Men Gorkdym, Bilýäňmi?

Düşündirsem düşünmersiň ýöne men gorkýan. Tötänleýin bolmadyk gaýgylarym bar meniň. Belkide ýatlamalaryň hijisi biz däldiris. Men seni söýemde gorkdum, söýmekden gorkmadym. Saňa seredemde, seni ýazamda, saňa teşnelikde gorkdum.
    Men gorkdum, bilýäňmi? Bilmersiň, çünki aýtmadym. Çünki erkek gorkýanyny aýtmaz (aýdyp bilmez). Sen seni biri ynjydar diýip gorkmak näme bilmersiň. Ony diňe men bilýän. Adam näçe söýse şonçada gorkar eken. Birden şu gyzyň köwşi gysar, aýagy agyrar, ýöräp bilmez diýip gorkdum. Düşünýäňmi? Köwşiň gyssa aýagyň agyrar, gynanarn. Seni söýüp şeýle bir gorkak adam boldum, hatda köwüşdenem gorkýan adam. Söýseň söýülmersiň, şeýlemi? Söýmediň, näme sebäpden köwüşden beýle gorkýanymy bilmediň.
Bir erkek söýse gorkar, ýöne sen şeýle söýülýärkäň gorkmasadyň.

                                  "Säher ukym"
                                         Ahmet Batman


Terjime: @picasso
1 лайков 96 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.