç teselli,
Söýgidenem ýűrek bu gűn keselli,
Sähel zada başym bolýar heserli,
Däde- sensiz dűnýe daralyp barýar.

Gözimde műdimi surata dönip,
Galypsyñ geçmişi ýatlama dañyp,
Ýapraklar saralýar şahadan tänip,
Däde-sensiz dűnýe daralyp barýar

Perman Halgylyjow
2 лайков 137 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
18 авг 2022, 19:37
Şeýle temadaky goşgulara hiç zat diýesiňem gelenok...
Ruhy şat bolsun. Goşgy oňat.
yusupahmet12
18 авг 2022, 19:48
Ata gazaby, ata talapedijiligi, ogul-gyz babatda ata tutanyerliligi perzentleriniñ kalbyna sary gizlin mahre garylyp, siñip baryberyar. Entek kamillik yachyna yetledik ogul-gyz atanyñ ozlerine garayshyny yokush goryar. Ata ucin gyzynyñ abraÿy ozuniñ mertebesi. Shonuñ bilen birlikde-de, hyzmaty iliñki bolmaly gyz oglanyñ ykbalynyñ gelejekgi agyru-yeñil gu leriniñ agramy yene-de atanyñ ( enanpñ) eg indaki ÿük. Ogul banatda-da sheyle. Ogul durmush basgancaklarynda adimlap, yokary goterilip baryarka sahel saginmage mejbur bolsa, atanyñ hemayaty, has dogrysy ruhy goldawy onuñ hemayatkari bolyar. Goshgynyñ awtory, ote gecdigim bolmasa, shu zatlaram gyÿtaklaÿyn nazarda tutan bolsa gerek. Anyk bilmedim. Goshgynyñkabir setirleri biraz gowushgynsyzrak. Yene bir gezek gozden gecirilse gochgy has gowy boljak eken.