Bar eken

... Indi meň sözüme gulak goýsaňyz,
Ol gözeliň hüýr jemaly bar eken.
Göwün berse, ot deý ýandyrjak mähri,
Üflänine buz şemaly bar eken.

Gaş asty kirpigne janyň dözmeli,
Ýerden geçip ýaşalmaly gözleri.
Ömrüňe öpseň-de, doýman ölmeli
Leblerniň bulduran baly bar eken.

Bir biwatan ýelem bolsan, gös-göni
Şol gözeliň deňesinde tesmeli.
Ir-iýmişli, gül-gülzarly, çeşmeli
Jülgesi, deresi, dagy bar eken.

Boýy uzyn uçut gara siline,
Örümden sahelçe ýogyn bili-de,
Sözdür gylygyna ser salsaň siňe,
Edep göreldäniň käni bar eken.

Yşkynda sowaman, gaýta müň gyzyp,
Söz aýdamda açdy maňa dost syryn.
Hyrydar göz bilen bakmaň, dostlarym,
Bagty gelen bir ýigidiň ýary eken.

Wepa Pirnepesow
5 лайков 215 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
yusupahmet12
30 сен 2022, 13:22
Şahyr goşgyda gözeliň diñe daşky gozelligini taryplaýar. Onuň içki dünýäsine gyltyzyrak degip geçýär. Has dogrysy awtor naçaryň daşky gözelliginiň fonyna onuň içki gözelligini siňdirmäge çalyşýar. Bu niýetini amala aşyrybilipmi ýa bilmänmi, ony şygry okanlar aňşarar.