Atajan Tagan

Gündelik ýazgylary
"Kyrk ýylda ýazylan kitap" atly gündelik-esseden parçalar
* * *
Türkmenistanda ýaşan Wasiliý Iwanowiç Şatalow Moskwanyň "Sowetskiý pisatel" neşirýatynyň golýazmasyna beren jogabyndan närazy bolup,SSSR-iň Neşirýat hem kitap söwdasy komitetiniň baş redaktorynyň huzuryna şikaýat bilen barýar (Şu ýerde W.Şatalow Watançylyk urşuna gatnaşandygyny,ok degen bir eliniň goşarynyň oňat epilmeýändigini aýratyn belläýin).
W.Şatalowy kabul eden adam hem onuň deň-duşragy bolup çykýar.Özi-de ol Aşgabatdan baran ýazyjy bilen salamlaşanda,stoluň bärsine-de geçmeýär,hatda ýerindenem turman görüşýär.Üstesine-de,geleniň arzyny diňlänsoň:
-Neşirýat golýazma pes baha berensoň, edaradan-edara şikaýat bilen baryp ýörmek ýazyjy üçin gelşikli hereket däl - diýip,gödegräk hem gepleýär.
Kitabynyň çykarylmajakdygy aýdylansoň, ozalam ýaňsesi gyzyp duran Şatalow:
-Siz ýaly stol başynda oturyp aýlyk alýan çinowniklerden şular ýaly jogapdan başga zada-da garaşmandym - diýip,gaharlanyp başlaýar. - Sebäbi siz ýalylar uruş ýyllary ýyljajyk kabinetinde bukulyp otyrkalar,men Wolokolamsk şossesinde (Moskwadan çykyp gidýän uly şaýol. -A.T) gar gujaklaýardym.Özi-de,hut sen ýalynyň janyny halas etmek üçin,ine,seret! - Şatalow sözüniň boş däldigini tekrarlamak üçin goşary epilmeýän elini öňe somaldýar.
- Ine,şu el sen ýalyny faşistlerden goramak üçin şeýle boldy...
Baş redaktor ruslaryň ýörgünli paýyş-paýyş sözleriniň birki sanysyny suňşuranyndan soň,stoluna elini diräp, zöwwe ýerinden turanda,Şatalow aňk bolup galýar.Asyl baş redaktoryň bir aýagynyň uýlugyndan aşagy ýok eken.Onuň stolunyň gapdalynda duran pişekleri bolsa Wasiliý Iwanowiç soň görüpdir.
Ol ýerden çykyp meniň ýanyma gelen Şatalow ýeke aýakly baş redaktoryň (Men ony,ýakyndan bolmasa-da tanaýardym) özüne näme jogap berenini aýtmasa-da, ýokarky täsin wakany welin bolşy ýaly gürrüň berdi.
(Men ol täsin epizody birnäçe ýyldan soň ýazan "Nowruzda satylan gyzyl alma" diýen hekaýamda ulandym).
* * *
1981-nji ýylyň 8-nji awgustynda Hydyr Derýaýew ikimiz Moskwanyň etegindäki Peredelkino döredijilik öýüniň giň bagyna gezelenje çykdyk,belent dubuň saýasyndaky ýumşak otuň üstünde gyşaryp goşgy aýdyşdyk.
Hydyr aga meniň klassyky poeziýadan käbir goşgulary bilýänimden ozal habarly bolansoň,Mollanepesden şygyr aýtmagymy sorady.Men birnäçe goşgy aýtdym.Hydyr aga ol goşgularyň biriniň Mollanepesiňki däldigini nygtady.Men ýan bermedim.Bir çüýşe ermeni konýagyndan jedel etdik.
(Aşgabada baransoň,dawaly goşgynyň Mollanepesiňkidigini anyklan goja ýarym ýyldan soň şol utduran konýagyny maňa gowşurdy).
Birdenem Hydyr aga:
- Hany,"Goşa pudagyma" geçsene,Soltan Hüpbi! - diýdi.
(Hydyr aga maňa ýaňsylap."Soltan Hüpbi" diýýärdi.Soltan Hüpbi ýigitleriň piri bolanmyş).
Men "Goşa pudagyma" geçdim:
"Pelek iki nyşan salmyş synama,
Birisi düwnümdir,birisi - dagym.
Iki dag ýykylmyş bu gün üstüme,
Biri başym basmyş,biri - aýagym"
- diýen setirleri diňlän Hydyr Derýaýewiň bokurdagy doldy.Men ýagdaýa üns bermedik bolup dowam etdim:
"Hany meniň Mirhaýdarym,Miresen,
Ýekelik tygydyr bagrymy kesen.
Naçar emekdeşim Orazbibi,sen
Eşitseň,ýas tutup,gara geý indi"...
Ýene:
" Agyr derdiňiz alaýyn,
Alyp,janymga salaýyn,
Sizden owal men öleýin,
Geliň,gabra salyň,balam.

Daglar dözmez,daşlar dözmez,
Akar,gözde ýaşlar dözmez,
Ot alar,agaçlar dözmez,
Tap getirmez çölüň,balam.

Seýdi diýer: "Tur,Haýdarym!
Haldan habar ber,Haýdarym!",
Sözleri şeker,Haýdarym,
Ýakdy meni tiliň,balam"
diýen setirler gulagyna ýeten Hydyr Derýaýew elimden çekdi-de:
- Saklan,Soltan Hüpbi,saklan! - diýip, hamsykdy. - Ýürek gaty ýukalypdyr.
-Hydyr molla,nämä hapa bolduň?
- Ýaňky setirler meni geçmişe aldy ötägitdi...
- Seýitnazar Seýdiniň döwrünemi?
- Ýok.1937-ä.1937-nji ýylda,edil Seýdiniň goşa pudagy ýaly meniňem goşa pudagym, heniz bir ýaşyny hem doldurmadyk ekiz ogullarym bir günde ýogaldy.Özi-de hut maňa sud edilen günde.Nähak töhmediň pidasy bolup gidenlere "troýka" diýilýän üç sany adam sud edýärdi.Menem göni bäş minudyň içinde "halk duşmany" boldum galyberdim.Sud başlanmanka "Ekizleriň ikisi-de ýogaldy" diýen habar gelipdi."Iň soňky haýyşyňy aýt!" diýip,başlyklyk ediji maňa ýüzlendi."Bir sagat mundan ozal ekiz oguljyklam ýogaldy.Şo neresseleri öwlüýä eltip,jaýlap gaýtmaga rugsat ediň! - diýdim. -Başga haýyşym ýok".Öz çagalary gözüniň öňüne gelendir-dä,suduň başlygy rugsat berdi.
Men öz garyndaşlarymyň,duz-emek bolan tanyş-bilişlerimiň mert adamlar däldiklerine şonda göz ýetirdim.Hatda olar meniň ölen çagalarymy göterişip öwlüýä gitmäge-de gorkdular.Sebäbi men eýýäm halk duşmanydym.
- Dost-ýarlardanam hiç kim öwlüýä gitmedimi?
- Ýekejesi gitdi.
- Ol kimdi?
- Oňa Akmyrat Orazow diýýärler.Asly Kaka raýonynyň Ýüzbaşy obasyndan."Meni öwlüýäde ataýsynlar.Getir oglany! diýdi-de, ýorgança dolangy ýatan çagalaryň birini Akmyrat goltugyna aldy.Özümem ikinji oglany göterdim...
Hydyr aga elýaglygyny çykardy.
Men gepi başga ýana sowmak bilen boldum.
1 лайков 131 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.