"Uruş haçan gutarýar?"
"URUŞ HAÇAN GUTARÝAR?"
Enem Gurbanjemal ejäniň ýagty ýadygärligine bagyşlaýaryn.
Dogan gitdi, görünmedi garasy,
Ýüregimde girman salan ýarasy.
(Uruş ýyllarynda Mary bazarynda eşidilen aýdym setirleri).
Umsa Gojuk obasynyň gözel gyzlarynyň biri hasap edilse-de, gelnaljysy hiç kimiňkiçe bolmady.
Nirededir bir uzak ýerde indi dördünji ýyl soňy gutarmajak ýaly bolup görünýän agyr uruş gidýärdi, şol ýerde dökülýän adam ganlarynyň agysy bolsa, obalarda aglanýardy. Dört ýyl mundan ozal başlanan agynyň yzy üzülmän, henizem dowam edýärdi. Üç ýylyň içinde Gojuk obasyna on dokuz sany şum habar geldi, heniz şum habary gelmän, dereksiz ýitenleriňem sany ep-esli bardy. Başaşa öýden bir adamynyň urşa gidenligi sebäpli, ýassyz tünegiň ýagdaýam ýaslynyňkydan enaýy däldi. Günde-günaşa gelip durýan ýaramaz habar hiç bir öýi sylap goýarla meňzemeýärdi. Uruş diýilýän zatdan tyg datman sypaýmak şaglap ýagýan jalanyň astyndan üstüňe damja damdyrtman çykmak ýaly tötänlikdi.
Durmuş şeýle ýagdaýda bolany üçin, Umsanyň toýunda şatlananam tapylan däl bolsa gerek. Toý geýimleri telim ýyl bäri kapas sandyklaryň künjünde aç güýelere ýal bolup ýatanam bolsa, hut toý günem adamlaryň şol horoşalygydy. Hawa, Umsanyň uly gelnejesi arkasy ýamaly gök biz köýnegini üç ýuwlan alaja-alaça bilen çalşyranda: «Bä-aý, bi heleý zandyýaman eken-aýt! Äriň-ä gije-gündiz oduň astynda gezip ýör, näme boljagynam Alla bilýär. Sen bolsa... Tüýüňi täzelemek nämä derkar boldy?!» — diýenlerem tapyldy.
Uruş ýyllarynyň toýy-da – hiç zadyňam dokuzy düzüw däldi. Bolsa-da, üsti gyzyl-çyzylly üç araba bilen bäş-alty sany atbaşçyly gelnalyjynyň gelmegi toýy ýada saldy. Araba goşulan atlaryň boýnundaky jaňlaryň jaňňyrdysy esli mahal bäri toý-tomgy görmedik Gojuk obasynda bir geň-enaýylyk döretdi. Emma gelnalyjylar yzyna gidende welin, jaňňyrdawuk jaňlaryny köne esgä dolap, goltuklaryna salmaly boldy. Sebäbi, obamyzyň kethudasy hasap edilýän Ulug aga gelnalyjybaşynyň ýanyna baryp: «Guda, töwerek ýas tutýarka, jaňyň sesi gulagymyza ýarap duranok. Nätjek-dä, ýorganyňa görä aýak uzatmaly. Jaňyňyzy Marydan geçeňizden soň jaňňyrdadaýsaňyz gowy bolardy» diýipdir.
Gözi ýaşly Mamur ene Aňňal agalara tarap seredip, öz öýüniň gamşyna ýaplanyp otyrdy. Ol Aňňal aganyň gyz toýuna Kölli ikimizem goýbermeýärdi. «Beýle toýa baryp şatlanmagam dürs däldir. Meň ýanymdajyk oturyberiň. Ynha, Nurjan geler welin, Umsadanam müň paý gözel gyz alarys. Ilde bolmadyk uly toý ederis. Siziň her haýsyňyza-da bir ýyndam at tapyp, gelnalyja ýollaryn. Igde seçeris, pişme seçeris... Oturyberiň meniň ýanymda. Umsaň toýuna barsaňyz günä gazanarsyňyz. Öz toýumyzy oňat edip toýlaýarys» — diýip, Mamur ene agzynyň ýetişdiginden bize göwünlik berýärdi.
