Pursat

Gyz tisgindi,
Özem ýaman tisgindi
Garaşan hem garaşmadyk sözüne.
Aýdylanlar ýürekdendi, kesgindi
Ýer ýok onda degişmä ýa hezile.

Bütin durky bilen sygjak ol häzir,
Tapsa ýerden ýarym garyş gädigi.
Ýaňja eşdenne-de ynanmady gyz:
"Eý-ho!
Eý-ho, hakyt şeý diýäýdimi?!"

Bir demde,
Birem däl, ýartyja demde,
Gözüniň öňünde düzüldi bar zat.
Özüni ýitirdi, aljyrady gyz,
Duýgularny biri-birine garjap.

Gyzarmak, agarmak, darykmak üçin
Ýartyja sekundam ýeterlik eken.
Bir sekundyň ýary uly howsala
Galan ýaram örme teperrik eken.

Jogap bir mahallar taýynam bolsa,
Gyz ýüregi tebil tapdy, tisgindi.
Ýogsam, bar aýdylan ýekeje sözlem:
"Ertir ejem dagy barybersinmi?"


Agageldi Italmazow
4 лайков 158 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
picasso
12 сен 2022, 15:38
Barybersinmi :))