Özüňe ynanmagyň formulasy...
Durmuşdaky esasy maksatlaryma ýetirip biljek ukyplarymyň bardygyny bilýän, şonuň üçinem bu maksady gazanmak üçin özümden kararlylyk, dowamlylyk ... talap edýärin. Şu wagt we şu ýerde şeýle zatlar etjekdigime söz berýärin. Kellämdäki güýçli pikirleriň ýuwaş-ýuwaş hakykada öwrüljegini bilýärin, şonuň üçin günde ýarym sagadymy bolmak isleýän adamym barada pikirlenmäne sarp etjek, şeýlelik bilen kellämde bolmak isleýän adamymyň anyk suratyny emele getirerin. Öz-özüňi ruhlandyrmak prinsipine göra, kararlylyk bilen kellämde tutan isleglerimiň, soňynda kellämde gizlin ýatan jisimleri elde etmegiň dürli görnüşlerini tapjagymy bilýärin, şonuň üçin her günde özüňe ynamy ösdürmek üçin 10 minudymy aýyrjak. Durmuşdaky esasy maksadym barada anyk, takyk görnüşde ýazdym. Bu maksady elde etmek üçin ýeterlik ynamy gazanýançam hemişe synanyşaryn. Hiç bir baýlyk ýa-da wezipe hakykat we adalatlylyk bilen gurulmasa köp durmajagyny bilýärin, şo sebäpden, täsiri bolan herkişä peýdasy degmejek işe baş goşmaryn. Ulanmak isleýän güýçlerimi we beýleki adamlaryň kömegini özüme çekip üstünlige ýeterin. Beýlekilere kömek etmek isleýändigim sebäpli olary hem maňa kömek etmäne yraryn. Ähli adamlara garşy söýgi emele getirip, ýigrenç, gysgançlyk, egoistlik we göwün yetmezçilik duýgularymy aýyraryn, sebäbi beýlekilere görkezen erbet duýgularymyň maňa üstünlik getirmejegini bilýärin. Olaryň ynamyny gazanaryn we menem olara hem özüme ynanaryn. Bu formulany ýan depderçäme geçirerin we uly ynanç bilen günde bir gezek okaryn, şeýlelik bilen pikirlerime we hereketlerime täsir edip, özüne ynanýan we üstünlikli adam bolaryn.
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.