Kölli ikimiziň Umsa gyzyň toýuna goýberilmeýänimiziň aýratyn bir sebäbi bardy. Ýeke perzendi bolan Nurjan goşuna çagyrylmanka, Mamur ene Mömin aga bilen Täçjemal ejäni Aňňal agalara iberipdi. Toýuň sähedi bellenjek bolup ýören günlerem, Nurjan goşun gullugyna gitmeli boldy. Şeýlelikde, Umsa bilen Nurjanyň toýy ýigidiň goşundan dolanyp gelerine goýuldy. Emma Nurjan neressä gaýdyp gelmek miýesser bolmady. Ol urşuň ikinji ýyly wepat boldy. Ýöne, Mamur ene ol betbagtçylyk barada hiç zat bilmeýärdi. Tegelek bir ýyl ýeke perzendinden hat-habar gelmese-de, ol ýagşy umyt bilen ýaşap ýördi.
Indi pikir edip görýän welin, şol mahallar Nurjandan gelen şum habary diňe başlyk bilen poçtalýon bilýän ekeni. Başlyk Nurjanly meseläni diňe bir ejesiniň ýanynda däl-de, eýsem, adam oglunyň ýanynda dilden sypdyrmazlygyny poçtalýon oglana berk tabşyrypdyr. Soňam ýeke perzendiň ajy habaryny aýtmagyň ebeteýini tapmadyk başlyk, tä tötänden bir sebäp bolýança, ony öz gursagynda saklapdyr.
Aňňal aganyň Umsany Nurjana bermän, Wekilbazardan birine durmuşa çykarmagyna Mamur ene gaty kemsindi. Ömründe agzyndan mylaýym sözden gaýry zat çykarmaýan garry gargynçlaryňam iň degerlilerini saýlady. Edil gelnalyjy ugrajak bolup durka-da, Mamur ene ýetişibildiginden gepleýärdi.
— Sakgaly güne agarmyş Aňňal diýsänim! Sen öz gyzyňy meň Nurjanymdan gowy gerçege bererin öýtdüňmi? Asyl göreris ony. Beräýermikäň. Ýagty jahanda meň Nurjanymdan edermen ýigit tapylmajagy hak zat ahyryn. Ine, Nurjanym çynar ýaly ýigit bolup geler. «Mydal (medal) aldym» diýibem hat ýazdy. Kemendirlerem sygyr bakman, adam bakýandyr. Olaram her erniniň suwuny saklap bilmän ýörene mydal bermez. Mydalam alyp dakynaýar ýaly meýdanda pytrap ýatan zat däldir.
Gelnalyjy ugran badyna-da garry agy gatyşykly ses bilen sözüniň üstüni ýetirdi.
— Sen saçy kesileniňem ile meňzeş bolasyň gelen däldir, ýogsam Nurjana garaşardyň. Göçüň geçip, saçyň agaryp barýamydy seň! Görersiň, Nurjanymyň basyp giden yzyça ýok birine duşaýmazmykaň. Soňky ökünjiňem peýdasynyň degmejegini bilip gitgin, tulaky.
Soňky sözleriň aýratyn manysy bardy. Umsanyň «ile meňzeş bolmazlygynyň» astynda oňa tölenen galyň bardy. Iliň aýtmagyna görä-hä, Aňňal aganyň gudasy mal geçirende: bäş kile bugaý, bir gadak çaý, bir banka mesge iberipdir. Mesgäni hem mal giçirijileriň ýanyna goşulyp iberilen oglan, eşegiň üstünde oturan ýerinden assyrynlyk bilen ýalap gelipdir. Şunluk bilen, myhmanlar Gojugyň bagyna ýetinçäler bankanyň düýbünde sähelçe ýag galypdyr. Soňam ýag ýalan myhman oglanyň içi geçip, guda ýerlerine alada baryny beripdir.
