Döredijilik adamlarynyň durmuşyndan

Bir gezek Çary Aşyryň garažda duran maşynynyň dört tigri hem ogurlanýar.
Şahyr milisiýä ýüz tutmaly bolýar. Milisioner ýigidiň:
—Ogrynyň kimdigini,heý,çaklaýarsyňyzmy?—diýen sowalyna Çary Aşyr:
—Hydyr Derýaýew diýen goňşym bar welin,şoňa-ha müňkür bolmanam duramok— diýen jogap gaýtarýar. Hydyr Derýaýewiň adyny-da eşitmedik, şol mahallar uly iliň elinden goýman okaýan “Ykbal” romanyndanam bihabar hem sowatsyz milisioner ýene sowal berýär.
—Sebäbi näme? Ol adam ozalam zat ogurlap ýörenmi?
—Özüm ogrulykda tutdum diýsem-ä ýalançy bolýan welin, Hydyr aga diýilýän adam ozalam 19 ýarym ýyl oturyp gelen. Özem Mary ýa Aşgabat türmesinde-de däl,Workuta diýilýän alys ýerde.Saňa başga nähili tutaryk gerek,inim? (HydyrDerýaýew 1937-den 1956-a çenli,dogrudanam,“oturypdy”. Ýöne ol ogrulyk edeni üçin däl-de,syýasy töhmetiň pidasy bolup gidipdi.) Hydyr Derýaýewiň ýazyjydygyny-da bilmeýän milisioner ýaşulyny telim gezek soraga çagyrýar. Çary Aşyr bolsa känbir oňa-muňa çykyp ýörmeýän göňşusynyň aýnanyň öňünden gecip barýanyny görýär-de,bir gezek:
—Hydyr molla,soňky mahallarda günde-günaşa şu tarapa gatnamagy ýygjamlatdyň welin,näme alada çykdy? —diýip soraýar. —Aý, şu tarapda ýegenimiz ýaşaýardy-da,käte ýanyna baryp gaýdaýýan—diýip,hiç zat çaklanýandyr öýtmeýän Hydyr aga gümmi-sümmi edýär. Soň Çary Aşyryň degişmesiniň üsti açylyp,tertip-düzgün goraýan edaranyň işgärleri Hydyr agadan ötünç soraýarlar. Çary Aşyr bolsa käýinç eşitmeli bolýar.
***
Gylyç Kulyýew Türkmenistanyň Medeniýet ministri bolup işlän döwründe şahyr Anna Kowusow hem onuň orunbasary eken. Ministriň maşynyny sürýän ýaşuly şofýoryňam ady Gylyç eken. Gylyç Mämmedowiç edarada-da,öýüne baran mahalam öz şofýoryna “Atdaş” diýip ýüzlenipdir. Ministriň aýaly Anna Gurýewna hem,türkmen dilini bilşi ýagdaýlyrak bolansoň,hemem adamsyndan her gezek eşidýäni sebäpli,şofýoryň ady şeýledir öýdüpmi-nämemi,oňa “Atdaş” diýip ýüzlenmäge başlapdyr. Günleriň bir güni Gylyç aga ministre ýüzlenip:
—Gylyç,inim,öýňüze baramda,gelin maňa “Atdaş” diýip ýüzlenmesin-le!—diýýär.
—Ol her gezek “Atdaş” diýende utanyp gidýän. Şondan soň Gylyç Mämmedowiç aýalyna:
—Anna Gurýewna,sen meň şofýoryma “Atdaş” diýmäňi goý!—diýipdir.
—Ol türkmençilikde gelşiksiz hasap edilýär. Üstesine-de,Gylyç aga seň atdaşyňam däl ahyryn. .
-Onda men kime “atdaş” diýmeli?
—Seňem adyň Anna bolany sebäpli,meniň orunbasarym Anna Kowusow öýe gelende,şoňa “atdaş” diýiber…
(Bu gürrüňi 1983-nji ýylda Krymda bile dynç alýarkak, Gylyç Kulyýewiň özi aýdyp berdi.)
Atajan Tagan
Kyrk ýylda ýazylan kitap
1 лайков 170 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
19 авг 2022, 11:41
Atajan Taganyň "Kyrk ýylda ýazylan kitap" atly kitaby 60-70-njy ýyllardaky türkmen döredijilik işgärleriniň şahsy durmuşyny öwrenmek üçin uly hazyna.

"—Anna Gurýewna,sen meň şofýoryma “Atdaş” diýmäňi goý!—diýipdir."

Häzirki döwüriň adamlaryň parhy bilen 60-70-nji ýyllaryň adamlarynyň parhyny Gylyç Kulyýewiň (şahsy durmuşy bilen tanyş dal) aýalyna ýüzlenşindenem görse bolýar.
Kerbaba
19 авг 2022, 12:32
Hemedany
Döredijilik adamlaram beýle gödek degişme edýän eken-aý!
Бу дагы хичле, мундан хас можук дегишмелерем эдйар экен олар.