KIM-KIMDEN ARTYKMAÇ
KIM KIMDEN ARTYKMAÇ
Bir ýagşyzada ýol bilen ýöräp barýan ekeni.
Birdenkä özüniň bu dünýädäki orny, özüniň adamlara getirýän peýdasy hakdaky pikir onuň kellesine gelipdir. Ol bu barada çyny bilen oýlanyp ugrapdyr.
“Hemme zada deňeşdirip aň ýetirilýär” diýlişi ýaly, ýagşyzadaň, birdenkä, ýoluň gyrasy bilen ylgap barýan ite gözi düşüpdir. Ol özüni it bilen deňeşdirip birsellem oýurganyp durupdyr-da, ahyrynam öz ýanyndan netije çykarypdyr:
“Äý ýok, şü item menden adamlar üçin peýdaly. Ol gijelerine şöwür çekip adamlaň emlägini ogry-jümriden, ýyrtyjylardan goraýar. Üstesine gündizlerine-de ynsanyň durmuşynyň sak garawuly. A men bolsa, akyl satmakdan hem-de şahsy özüm üçin mümkin boldugyndan ýagşy ýaşamakdan başga näme edýän?”.
Soňra biraz ýöränden soň, ýagşyzada gerşi ýükli eşegini idip barýan bendä gabat gelip, onuň özi bilen-ä däl, eşegi bilen özüni deňäpdir. Ýene-de öz ýanyndan eşegiň adamlara özünden kän peýda getirýändigi hakynda netije çykarypdyr.
Soňra ýagşyzada ýolugra barşyna, düýe, goýun, hatda, dazzarkel, şagal ýaly haýwanlaryňam özünden adamzada, dünýä has peýdalydygyny kesgitläpdir.
Ahbetinem ol gumaşak ýoluň üstünden tezek togalap barýan tomzaga sataşypdyr. Onuň bilenem özüni deňeşdirip, esli durupdyr. Emma ahyrynda ýene-de tomzagyňam özünden adamlara kän peýda getirýändigi barada netijä gelipdir.
Ýöne birdenkä tomzagyň togalap barýan tezegi ýagşyzadaň ünsüni çekipdir. Şonda ol biraz wagt pikirlenip durandan soňra, onuň ýüzi ýagtylypdyr. Ol: “Äý indi, gel-gel şu mör-möjejikçe bolmasam-da, şu tomzagyň togalap barýan tezeginden-ä meniň adamlara, dünýä getirýän peýdam köpdür. Halys bolmanda, şü bir logala pohdan-a men artykdyryn!” diýip oýlanypdyr.
Şol pille-de Allaň gudraty bilen şo bir bölejik tezege dil bitäýipdir:
-Eý Hakyň bendesi, men-ä tezek bolup, ösümlikleri iýmitlendirýän. Olaram ynsanam iýýä, mal-gara-da. Şeýdibem meniň üstüm bilen tutuş adamzadam, haýwandyr, guş-gumursam, mör-möjegem eklenýär. A seň peýdaň näme? Onsoň nädip sen menden artykmaç bolýarmyşyň?!
HALK DÖREDIJILIGI

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.