— Nurjanym gelinçä garaşan bolsaň, men saňa bir maňka däl, iki maňka mesge bererdim, ýarym kile çaý bererdim, üstüne göleli sygrymam bererdim. He, sakgaly güne agaran Aňňal diýsänim.
Gelnalyjylary keseklänem, bürenjegini ýyrtanam tapylmady. Türkmen toýunyň gyzykly däpleriniň köpüsi adamlaryň edil ýagyndan çykan ýalydy. Açlyk döwrüniň toýy-da, ýasa gelen ýaly bolup, dabarasyz-şowhunsyz Umsa gyzy aldylar-da ötägitdiler. Goh-galmagalam, gykywam bolmady. Hawa, Epgek aganyň kiçi gyzy yrmyna görä bir kesek oklapmy-oklamanmy welin, atbaşçylaryň bir kelpezi: «Hä, seňňem gidesiň gelýärmi? Gelin bolmak isleseň-ä mün atyň ardyna, bolmasa-da kesek atmaňy goý!» — diýipmişin.
Bu habary biz üç gün geçensoň eşitdik. Bolsa-da ol ýagdaý Mamur enäniň täzeden hüňňürdäp başlamasy üçin tutaryk boldy.
— Ana, köşekler, gördüňizmi olaryň biedepdigini?! Heý, ýat obaň ulugyzyna-da bir beýle sözler diýmek bolarmy?
Şunluk bilen Nurjana niýetlän gelni bilen Mamur enemiz hemişelik hoşlaşmaly boldy.
Umsanyň toýy gününiň ertesi biz ýene igde çöpleşmäge gitmek niýeti bilen Mamur enäniň ýanyna geldik. Ol ýene gara öýüň gamşyna ýaplanyp oturan ekeni.
Indi ömrüniň köpüsini geçirip, dişden-dyrnakdan galan Aždar hem garrynyň iki ädim gapdalynda mähnet kellesiniň öň aýaklarynyň üstünde goýup, agras dem alyp ýatyrdy. Aždaryň näçe ýaşandyny bilemok, ýöne, Nurjanyň kakasy pahyr ogly alty-ýedi ýaşynda, ony, tohum itiň güjügikä getiripdir. Aždar ýaly akylly it, megerem, hiç ýerde bolan däldir. Ol adamyň ne gylyklydygyny ýüzüne garadygy bilýärdi, itdigine garamazdan, bolar-bolgusyz dereksiz zada üýrübem ýörmeýärdi. Mamur ene hem Aždary diňe akyllylygy üçin däl, ýeke perzendiniň söýgüli iti bolanlygy üçin sygryndan-gölesinden eý görýärdi. Türkmenler hiç mahal iti öýe göýbermeselerem, Mamur ene gyş aýlary «Birden üşäýmesin» diýip, gara öýüň bosagasynda ýatyrýardy. Garry köpek Mamur ene nirä gitse, yzyndan galmazdy. Eýesi hem ony galdyrjagam bolmaýardy. Ýogsam bolsa, yzyna düşüp ugrandan «Bar, güm bol» diýäýseň, iki günlük git, üç günlük git, Aždar pahyr tä gelýänçäň, gara öýüň gapdalynda garysyny ýassanyp atandyr.
Heniz geçen ýylyň eňňeresinden ýygnalanam iki halta igde bardy. Emma Mamur ene Nurjanyň toýuna taýynlyk görýäni sebäbli, bu ýylky eňňeredenem iki halta igde ýygmakçydy. Onuň göwnüne bolmasa, şu ýyl pagta ýygymy gutaran badyna Nurjan dolanyp gelmelidi, çöp çapym bilenem toý başlanmalydy. «Men sakgaly güne agaran Aňňalyňky ýaly toýa meňzemeýän toý etmen asyl. Meň toýuma gelen toý şekilli toý görer. Iliňki ýaly telim oglum ýok meň. Ýeke balamyň toýunda welin, baý, tarhan bolaryn-a!»
