GÜL GOWŞURAN GYZA

Sag bol, eýjejik gyz,
Özüňe derek
Basaýyn bagryma beren güllerňi.
Ýöne indi diňe sen däl,
hiç gyzam
Gaýdyp berip bilmez geçen günlermi.

Berip bilmez, hatda, ony
şu gözel
Ömri maňa peşgeş beren ejem-de.
Şonuň üçin awap gidýär ýüregim
Gözel gyzlaň gapdalyndan geçemde.

Size öňde şatlyk-şowhun garaşýar,
Söýüň ,
söýdüriň hem göwün ýüwürdiň.
Men bolsa hiç haçan gaýdyp gelmejek
Ýaşlygmy taraşlap goşga öwürdim.

Arzuwlarňy,
guwanjyňy,
şatlygňy
Lowlap duran al güllere öwür-de,
Getir, uýam!
Men olary goýaýyn
Öz ýaşlygmyň heýkeliniň öňünde.



Atajan ANNABERDIÝEW
5 лайков 137 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
arzyhal123
11 сен 2022, 12:48
Gaty gowy goşgy sps