Heýkeltaraş
HEÝKELTARAŞ
Türkmenistanyň halk suratkeşi, Hormatly il ýaşulusy, ussat heýkeltaraş Saragt Babaýewiň şahsy sergisinde kalba dolan duýgular
Birçak dag gowagyn mesgen tutunyp,
Gara daşa syryn ynanan ynsan,
Çaknyşdyryp harsaň çakmak daşlary,
Ot alan,
Şol oda ýylanan ynsan...
Oduň ýagtysyny yzarlap soň-soň,
Dünýä ýaly giňän,
ulalan ynsan...
Kültem külpetlerde kän zatlar tapan,
Kän zatlar ýitiren, unudan ynsan...
Gör-le, ynha,
indem daş heýkellere
Dünýäsin ýyladýar,
çoýýar kalbyny.
Şu heýkeller berýär
alys ýollarda
gemre baglap giden ýüreklermize,
kyrk öý, kyrk bir hüjre ýüreklermize
Owalbaşky saplygynyň salgyny...
Şu daşlaryň buljumynda duşan deý
Ilkidurmuş tämizligne, hamana.
Daş ýürekler daş heýkelleň öňünde
Birje gözýaş bolup gelýär amana.
Onsoň, heý-de, heýkeltaraş garrarmy,
Gidermi, heý, bu owadan jahandan
Topraga öwrülip, ahmyr-armanly...
Gaýta, bu amansyz-zamansyz Wagtyň
Ýere duwlan nije ägirtlerini
Topragyň kalbyndan sogrup ýaňadan,
Öwrüp ölmez-ýitmez beýik sungata,
Ýene-de iline gaýdyp berer-de,
Doňňara daşlary mum-helim edip,
Dünýä
dünýä ýaly aýdym berer-de,
Heýem, munda heýkeltaraş garrarmy?!
Ýok, heýkeltaraşlar garramaýarlar...
Heňňama per bermez heýkeller bilen
Syr alşyp ýörşüne tapan ýalydyr
Juwan-jawudanlyk tärini, ylla.
Asylam, kim bilýär... diňe öz halan
adamyna rowa görýändir, belki,
Harsaň daşa, ýeke gysym topraga
Heser berip, eser döretmek ýaly
Täk özüne mahsus kärini Alla...
Ýok, heýkeltaraşlar garramaýarlar...
* * *
...Nämçündir, sergiňe gyssandym, ussat,
Nämekä ýüregmi özüne çeken?!
Asyl, seniň sergiň
ýaşan ömrümiň
Eziz pursatlarnyň sergisi eken.
Ynha, bu şo-ol heýkel...
Duşuşyk ýeri...
Meniň şo-ol päkize tolgunmalarym.
Ilkinji duşuşyk. Ilkinji surat.
Her agşam bitakat howlugmalarym...
Il-günüň ýüregne daş bolup çöken
Agyr pajygasyn geçirip daşa,
Sünnälän heýkeliň şaýat bolupdy
Matam gün... Gözümden syrygan ýaşa.
Käte nesip dartyp uzak ýollara,
Ýaýdanyp-ýadyrgap baran pursadym...
Magtymguly bolup çykdy öňümden
Ömür beren, köňül beren sungatyň!
Alyslarda galan dostlarym käte,
Öýümi soraglap habar gatdygy,
Men salgy berýärin müň höwes bile
Hut şu heýkel bezän eziz çatrygy.
Men seniň sergiňe gyssandym, ussat,
Ömrüm gözellige bergim oguşýa!
Asyl, meniň ýaşap ýören şäherim
Seniň özboluşly sergiň oguşýa!
Kakamyrat REJEBOW
Türkmenistanyň halk suratkeşi, Hormatly il ýaşulusy, ussat heýkeltaraş Saragt Babaýewiň şahsy sergisinde kalba dolan duýgular
Birçak dag gowagyn mesgen tutunyp,
Gara daşa syryn ynanan ynsan,
Çaknyşdyryp harsaň çakmak daşlary,
Ot alan,
Şol oda ýylanan ynsan...
Oduň ýagtysyny yzarlap soň-soň,
Dünýä ýaly giňän,
ulalan ynsan...
Kültem külpetlerde kän zatlar tapan,
Kän zatlar ýitiren, unudan ynsan...
Gör-le, ynha,
indem daş heýkellere
Dünýäsin ýyladýar,
çoýýar kalbyny.
Şu heýkeller berýär
alys ýollarda
gemre baglap giden ýüreklermize,
kyrk öý, kyrk bir hüjre ýüreklermize
Owalbaşky saplygynyň salgyny...
Şu daşlaryň buljumynda duşan deý
Ilkidurmuş tämizligne, hamana.
Daş ýürekler daş heýkelleň öňünde
Birje gözýaş bolup gelýär amana.
Onsoň, heý-de, heýkeltaraş garrarmy,
Gidermi, heý, bu owadan jahandan
Topraga öwrülip, ahmyr-armanly...
Gaýta, bu amansyz-zamansyz Wagtyň
Ýere duwlan nije ägirtlerini
Topragyň kalbyndan sogrup ýaňadan,
Öwrüp ölmez-ýitmez beýik sungata,
Ýene-de iline gaýdyp berer-de,
Doňňara daşlary mum-helim edip,
Dünýä
dünýä ýaly aýdym berer-de,
Heýem, munda heýkeltaraş garrarmy?!
Ýok, heýkeltaraşlar garramaýarlar...
Heňňama per bermez heýkeller bilen
Syr alşyp ýörşüne tapan ýalydyr
Juwan-jawudanlyk tärini, ylla.
Asylam, kim bilýär... diňe öz halan
adamyna rowa görýändir, belki,
Harsaň daşa, ýeke gysym topraga
Heser berip, eser döretmek ýaly
Täk özüne mahsus kärini Alla...
Ýok, heýkeltaraşlar garramaýarlar...
* * *
...Nämçündir, sergiňe gyssandym, ussat,
Nämekä ýüregmi özüne çeken?!
Asyl, seniň sergiň
ýaşan ömrümiň
Eziz pursatlarnyň sergisi eken.
Ynha, bu şo-ol heýkel...
Duşuşyk ýeri...
Meniň şo-ol päkize tolgunmalarym.
Ilkinji duşuşyk. Ilkinji surat.
Her agşam bitakat howlugmalarym...
Il-günüň ýüregne daş bolup çöken
Agyr pajygasyn geçirip daşa,
Sünnälän heýkeliň şaýat bolupdy
Matam gün... Gözümden syrygan ýaşa.
Käte nesip dartyp uzak ýollara,
Ýaýdanyp-ýadyrgap baran pursadym...
Magtymguly bolup çykdy öňümden
Ömür beren, köňül beren sungatyň!
Alyslarda galan dostlarym käte,
Öýümi soraglap habar gatdygy,
Men salgy berýärin müň höwes bile
Hut şu heýkel bezän eziz çatrygy.
Men seniň sergiňe gyssandym, ussat,
Ömrüm gözellige bergim oguşýa!
Asyl, meniň ýaşap ýören şäherim
Seniň özboluşly sergiň oguşýa!
Kakamyrat REJEBOW
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.