Kölli ikimiz oglandyk. Mamur enäniň hemme aýdýan sözleri ýakyn wagtlarda hakykata öwrüler öýdýärdik. Uzak ýerlerde aýylganç urşuň gopýandygyny, ol ýerde-de adamlaryň ölýändigini bilsegem, Nurjan ölmelidir diýip oýlanmaýardyk. Ol çöp çapyma çenli hökman geläýmelidi, onuň asyl ölmäge haky ýokdy. Sebäbi, biz Mamur enäni gowy görýärdik, oňa bütin düýrmegimiz bilen ynanýardyk. Mundan başga-da, Mamur enäniň aýtmagyna görä, ýokardaky Biribaryň özem Nurjany penasynda saklamalydy.
Kölli maňa görä eke-tokarrakdy. Şonuň üçinem ol igdäniň süýr depesine çykyp, elindäki uzyn tut çybygy bilen şahalary saýgylaýardy. Ýere dökülýän zadyň esasy ýaprak bolsa-da, her düýp igdeden bir goşawuç çöplesegem, gün içinde bir suwluk torbany doldurmak bolýardy.
Bu günem, Kölli çybyklary saýgylap durka, kolhozyň başlygy Sapar aga gyr atyny säpjedip, biziň ýanymyza geldi.
— Ýigdekçe, ýaş şahalary beýdip urmasaň bolmadymy? Beýtseň, gelen ýyl igde deregine gury şaha iýmeli borsuň.
— Beýdip uraýmasaň igde gaçmasa nätjek, Sapar aga?!
Sapar aga ýaş oglandan bular ýaly jogaba garaşmandymy – nämemi, sesine bat berdi.
— Hany, igdeden düş onda... Düş diýdim, düş, ýogsam...
Başlygyň haýbatly sesini eşiden Mamur ene etegindäki igdäni torba guýdy-da, Sapar aga tarap ýöneldi.
— Sapar, Kölli jana haýbat atmaweri, han! Ol maňa igde kakyşýar. Biz Nurjanyň toýy üçin igde ýygnaýas. Bu gytçylykdan seň özüň habarly ahyryn. Toýda nogul-nabat seçmäge hiç kimde indi gurp ýok. Igde bir seçeli-dä...
Sapar aganyň terzi üýtgän ýaly boldy. Ol sesini çykarmady-da atyny yza aýlaýdy.
Kölli ikimiz ýene Mamur enäniň ýanyna bardyk, ol bize garaşmaýardy. Sebäbi, onuň Nurjandan gaýry hiç kimi bolmany üçin öýde ýeke özüdi. Biz welin, edil onuň öz agtyklary ýaly elmydama ýanyndadyk. Gytçylyk ýyllarydygyna garamazdan, Mamur enemizde her hilije zatlar bolardy. Saçagynda arta-süýşe nan bolmasa-da, bir aşlyk un, ýag hemişe tapdyrýardy. Köplenjem ol bize erteki aýdyp bererdi. Aýdýan ertekileriniň, döwli, aždarhaly ýerlerine baranda «Allaň özi daş edewersin!» diýerdi. Emma şa gyzynyň garyp ýigide aşyk bolup, ene-atasynyň raýyny ýykyp, şol ýigide gelin bolýan pursatlarynda bolsa «Meň Nurjanyma-da Alla şular ýaly gözel gyzy miýesser etsin» diýýärdi-de myssa ýylgyrýardy.
Bu gezek biz baramyzda garry ene yşgapdan bir zat gözläp oturan ekeni.
— Hä, köşejiklerim, geldiňizmi? Geliň bakaly. «Gelen döwlet» diýipdirler. Ynha, men siziň agzyňyzam süýjütjek. Ol eline ilen gazeti bize tarap oklap, gözleýän zadyny hem unutdy-da, ýygyrlypjyk oturdy.
