Ýazmajak bolup ýazylan goşgy

ÝAZMAJAK BOLUP ÝAZYLAN GOŞGY


“Il möňňürip, ýüzün tutup aglaýar,
Ýesir boşamazmy, giden gelmezmi?!”

Şähri-Bossan



Köp gülen bir aglar bolsa,
Köp aglan bir gülmezmi?!
Magtymguly aýtmyşlaýyn:
“Ajap eýýam gelmezmi?!”

Hydyry hyrs çykan millet,
Gözün gara çokan millet,
Kül üstüne çöken millet
Bir silkinip galmazmy?!

Çörek gözläp çapalanan,
Ýüzüne gum sepelenen,
Ar-namysy depelenen
Azgyndan ar almazmy?!

Türkmen ady dakylanyň,
Tumşugyna kakylanyň,
Çynar deýin ýykylanyň
Dikeljegi bolmazmy?!

El tersine oklanan halk,
Batrak kimin saklanan halk,
Agzy-burny beklenen halk
Süllermezmi, solmazmy?!

Hakykatdan zormuş ýalan,
Köpelýärmiş baýrak alan,
Bu gün başy sypalanan
Ertir saçyn ýolmazmy?!

Bir bedewdim, gopdy ýalym,
Süňk gapdy ýazyjy-alym.
Adamdan mal ýasan zalym
Ýüzüne gara çalmazmy?!

Iru-giç syrylar perde,
Nyrh bolmaz egilen serde,
“Namart” diýp ýüzlenseň merde,
Öldürmezmi, ölmezmi?!

Şiraly NURMYRADOW
11 лайков 338 просмотров
17комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
.Resul.
21 авг 2022, 15:24
Şul şahyryñ özünden habary boldumyka,Aýmyradyñ adamsy diýip gezen, gyz zorlan adam şul.
Caspian
21 авг 2022, 20:51
Shu Sahyr, öldimi ya ýaşaýarmy?
.Resul.
21 авг 2022, 21:42
Caspian,
Yogaldy
Pegas
21 авг 2022, 22:05
.Resul.
Şul şahyryñ özünden habary boldumyka,Aýmyradyñ adamsy diýip gezen, gyz zorlan adam şul.

Gruppawoý zorlama bolan. Ýöne şuň boýnuna goýulan ähli günä. Beýleki ikisi hem ile belli şahyrlar. O ýerlerinem aýt.
Caspian
21 авг 2022, 23:01
Hakykaty yazyp giden bolsa, olam bir hasap
.Resul.
21 авг 2022, 23:11
Pegas,
Howwa grupbawoy,ýöne bulam akja jüyje däldä.
.Resul.
21 авг 2022, 23:19
Elif,
Meñ tanaýşymýaly tanaýan däldirle ýazyjy dostam.
Erbet adam bolmandyr,ýöne kabir hereketleri baryny gömýärdä.

Tanaýan diýsem göni özüni tanamok obadaşlarnyñ,goñşularnyñ üsti bilen tanaýan.
Haydar
22 авг 2022, 08:24
Bäh, üýtgeşik goşgulary bar eken. Bu şahyr kim, nireli, häzir barmy ýa öldümi, gysgaça maglumat beräýiň. Ömri döredijiligini bilesim geldi.
Haydar
22 авг 2022, 08:26
Hiayress,
Bilýän bolsaň mowzuk edip açaý, men ýaly tanamaýanlar tanap galar-da. Kim bilýän bolsa gaýrat edip açaýsyn.
Suleyman
22 авг 2022, 14:53
Haýdarofff,
Gysgaça "Watan dönügi". Bileniňden bilmäniň gowy. Mundan artyk biljegem bolma.
Hiayress
Автор 22 авг 2022, 15:07
Dark_Wolf,
Watana näme dönüklik edipdir?!
Suleyman
22 авг 2022, 15:29
Hiayress
Dark_Wolf,
Watana näme dönüklik edipdir?!

Aý, bilmedim. Bir poh iş edendir-dä. Nyýazow döwründe "şol" status bilen kowulypdyr (gaçyp gidipdir).
Galan maglumatam senden eşiderisdä. Maňada gyzykly şol. Ýokarda haýyş edipdirler mowzuk açmagy....
Suleyman
22 авг 2022, 15:31
Hiayress
Dark_Wolf,
Watana näme dönüklik edipdir?!

Aý, bilmedim. Bir poh iş edendir-dä. Nyýazow döwründe "şol" status bilen kowulypdyr (gaçyp gidipdir).
Galan maglumatam senden eşiderisdä. Maňada gyzykly şol. Ýokarda haýyş edipdirler mowzuk açmagyňy....
Suleyman
22 авг 2022, 15:33
Hiayress,
Aý, bilmedim. Bir poh iş edendir-dä. Nyýazow döwründe "şol" status bilen kowulypdyr (gaçyp gidipdir).
Galan maglumatam senden eşiderisdä. Maňada gyzykly şol. Ýokarda haýyş edipdirler mowzuk açmagy....
Hiayress
Автор 22 авг 2022, 15:39
Dark_Wolf,
Nyýazow döwründe köp döredijilik işgärleri daşary ýurda çykyp gitdiler ýa-da ýurt içinde olaryň döredijiligine gadagançylyk goýuldy. Bu diýmek olaryň hemmesi dönük diýildigi däldirä?! Tüweleme "Watan dönügi" ýarlygyny başgalaryň boýnundan ýaman aňsat asýaňyz.
Suleyman
22 авг 2022, 15:46
Hiayress,
Diýmek, jogabyň ýok.
Hiayress
Автор 22 авг 2022, 15:56
Dark_Wolf,
Nämä jogabym ýok?! Watan dönügi diýip iň uly töhmet bilen adamy aýyplap oturana sende, şony tassyklaýan ýa-da aklaýan jogabam mende bolmalymy?!
Suleyman
22 авг 2022, 16:00
Hudaý kessin, bir gram duz ýogow gepleriňde... özüň gürläp, özüň samrap, özüň mesele artdyryp
Hiayress
Автор 22 авг 2022, 16:05
Dark_Wolf,
Näme meseläni artdyrypdyryn?! Bir adama deliliň bolman "Watan dönügi" diýip aýyplanyň ýalanmy?! Onsoňam näme samrapdyrynmyşyn?!