soygi hakykaty
Söýgi hakykaty
Bir gün bir ýagşyzadadan şeýle sorag sorapdyrlar: -Söýginiň diňe sözini edenler bilen söýgini ýaşaýanlaň arasynda näme tapawut barka? Ýagşyzada: -Geliň, görkezeýin-diýipdir. Ilki bilen söýgini dilinden köňlüne geçirip bilmedik adamlary saçak taýarlap nahara çagyrypdyr. Hemmesini saçagyň başynda otyrdyp, tabaklarda gyzgyn çorba getiripdir. Çorbany içmek üçinem "Derwiş çemçesi" diýip boýy 1metre ýakyn uzyn çemçe getiripdir. Ýagşyzada olara: -Çorbany çemçäniň sapynyň ujundan tutyp içiň-diýipdir. Saçagyň başynda otyranlar näçe synanyşsalarda çorbany içip bilmän saçagyň başyndan aýrylmaly bolupdyrlar. Mundan soň ýagşyzada: -Söýginiň hakykatyna düşünip ýaşaýanlary çagyralyň saçaga - diýipdir. Bu gezek saçagyň başyna ýüzleri nurana, gözleri söýgi bilen ýylgyryp duran ynsanlar gelipdir. Hälki çorba bilen "derwiş çemçesi" bularyň öňünede alynypdyr. Bular welin çemçäniň sapyndan tutyp çorbadan doldyryp garşysynda otyranyň agzyna ýetirip biri-birini doýurypdyr we şükür edip saçagyň başyndan aýrylypdyrlar. Ýagşyzada: -Ynha, kim saçagyň başynda otyryp diňe özüniň doýmagyny alada etse ol aç galjakdyr. Kim bolsa, dostuny we doganynyň aladasyny edip ony doýursa, ol hem dosty ya-da dogany tarapyndan doyuryljakdyr. Şübhesiz şuny hem hergiz unutmaň: Hakykat bazarynda alan dälde beren gazançdadyr. Beren el, alan elden elmydama üstündir.

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.