— Me, bu kagyzy okaň, Nurjanym hakda ýazmadylarmyka!
Men käbir harplary tanasamam, gazet okar ýaly derejä ýetmändim. Kölli welin, patdyk-sutduk okaýardy.
— Kölli jan, balam, şol sekizkeşdä meňzäp duran ýerinden oka bakaly, Nurjan gelmeýämikä?
Kölli oňly okap bilmeýändigini gizlemek üçin oýkanjyrap, kän oturansoň, garrynyň ýan bermejegini aňyp, hetjikläp okamaga durdy.
— «Baş ko-man-di-wä-niň ha-ba… habary. Şu gün biziň go-şun-la-ry-myz al-dym-ber-dim-li sö-weş-le-riň ne-ti-je-sin-de fa-şys-st-le-ri do-kuz km yz… yz-a ser-pik-dir-di-ler…»

Mamur ene Köllüniň ünsüni böldi.
— Dur balam, Paşissi kim bolýar?
— Kölli ýaýdandy.
— Paşis, Mamur ene, nemis bolaýmasa...
— Nurjan dagy nemis bilen urşanok ahyryn, balam?
— Onda kim bilen uruşýa?
— Gyrman bilen, gyrman.
— Aý, onda, şo paşisem gyrmanyň tarapyny çalýanlaň biri dagy bolaýmasa.
— Megerem şodur — diýip, Mamur ene Kölli bilen ylalaşansoň sorag berdi. «Dokuz kmsy» näme bolýa, Kölli jan? Men oňa düşünmedim-le.
Kölli haňk-huňk etdi.
— Depderiň kerre-kerresinde-hä bir km diýdigi… şundan Gurban agalar ýaly ýer bolýa diýip ýazylgy. Men-ä şoňa oňat düşünemogam…
Garry ynjaldy.
— Onda dokuz km diýdigem şundan, sadagasy boldugym, Ojarly öwlüýä zyýarata gidip gelen ýaly bolýar-da… Ondanam gatyrak kowalamaly ekeni… Hawa, Kölli jan, okaber, onsoň näme diýýär?
Köllä okamak kyn düşýärdi. Şonuň üçinem ol gazetiň eýlesine-beýlesine seredişdiren bolup sapalak atdy.
— Aý, Mamur ene, uruş hakda-ha ýaňky habardan başga hiç zadam ýazanoklar. Dokuz km-ä baransoň okopda gizlenip dynç dagy alýandyrlar-da. Uruş hakda Nurjanyň özi gelensoň aýdyp beräýmese…
— Getir onda, o kagyzy ýygnap goýaýyn, Nurjanyň özi gelensoň okar.
Ene gazeti yşgaba (şkafa) saldy-da, o ýerden bir düwünçek çykardy. Düwünçegiň içinde goşa ýumruk ýaly nabat bar ekeni. Men-ä köp wagt bäri nabadam iýip görmändim. Garry düwünçege dökülen böleklerden her haýsymyza bir digirjik nabat uzatdy.
— Me-äň, her haýsyňyz bir digirjik nabat iýip, agzyňyzy süýjediň. Galanyny Nurjanyň toýunda iýersiňiz. Ol düwünçegi ýene yşgaba salyp goýdy.
— Kölli jan, bar balam, daşardan goltugyňy dolduryp, odun getir.
Men geň galdym. Sebäbi yssa çydap bolmaýardy. Kän mahal geçmänkä, garrynyň özi odunyň nämä gerekdigini aýdaýdy.
— Ertir üçümizem ak eşege atlanyp, ýaba gideris. ýapda Annatäçler bar. Şolaň ýanynda-da edil suw perisi ýaly bir gyz maşgala bar. Adyna-da Aýça diýýärler. Guda bolup gaýdarys. Nurjanym gelen badyna aňyna-maňyna garaman toý ederis. Indi bolsa pişmejik bişireliň. Her işde ýagşy umyt ýagşydyr. Bizem toý zadyň başyny ýagşydan – pişmeden başlalyň.
