Sowdy ykbal ýoldaşyndan...


Sowdy ykbal ýodasyndan,
Bagty tapdym ýollaryñda.
Çykyp düýäň kadasyndan,
Mekan tutdum sollaryňda.

Şol gün duýdum ýaşaýyşy,
Şol gün duýdum ölümi men.
Şol gün kalbym sowdy gyşy,
Bir tapmadym dilimi men.

Ýatdan çykdy dönüp galba,
Süýji bir zat dadanlygym.
A sen mähir çoýduñ kalba,
Duýdum ýene adamlygym.

Tapdym seni millard içre,
Dörüp dünýäñ sesligini.
Gadam basyp garyp hüjrä,
Dolduñ ýürek pesligimi.

Müñläp hyýal, ýüzläp maksat,
Uly bire deñlendi soñ.
Çärýek bagtym takmynan set
bolup, hasrat geñlendi soň.

Indi ykbal yranmaýar,
Ykbalyña spylan soñ.
Ýürek möwjäp urunmaýar,
Ýitgi dälim tapylan soñ.

Ahyr gitdi üýrüp-üýrüp,
Et görmänsoñ ykbal mende.
Hyýalymdan goşun düýrüp,
Mekan tutdy janym tende...

Bu gün ömrüñ ilkinjisi.
Bu gün meniñ soñky günüm,
Özi üçin ýaşan kişi,
Indi ikä ýaşar, gülüm!

Ahmet ARAZOW
1 лайков 105 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.