Ertesi gün guşluk bolanda, Kölli ikimizi gaňňa ataran garry ak eşegi idip ýola düşdi. Aždaram bizden galmady. Asyl Mamur ene ony galdyrjagam bolmady. Şeýdip, üç tirkeşik bolup, günortanlar Annatäç daýzalara baryp düşdük.
Mamur enäniň gyz diýýäni Annatäç daýzalaryň duldegşir goňşulary ekeni. Oglanlyk-da, öýde oturyp bolýamy! Gapydan geçýän ýabyň boýuna çykdyk. Şolam ýap diýilýän ýap ekeni. Kölli ikimiz «ýap» sözüni gaýtalap kän gülüşdik. Soňam edil ýabyň gyrajygyna baryp oturdyk. Ol biziň obamyzyň ýaplary ýaly bir ýap ekeni. Onuň hiç ýerinde akyllylygam, lygam duýulmaýardy. «Bu obaň ýaby bolsa, adamlary-ha hasam dyr. Näme üçin Mamur ene bu oba gudaçylyga geldi-kä?» diýip, Köllüniň beren soragyna men jogap gaýtaryp bilmedim.
Talyň kölegesinde ýaba kesek atyp otyrkak, gapdalymyzdaky paýapyldan arkasy haltaly bir gyz geçip gitdi. Ol gyz diýseň owadandy. Dogrusyny aýtsam, biziň obamyzda hiç kimiň ýetip bilmedigi Umsa-da onça ýokdy. Emma edil şol mahal biz onuň Aýçadygyny bilmeýärdik.
Ak eşegiň daňylgy ýerinde gezip ýören Aždaram biziň ýanymyza geldi. Ol endigine görä agyr kellesini öň aýaklarynyň üstünde goýup, gözüni süzdi.
Kän mahal geçmänkä, jöwenligiň içinden oglanjygyň sesi geldi.
— Aýça, eşegiň teblesi nirede?
Arkasyndaky haltany sygyr dölä ýaplan gyz, ýadaw ekenmi, nämemi:
— Men nä tebläň çopanymy? — diýip, janagyryly ýaly, gaharly ses bilen jogap gaýtardy. Şondan soň Aýça gyz biziň ýanymyza gelip, paýapylyň üstünde oturdy-da, elini ýuwmaga durdy. Ol birden aşak oturanda, köýneginiň ýelginine suwuň ýüzünde tolkunjyklar emele geldi. Gyzyň ot ýygyp, gök reňke boýlan elleri ýuwlandan soň ýüzünden bulut aýrylan aý ýaly tämiz boldy.
Meniň mekirje däldigim-dä:
— Aýça, biz saňa Nurjan üçin gudaçylyga geldik – diýenimi özümem duýman galdym. Kölli böwrüme hürsekledem welin, giç boldy, men eýýäm diýmesiz zady diýipdim.
Ýaňy ýüzüni ýuwmaga oturan uly gyz «päh» diýilen ýaly bärsini bakdy-da, gulaklaryna ynanman, maňa tarap jüýjerilip seretdi.
— Näme diýdiň-ä, myrryh?
Bular ýaly gepi kän eşdip ýörmänsoň gyzyň derrew jogabyny berdim.
— Men myrryh däl. Men Orakgeldi agaň ogly Orunguly.
Meniň düşündirişim bilenem gyz ýumşamady.
— Boýnuň gursun, almaň sapagy ýaly.
Elbetde, şol mahallar doýa garynlar oňly doýmansoň boýunlaram almaň sapagyna meňzese meňzeýändir, ýöne barybir, men gyzyň sözlerine çynym bilen kemsinip durmadym. Sebäbi, gyzam diýýän sözlerini kemsitmek üçin diýmeýärdi, sebäbi, ol assyrynlyk bilen ýylgyrýardy. Şonuň üçinem boljagy boldy diýip, öňki habarymy has düşnükli edip, ýene bir gezek gaýtalamadym.

4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.